Iman esaslarynyň şerhi


Üçünji: Onuň (Alla tagalanyň) ybadatda



Yüklə 3,73 Mb.
səhifə2/4
tarix16.08.2018
ölçüsü3,73 Mb.
#63454
1   2   3   4

Üçünji: Onuň (Alla tagalanyň) ybadatda

ýekedigine iman etmek

Ol ýeketäk ybadata mynasyp bolan «Ilähdir». «Iläh» sözi «Çokunylýan» ýagny, söýgi we tagzym bilen «Ybadat edilýän zat» diýmekdir. Alla tagala aýtdy: «We siziň Ilähiňiz ýeketäk Ilähdir. Ol Rahman we Rahym bolan Alladan başga, (ybadata mynasyp) hiç-hili iläh ýokdur» (Bakara:163).

Ýene-de Alla tagala şeýle aýtdy: «Alla Özünden başga (ybadata laýyk) ilähiň (perwerdigäriň) ýokdugyna, adalaty dik tutup, şaýatlyk berdi. Perişdeler we ylym eýeleri hem (bu hakykaty ykrar etdiler). Gudraty güýçli we hikmet eýesi bolan, (Alladan) başga iläh ýokdur» (Äli-Imran:18).

Şunlukda, her bir Alla tagalanyň ýany bilen, ýene bir çagyrylýan we çokunylýan iläh tutunylan bolsa, ol iläh batyldyr (ybadata mynasyp däldir). Alla tagala aýtdy: «Bu Allanyň diňe Özüniň hakyky ilähdigi we olaryň Ony goýup, dileg edip çagyrýanlarynyň batyldygy, şeýle hem Allanyň diňe Özüniň iň Beýik we Uludygy sebäplidir» (Haj:62).

(Ol ybadata mynasyp däl zatlaryň) ilähler diýlip atlandyrylmagy, olaryň hak ilähdigini aňladýan däldir. Alla tagala «Lät», «Uzza» we «Manat» diýlen butlar barada şeýle diýdi: «Ol atlar (butlar) diňe siziň özüňiziň we ata-babalaryňyzyň goýan atlarydyr. Alla olara (ybadat etmek) hakynda, hiç-hili delil inderen däldir» (Nejm:23).

We Ýusup pygamberiň zyndandaky iki sany ýaranyna aýdan sözüni Alla tagala Kuranda şeýle rowaýat etdi: «...dürli görnüşli (ýaradylan, ýalan) ilähler ýagşymy ýa-da ýeke-täk El-Kahhar (Hökmürowan) bolan Alla (ýagşymy)? Siz Ondan (Alladan) gaýry, siziň we ata-babalaryňyzyň (toslap) dakan atlaryna (butlaryna) ybadat edýärsiňiz. Alla olara (ybadat etmek) barada, hiç bir delil indermedi ahyry» (Ýusuf:39-40).

Şonuň üçin, ähli pygamberler öz kowumlaryna şeýle diýerdiler: «Ýalňyz Alla ybadat ediň! Siziň üçin, Ondan başga (ybadata mynasyp) hak iläh ýokdur» (Agraf:59).

Emma müşrikler (Allaha ybadatda şärik goşýanlar) muny inkär edip, Alladan başga özlerine (ybadata mynasyp däl, ýalan) ilähler tutundylar. Olara Allanyň ýany bilen ybadat edýärdiler we olardan ýardam sorap, gyssananlarynda hem, kömek dileýärdiler.



Alla tagala müşrikleriň bu (ýalan) ilählerini, akly deliller (subutnamalar) bilen, puja çykardy:

Birinjisi: Olaryň (müşrikleriň) özlerine tutunan bu (ýalan) ilähleriniň hiç-hili ilähi sypatlary ýokdur. Olar aslynda ýaradylan zatlardyr, olar ýaradýan däldirler. Olar özlerine ybadat edýänlere hiç-hili peýda getirmeýärler we olardan hiç bir belany hem, dep etmeýärler. Olara ne ýaşaýyş, ne-de ölüm berip bilýärler?! Asmanlardaky zatlaryň biri hem, olaryň eýeçiliginde däldir we olar (Alla tagala bilen ol zatlara), şärik hem däldirler.

Alla tagala aýtdy: «Olar (müşrikler) Alladan özge hiç bir zady ýaratmadyk, gaýta özleri ýaradylan, özlerine zyýan ýa-da peýda bermäge güýji bolmadyk, şeýle-de öldürmäge, direltmäge we ölümden soň täzeden direltmäge başarnygy bolmadyk, ilähleri edindiler» (Furkan:3).

(Eý, Muhammet! Müşriklere) aýt: «Alladan başga (Alla şärik) goşýanlaryňyzy çagyryň! Olar ne asmanlarda, ne-de ýerde, zerre ýalyjak zada hem, eýeçilik edýän däldirler. Olaryň bu ýerlere (asmanlara we ýere) hiç hili şärikligi ýokdur. Şeýle hem (Allanyň) olar bilen, (bular ýaly zatlarda) hiç hili şärigi ýokdur. Allanyň huzurynda diňe Özüniň rugsat berenleriniň şepagaty, peýda berer» (Sebe:22-23).

«Hiç bir zady ýaratmaýan, aslynda özleri ýaradylan zatlary, Oňa (Alla) şärik goşýarlarmy?! Ýöne, şol şärik goşulýanlar, özlerine ybadat edýänleriň dadyna ýetişýän däldirler. Hatda, olaryň özlerine-de nepleri degýän däldir» (Agraf:191-192).

Indi bu (ýalan) ilähleriň haly beýle bolýan bolsa, olary iläh tutunmaklyk kemakyllylygyň we batylyň aňrybaşydyr.

Ikinjisi: Bu müşrikler Alla tagalanyň ýeketäk Rebdigini, Onuň Ýaradyjydygyny, ähli patyşalyk onuň elindedigini, Öziniň hemme zada hossarlyk edýändigini, Oňa bolsa hiç zadyň hossarlyk edip bilmeýändigini ykrar edýärdiler. Bu (ynançlar), Ony Reblikde (ýaratmakda, rysklandyrmakda) birleýişleri ýaly, ilählikde (Oňa ybadat etmekde) hem, birlemeklerini talap edýändir.

Edil Alla tagalanyň Kuranda aýdyşy ýaly: «Eý, ynsanlar! Takwalardan bolmagyňyz üçin, sizi we sizden öňküleri ýaradan Perwerdigäriňize ybadat ediň! Ol (Alla) ýeri, siziň üçin düşek (ýaşaýyş mekan), asmany hem (ýokaryňyzy ýapýan) tam edip goýdy. Asmandan suw (ýagyş) inderip, size rysgal bolsun diýip (ýerden dürli) miweler çykardy. Siz (bulary) bilip durkaňyz, hiç kimi Alla deňdeş tutunmaň!» (Bakara:21-22).

«Kasam bolsun! Eger-de olardan özlerini kimiň ýaradandygyny sorasaň, elbetde, «Alla» diýip aýdarlar. (Eýsem) onda name üçin, (Alla ybadat etmekden) ýüz öwürýärsiňiz?» (Zuhruf:87).

«(Eý, Muhammet! Müşriklerden): «Kim size asmandan we ýerden rysgal berýär ýa-da kim gulaklaryňyza, gözleriňize eýelik edýär?! Kim öliden dirini çykarýar we diriden ölini çykarýar hem-de kim ähli işleri dolandyrýar?!» (diýip, soranyňda), olar şolbada: «Alla» diýerler. (Onda sen olara) aýt: «Eýsem, (siz Alla boýun bolmazlykdan) gorkmaýarsyňyzmy?!». Ine, Ol Alla siziň hakyky Perwerdigäriňizdir. Hakdan gaýry, azaşmakdan başga näme bolup biler?! Şundan soň siz (ýeketäk Alla ybadat etmeklik hakdan ýüz dönderip, başga zatlara ybadat etmek üçin), haýsy tarapa öwrülýärsiňiz?!» (Ýunus:31-32).



Dördünji: Allanyň atlaryna we sypatlaryna

iman etmek

Alla tagala Özüni, Öz Kitabynda ýa-da Ilçisiniň -sallallahu aleýhi wesellemiň- sünnetinde (hadysynda), Ony nähili atlar we sypatlar bilen tassyk eden bolsa, (ol atlary we sypatlary) Oňa (Alla) laýyk görnüşde, üýtgetmän, inkär etmän, belli bir görnüş bermän we meňzetmän tassyk etmekdir.

Alla tagala aýtdy: «Allanyň gözel atlary bardyr. Ony şol atlary bilen çagyryň. Onuň atlary babatda hakdan azaşanlary terk ediň! Olar eden amallaryna görä jezasyny alarlar». (Agraf:180).

«Asmanlarda we ýerde iň beýik sypatlar Oňa (Alla) degişlidir. Ol Gudraty güýçlüdir, hikmet eýesidir». (Rum:28).

«Onuň (Allanyň) hiç hili meňzeşi ýokdur. Ol (ähli zady) eşidýändir (we) görýändir». (Şura:11).

Bu mowzukda (ýagny, Allanyň atlary we sypatlaryna iman etmekde) iki sany topar azaşandyr:



Birinjisi: «Mu’attyla» (Inkär edijiler). Bular Allanyň atlarynyň we sypatlarynyň ählisini ýa-da käbirini inkär etdiler. Sebäbi, olar: «Bulary Alla ýöňkemeklikde Ony birine meňzetmeklik bardyr» diýdiler. Ýagny: «Ýaradylanlary Alla meňzetmeklikdir» diýdiler. Bu söz birnäçe sebäplere görä, dogry däldir, batyldyr:

1. Bu sözler, Alla tagalanyň (Kuranda) aýdan sözlerinde, gapma-garyşylyk bar diýen ýaly, batyl zatlaryň bolmagyny talap edýändir. Çünki Alla tagala Özüne atlary we sypatlary ýöňkäp, Özüne meňzeş zatlaryň bolmagyny hem, inkär edendir. Eger Onuň Özüne ýöňkän (atlary, sypatlary) meňzemekligi talap edýän bolsa, Alla taglanyň sözlerinde gapma-garyşylyk we olar bir-birlerini ýalan saýýar diýildigi bolar.

2. Iki sany zadyň bir atda we sypatda deň geleni bilen, olaryň meňzeş boldygy däldir. (Mysal üçin,) Sen, iki sany şahsyň ynsanlykda, eşitmeklikde, görmeklikde we gürlemeklikde birdigini göreniň bilen, olar ynsanyýet manysynda, eşitmeklikde, görmeklikde we gürlemeklikde bir meňzeş bolmalydyr, diýilen zat ýokdur. Haýwanlaryň hem elleriniň, aýaklarynyň we gözleriniň bardygyny göreniň bilen, olaryň elleri, aýaklary we gözleri bir meňzeş bolmalydyr, diýilen zat ýokdur.

Ýaradylan zatlaryň öz aralaryndaky atlarda we sypatlarda birleşeni bilen, olaryň aratapawutlary açyk-aýdyň bolsa, onda Halyk (Ýaradyjy) bilen mahlugyň (ýaradylanyň) arasyndaky aratapawut hem, has beýikdir we aýdyňdyr.



Ikinjisi: «Muşebbihe» (Meňzedijiler). Bular Allanyň atlaryny we sypatlaryny tassyklap, olary mahluklara (ýaradylan zatlara) meňzedendirler. We: «Elbetde, bu (meňzetmeklik) (Kuran we Hadysyň) görkezýän manysydyr. Sebäbi, Alla tagala adamlara olaryň düşünýän zatlary bilen ýüzlenýändir» diýendirler. Bu söz, birnäçe sebäplere görä dogry däldir, batyldyr:

1. Alla tagalanyň Öz mahluklaryna (ýaradan zatlaryna) meňzeş bolmagyny din we akyl batyl (ýalan) saýýandyr. Onsoň «Kuran» we «Sünnetiň» (hadysyň) manysynyň batyl bolmagy, asla mümkin däldir.

2. Alla tagala adamlara, olaryň many taýdan düşünip biläýjek zatlary bilen ýüzlendi. Emma ol manynyň asyl hakykatyny we görnüşini, öz gaýybynda gizlin saklandyr. Hususanda, Özüne we sypatyna degişli zatlardyr.

Eger Alla tagala Özüne «Eşidiji» diýen bolsa, (özüne laýyk görnüşde eşidýändir). Elbetde, eşitmeklik many taýdan aýan zatdyr. Ol: «Sesleri eşitmeklikdir». Emma Alla tagalanyň eşitmeklik hakykaty hiç kime belli däldir. Hatda mahluklarda hem, eşitmeklik diýilen zat, özara aratapawut edýändir. Indi Halyk (Ýaradan) bilen mahlugyň (ýaradylanyň) arasyndaky aratapawut bolsa, has beýikdir we aýdyňdyr.

Eger-de Alla tagala Özüniň «Arşyň» üstüne «El-Istiwa» edenligi (göterilendigi, galanlygy) barada habar beren bolsa, (özüne laýyk görnüşde «Arşa» galandyr). Elbetde «El-Istiwa» asyl many taýdan düşnüklidir. Emma Alla tagalanyň Özüne mahsus «El-Istiwa»-nyň hakykaty (görnüşi, sypaty) bize belli däldir. Sebäbi, bir zada «El-Istiwa» etmekligiň (galmaklygyň) görnüşi mahluklaryň arasynda hem aratapawutlydyr. Çünki duran kürsiniň üstüne galyp oturmaklyk bilen, düýäniň eýerine kynçylyk bilen, galyp oturmaklyk tapawut edýändir.

Indi mahluklaryň arasynda bu zatlar aratapawut eden bolsa, onda Halyk (Ýaradan) bilen mahlugyň (ýaradylanyň) arasyndaky aratapawut hem, has beýikdir we aýandyr.



Ýaňky aýdyşymyz ýaly Alla tagala iman etmeklik möminlere birnäçe uly peýdalar berýändir. Bular:

1. Alla tagalany (Reblikde, ybadat etmekde, atlarynda we sypatlarynda) birlemeklik. Ýagny (Alladan edilýän umyt bilen) hiç kime baglanmaz. (Alladan gorkulýan gorky bilen) hiç kimden gorkmaz we Ondan başga zatlara doga-dileg we ybadat hem etmez.

2. Alla tagalany kämil söýgi bilen söýmeklik. Ony gözel atlaryna we beýik sypatlaryna laýyklykda tagzym etmeklik.

3. Onuň buýran zatlaryny edip we gadagan eden zatlaryndan hem gaça durup, Oňa ybadat etmeklik.

***

Perişdelere iman etmek

Perişdeler: Olar bize görünmeýän älemde bolan mahluklardyr (ýaradylan zatlardyr). Alla tagalanyň ýeketäk Özüne ybadat edýändirler. Olarda «reblik» (ýaratmak, dolandyrmak we ş.m.) ýa-da «ylahlyk» (ybadata mynasyplyk) sypatlary ýokdur. Olary Alla tagala nurdan ýaradandyr. (Alla tagala) Öz emrine kämil şekilde boýun bolmaklygy we olary bitirmekligi (perişdelere) peşgeş berendir.

Bu barada Alla tagala şeýle aýtdy: «Onuň ýanyndaky (perişdeler) Oňa ybadat etmekden ulumsylyk etmezler hem-de gaçmazlar. Olar gowşaklyk görkezmezden gije-gündiz (arman-ýadaman) tesbih ederler (Allany päklärler)» (Enbiýa:19-20).

Olar köp sanlydyr. Alladan başgalar olaryň sanlaryny sanap bilmez. Iki «Sahyh-da» (Buhary we Muslimiň hadyslar ýygyndy kitabynda) Enesiň rowaýat eden hadysynda gelişi ýaly Pygamber -sallallahu aleýhi wesellem- Migraj gijesi asmana göterilende beýtul-magmurda (asmandaky öýde) günde ýetmiş müň perişdäniň namaz okaýandygyny gördi. We ol perişdeler haçanda ondan çyksalar (nobatlarynyň ýetmesizligi sebäpli), gaýdyp oňa gelmeýärler.



Perişdelere iman etmek dört sany zady öz içine alýandyr:

1. Olaryň bardygyna iman etmek.

2. Olaryň içinde «Jebraýyl» ýaly, haýsysynyň adyny bilýän bolsak, oňa iman edýäris we adyny bilmedigimize hem, umumy iman edýäris.

3. Olaryň içinde «Jebraýylyň» sypaty ýaly, olaryň sypatlaryndan näme bilýan bolsak iman edýäris. Pygamber -sallallahu aleýhi wesellem- «Jebraýyly» ýaradylan sypatynda görendigini habar berendir. Çünki onuň gözýetimini baglap duran alty ýüz sany ganaty bardyr.

Alla tagalanyň «Jebraýyl» perişdäni, erkek adam şekilli görnüşde, (Isa pygamberiň ejesi) Merýeme iberişi ýaly, käte-käte perişde Alla tagalanyň emri bilen, adam şekiline-de girip bilýändir.

Ýene Pygamber -sallallahu aleýhi wesellem- haçanda sahabalary bilen otyrka, (Jebraýyl) ap-pak eşikli, gap-gara saçly, ýolagçy diýer ýaly däl halda gelip, özem sahabalardan biri hem ony şol wagt tanamaýardy. Ol Pygamber -sallallahu aleýhi wesellemiň- dyzyna dyzlaryny diräp, iki ellerini aýaklarynyň üstünde goýup, Pygamber -sallallahu aleýhi wesellemden- «Yslam, Iman, Yhsan, Ahyret güni we onuň alamatlary» barada sorandyr. We haçanda Pygamber -sallallahu aleýhi wesellem- oňa jogap bereninden soňra, ol ötä gidendir. Şonda Pygamber -sallallahu aleýhi wesellem-: «Ol Jebraýyl size diniňizi öwretmäge gelendir» diýdi (Sahyh Muslim).

Edil şonuň ýaly, Alla tagalanyň Ybraýym we Lut pygamberlere iberen perişdeleri hem, erkek adamyň sypatynda gelendirler.

4. Olaryň Alla tagalanyň emri bilen: «tesbih» edýändiklerine (Allany ähli aýyplardan päkleýändiklerine) we gije-gündiz Oňa arman-ýadaman ybadat edýändiklerine iman edýäris.

Olaryň käbirleriniň aýratyn etmeli amallary bardyr:

Jebraýyl: Alla taganyň berýän «wahyýsyna» Emin (amanatçyl, abat saklaýan) perişdedir. Ony Alla tagala wahyý bilen, pygamberlere we resullara iberýändir.

Mikaýyl: Ýagyş-ýagmyra we ösümliklere gözegçilik etmeklik, buýrulandyr.

Ysrafil: Kyýamat gopanda we adamlar täzeden direldilende surnaý çalmaklyk buýrulandyr.

Ölüm perişdesi: Ölüm sagady gelende ruhlary almak tabşyrylandyr.

Mälik: «Dowzah» odunyň gözegçisidir.

Ene ýatgysyndaky çagalara gözegçilik etmeklik, buýrulan perişdeler. Haçanda ene garnynda ynsanyň dört aýy dolanda, oňa Alla tagala perişde iberip, onuň ryzkyny, ölümini, amalyny we bagtly ýa-da bagtsyzdygyny, ýazmagy buýurýandyr.

Adamlaryň amallaryny ýat tutmaklyk we her bir adamyň amal depderçesini ýazmaklyk, buýrulan perişdeler. Olar iki sanydyr, biri sagynda beýlekisi bolsa çepindedir.

Dünýeden öten adamyny soraga çekmeklik buýrulan perişdeler. Haçanda adam gabryna jaýlananda, oňa iki sany perişde gelip, ondan Rebbi (ony ýaradan we onuň doga-dileg edip ýykylany) barada, onuň dini we pygamberi barada soraýandyrlar.

Perişdelere iman etmekligiň birnäçe uly peýdalary bardyr. Bular:

1. Alla tagalanyň, Onuň Kuwwaty we Soltanlygynyň beýikligini bilmeklik. Elbetde, mahlugyň (ýaradylanyň) beýikligi, onuň Halygynyň (Ýaradyjysynyň) beýikdigine delildir.

2. Alla tagalanyň adam ogly barada edýän aladasy üçin, Oňa şükür etmeklik. Çünki Ol, bu perişdelerden adamlary goramaklyk üçin, olaryň amallaryny ýazmaklyk üçin we ş.m. başga-da näçe peýdalary ýetirýän perişdeleri, gözegçi edip goýandyr.

3. Perişdeleriň ýeketäk Alla tagala ybadat edýänleri üçin, olary söýmeklik.

Käbir azaşanlar, perişdeleriň jisimdiklerini inkär edip: «Olar, ýaradylan zatlaryň içindäki gizlin we güýçli haýyrdyr» diýdiler. Çünki bu diýmekleri, Alla tagalanyň kitabyny we Onuň resulynyň sünnetini, musulmanlaryň hem ijmasyny (bir agyzdan goldan zadyny) ýalan saýmakdyr.

Bu barada Alla tagala şeýle aýtdy: «Ähli hamdy-sena asmanlary we ýeri ýokdan ýaradan, iki, üç we dört ganatly perişdeleri ilçiler eden, Alla mahsusdyr» (Fatyr:1).

«Perişdeler kapyrlaryň ýüzlerine we arkalaryna urup: «Dadyň bakaly‚ alawlap ýanmagyň azabyny!» diýip‚ olaryň janlaryny alanlarynda bir görsediň!» (Enfäl:50).

«...(Eý, Muhammet!) Sen bu zalymlary jan çekişýän (soňky deminde) wagtlary, (ajal) perişdeleriniň ellerini uzadyp, (olara): «Janlaryňyzy (ruhlaryňyzy) çykaryň! Siz bu gün Alla hakda hakykat bolmadyk (ýalan) zady aýdandygyňyz, Onuň aýatlaryny ulumsylyk (bilen inkär) edendigiňiz sebäpli, ryswa ediji azap bilen jezalandyrylarsyňyz» (diýenlerinde, ol kapyrlaryň ýagdaýyny) bir görsediň!» (Engam:93).

«Allanyň huzurynda diňe Özüniň rugsat berenleriniň şepagaty peýda berer. (Allanyň beýikligi sebäpli, haçanda wahy bilen gürlände, asmandakylar eşiderler we gorkydan ýaňa çaşarlar. Haçanda) ýüreklerinden gorky aýrylanda, olar (biri-birinden): «Perwerdigäriňiz näme diýdi?» diýerler. (Perişdeler bolsa): «Hakykaty aýtdy» diýerler. Ol örän Beýikdir, Belentdir» (Sebe:23).

Şeýle-de jennet ili barada Alla tagala şeýle aýtdy: «...(Jennete) her gapydan olaryň ýanyna perişdeler girerler hem-de: «Sabyr edeniňiz sebäpli, size salam bolsun! Diýaryň (dünýä ýaşaýşynyň ahyretdäki bagtly) soňy ne ajaýyp» (diýerler)» (Ragd:23-24).

«Sahyh Buharyda» Ebu Hureýräniň -Alla ondan razy bolsun- rowaýat etmeginde, Pygamber -sallallahu aleýhi wesellem- aýtdy: «Eger Alla bir gulyny söýse, Jebraýyl -aleýhis-selämi- çagyryp: «Hakykatdan-da, Alla pylanyny söýýändir, sen hem ony söý!» diýer. Jebraýyl hem (ol kişini) söýer, soňra Jebraýyl hem asmandakylara jar edip: «Hakykatdan-da Alla pylanyny söýýändir siz hem söýüň!» diýer, asmandakylar hem söýer, soňra oňa ýerde kabul ýazylar» (Buhary).

Ýene-de şol kitapda Ebu Hureýreden rowaýat edilmeginde, Pygamber -sallallahu aleýhi wesellem- aýtdy: «Eger juma güni bolsa, metjitleriň her gapysynda perişdeler durup, yzly-yzyna girenleri bir-birden ýazarlar, emma haçanda ymam (münbere) çykanda bolsa, sahypalary ýygnap, hutbany diňlemäge başlarlar» (Buhary).

Bu delillerde perişdeleriň jisimdigi we azaşanlaryň aýtmagy ýaly, olaryň magnawy (many) güýçler däldigi aýdyňdyr. Takyk, bu delilleriň (Kuranyň we Hadysyň) manysynyň üstünde musulmanlar bir agyzdan jemlenendir.

***


Kitaplara iman etmek

El-Kütüb: (Arap dilinde) kitap sözüniň köplügidir. Ýagny: mektub (ýazylgy) diýmegi aňladýandyr.

Bu ýerde onuň manysy: «Mahluklara (ýaradylanlara) rehmet, hidaýat üçin we olaryň dünýe we ahyret bagtyýarlyklaryna ýetmekleri üçin, Alla tagalanyň Öz resullaryna inderen kitaplarydyr».

Kitaplara iman etmek dört sany zady öz içine alýandyr:

1. Hakykatdan-da Alla tagala tarapyn inderilen kitaplardygyna iman etmek.

2. Atlary bize mälim bolan kitaplara iman etmek. Olardan: Muhammet -sallallahu aleýhi weselleme- inen “Kuran-y Kerim”, Musa pygamber -aleýhis-salama- inen “Töwrat”, Isa pygamber -aleýhis-salama- inen “Injil” we Dawut pygamber -aleýhis-salama- berilen “Zebur” ýaly, bize atlary mälim bolan kitaplardyr. Emma bize ady belli bolmadyklara bolsa, biz umumy iman edýäris.

3. Kuran-y Kerimiň beren habarlary ýaly we öňki inderilen kitaplardan üýtgedilmedik we ýoýulmadyk dogry bolan habarlary tassyk etmek, ynanmak.

4. Hökümi ýatmadyklara (aýatlara) amal etmek, onuň hikmedine (ylmyna, paýhasyna, sebäbine) düşünsek-düşünmesek ol hökümlerden razy bolmak we olara doly boýun bolmak we öňki inderilen kitaplaryň ählisi Beýik Kurany-Kerim bilen hökümleri ýatyrlandyr.

Alla tagala aýtdy: «Size bolsa (eý, Muhammet), özünden öňki kitaplary tassyklaýjy we olara «muheýmin» bolan bu Kitaby hak-rast hasyl etdik». (Mäide:48).

Aýatdaky «muheýmin» bolan diýdigi, ýagny: «höküm ediji» bolan manydadyr. Şunuň üçin hem, öňki kitaplardan dogrylygy belli bolan we Kurany-Kerimiň tassyk eden hökümlerinden başgalaryna amal etmek bolýan däldir.

Kitaplara iman etmeklik birnäçe peýdaly miweleri berýändir. Bular:

1. Her bir halka dogry ýola hidaýat edýän kitap inderip, Alla tagalanyň öz gullary baradaky (Özüne laýyk derejede) alada edýändigine gözýetirmek.

2. Her bir halklaryň öz hal-ahwallaryna görä kanunlar goýup, Alla tagalanyň şerigatynyň hikmedine (paýhasyna, ylmyna) göz ýetirmek.

Alla tagala aýtdy: «Siziň her bir milletiňiz üçin aýry-aýry şerigat hem ýol (menhej) goýduk». (Mäide:48).

3. Bu kitaplar üçin Allanyň nygmatyna (dilde, amalda, ýürekde) şükür etmek.

***


Resullara iman etmek

Er-Rusul: Arap dilinde «Resul» sözüniň köplügidir. Ol «Iberilen» manyny aňladýandyr. Ýagny, bir zady ýetirmeklik üçin goýberilendir.

Bu ýerdäki manysy: Adamlaryň käbirine şerigat bilen «wahyý» inderilip, ony hem adamlara ýetirmeklik buýrulan kişidir (ilçidir). Olaryň ilkinjisi Nuh we ahyrkysy Muhammet -sallallahu aleýhi wesellemdir-. Bu barada Alla tagala şeýle aýtdy: «Takyk, Biz, Nuha we ondan soňky pygamberlere wahyý inderişimiz ýaly, saňa-da wahyý inderdik» (Nisä:163).

We Sahyh Buhary-da Enes ibn Mäligiň –Alla ondan razy bolsun- «Şepagat bermeklik» barada, rowaýat eden hadysynda, Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellem- şeýle diýdi: «Adamlar (Kyýamat güni) Adam ata –aleýhis-selämiň- ýanyna baryp, olara şepagat etmegini sorarlar. Ýöne Adam ata olardan ötünç sorap: «Nuh –aleýhis-selämiň- ýanyna baryň (belki, ol size şepagat eder). Çünki ol, pygamberleriň ilkinjisidir» diýer...» (hadysdan bir bölek) (Buhary).

Pygamberimiz Muhammet –sallallahu aleýhi we sellem- barada Alla tagala şeýle diýdi: «Muhammet siziň araňyzdaky erkekleriň hiç haýsynyň atasy däldir. Ol Allanyň ilçisidir we iň soňky pygamberdir. Alla ähli zady bilýändir» (Ahzab:40).

Tä onuň kowmuna çenli, aýratyn şerigat bilen resul iberilmedik ymmat, ýa-da özünden öňki gelen resulyň şerigatyny täzelär ýaly, wahyý bilen iberilmedik pygamber galan däldir.

Bu barada Alla tagala şeýle aýtdy: «Kasam bolsun! Biz her bir ymmata: «Allanyň (ýeketäk özüne) ybadat ediň we (ondan başga ybadat edilýän) tagutdan daşlaşyň!» (diýen wahyý bilen) pygamber iberdik» (Nahl:36).

«Aslynda, arasynda duýduryjy (ägälendiriji pygamber) bolmadyk hiç bir millet ýokdur» (Fatyr:24).

«Takyk, Biz içinde nur we hidaýat bolan, Töwraty inderendiris. Alla boýun bolan pygamberler ýahudylara (Töwrat hökümleri) bilen höküm edýärdiler» (Mäide:44).

Resullar hem, ýaradylan adamlardyr. Olarda reblik we ilählyk aýratynlyklary ýokdur. Resullaryň başy we Allanyň huzurynda derejesi beýik bolan pygamberi Muhammet -sallallahu aleýhi wesellem- barada Alla tagala şeýle diýdi: «(Eý, Muhammet!) Sen aýt: «Alla islemese meniň hatda özüm üçin-de hiç zada güýjüm ýetmez. Ne bir peýda getirip bilerin‚ ne-de gelip biljek zyýany daşlaşdyryp bilerin. Diňe Allanyň isläni bolar. Eger gaýyby bilsedim‚ belki, has köp haýyr iş ederdim‚ ähli erbetliklerden goranardym. Onsoň hem men iman getirjek kişiler üçin diňe bir (dowzah azabyndan) ägälendiriji we (jennet nygmatlary hakynda) buşlaýjydyryn» (Agraf:188).

«(Eý, Muhammet!) Aýt: «Meniň size ne zyýan bermäge, ne-de (bir uly peýda berjek) dogry ýola salmaga güýjüm ýeter. Takyk, (eger Alla maňa, boýun bolmazlygym sebäpli, azap bermek islese) meni Allanyň (jezasyndan) hiç kim halas edip bilmez! Men Ondan başga sygnara ýer tapmaryn!». (Jyn:21-22).

Olara (Resullara) hem, kesel, ölüm, iýip-içgä bolan isleg we ş.m.., ýaly adamzadyň ýaşaýşyna degişli bolan zatlar degýändir. Alla tagala Ybraýym pygamberiň Rebbine eden waspy barada şeýle aýtdy: «Onuň Özi meni doýurar we suwdan gandyrar. Kesellesem, Onuň Özi şypa berer. Ol meni öldürer, soňra (kyýamat gününde gaýtadan) direlder». (Şugara:79-81).

We Pygamberimiz -sallallahu aleýhi wesellem- aýtdy: «Men hem siziň ýaly adamdyryn. Siziň unudyşyňyz ýaly, men hem unutýaryn. Eger unutsam ýatladyň!»

Alla tagala olary Özüne ybadat etmeklikde beýik derejelerinde we öwgi görnüşinde wasp etdi. Nuh pygamber barada Alla tagala aýtdy: «Ol şükürli guldy» (Isra:3).

Muhammet pygamber -sallallahu aleýhi wesellem- barada aýtdy: «Älemlere (ahyret azabyndan) ägälendiriji bolsun diýip, Furkany (Kurany) öz bendesine (Muhammede) inderen Alla örän bereketlidir» (Furkan:1).

Ybraýym, Yshak, we Ýakup -aleýhis-selamlar- barada şeýle aýtdy: «(Eý, Muhammet!) Gujur-gaýratly we akyl-paýhasly bendelerimiz bolan Ybraýymy, Yshagy we Ýakuby ýadyňa sal! Biz olary ýöriteläp, (ahyret) diýaryny ýatlap ýören yhlasly (bendelerimiz) etdik. Takyk, olar Biziň ýanymzyda saýlama ýagşy bendelerdendir» (Sad: 45-47).

We Merýem ogly Isa barada şeýle aýtdy: «Ol diňe özüne (pygamberlik) nygmaty berlen we ysraýyl ogullary üçin görelde edilip ugradylan bendedir» (Zuhruf:59).

Resullara iman etmek dört sany zady öz içine alýandyr:

1. Olaryň pygamberlikleriniň Alla tarapyndan hakdygyna iman etmeklik. Kimde-kim olaryň biriniň pygamberligini inkär etse, olaryň baryna kapyr bolandyr. Alla tagala aýtdy: «Nuhuň kowumy hem pygamberleri ýalançy hasapladylar» (Şugara:105). Haçanda ony ýalançy saýanlarynda, ondan (Nuhdan) başga pygamber ýokdy. Ýöne şonda-da Alla tagala olary, ähli resullary ýalançy saýanlardan etdi.

Şonuň üçin hem, Muhammet -sallallahu aleýhi wesellemi- ýalançy saýan we oňa eýermedik hristiýanlar, Merýem ogly Isa Mesihy hem, ýalançy saýyp oňa eýermediklerdir. Hususanda ol (Isa), Muhammet -sallallahu aleýhi wesellem- barada olary buşlap gidendir. Çünki bu buşlugyň manysy: «Eger oňa iman edip, eýerseler. Alla onuň bilen olary azaşmaklykdan halas edip, dogry ýola hidaýat etjekdir».



Yüklə 3,73 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   2   3   4




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©genderi.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

    Ana səhifə