Iordaniýada ýokary bilim we aspirantura



Yüklə 45,19 Kb.
tarix05.10.2017
ölçüsü45,19 Kb.
#3494

Iordaniýada ýokary bilim we aspirantura
Gysgaça mazmuny
Şu makala ýokary bilim ulgamyna degişli käbir maglumatlardan ybaratdyr. Birinji – Ýokary bilimiň akkreditasiýasy boýunça iş topary, onuň maksatlary we ygtyýarlyklary. Ikinji – akademiki bilimiň 3 basgançakly ulgamy: bakalawr, master, ylymlaryň doktory. Üçünji – 2005-2006-njy ýyllarda ýokary bilim ulgamyna girizilen täzelikler, şeýle hem ylmy barlaglar bilen bagly meseleler. Dördünji – Iordaniýanyň Ýokary bilim we ylmy barlaglar ministrliginiň gurluşy, aýratyn bölümleriň wezipeleri we ygtyýarlyklary. Bäşinji – kanunçylygyň meseleleri: Köne we wagtlaýyn kanunlaryň ýatyrylmagy, täze kanunlaryň ratifikasiýa edilmegi (makullanylmagy).
Giriş
Geçen iki onýyllykda Iordaniýada ýokary bilim hiline we mukdaryna täsir etmek bilen mazmuny, okatmagyň maksatnamalary we usullary boýunça aýgytly ösýär. Hususy we döwlet uniwersitetleriniň hödürleýän maksatnamalaryna olaryň ýokary bilimiň garaýyşlaryny, maksatlaryny we wezipelerini ýerine ýetirmekde netijeliligine baha bermek üçin Ýokary bilim boýunça geňeş, Akkreditasiýa boýunça iş topary we Ylmy barlaglar boýunça ýokary komitet tarapyndan gözegçilik edilýär.

Iordaniýa äşgär ösüş gazandy we pan-arap hem-de sebit derejesinden tapawutlanýar. Häzir çäklendirilen maliýe mümkinçiliklerine garamazdan Iordaniýa esasan hem hünärmenleri taýýarlamak boýunça halkara derejesine çykmak üçin ähli mümkinçilikleri döredýär. Ýarym asyrdan gowrak wagtda Iordaniýa ýokary okuw mekdepleriniň ösüşini gazandy. Iordaniýa ýokary okuw mekdepleri ykdysady ylymlara, bilim maksatnamalaryny meýilnamalaşdyrmagyň tilsimatlaryny ulanmaga aýratyn üns bermek bilen bilimiň, esasan hem ýaşlaryň biliminiň derejesini ýokarlandyrýar. Şu maksat bilen Iordaniýa bilimiň hilini we köpdürlüligini gazanmak üçin ýokary bilim pudagynda mydama üýtgeşmeler geçirýär. Köp ýyllaryň dowamynda Iordaniýanyň ýokary okuw mekdepleri akademiki we hünärmen-tehniki bilimiň arasyndaky deňagramlylygy tapmak üçin synanşyk edýärler.

Ýokary bilim we ylmy barlaglar ministrliginiň geljekki baş maksatlary:


  1. Ýokary bilim ulgamyny dolandyrmagy gowulandyrmak.

  2. Ýokary bilim ulgamynyň hilini gowulandyrmak.

  3. Ylmy barlaglaryň hilini we ýokary bilim edaralarynyň ähmiýetini ýokarlandyrmak.

  4. Iň oňat halkara tejribesine laýyklykda maglumatlaryň ýokary hilli milli binýadyny üpjün etmek, Ýokary bilim we ylmy barlaglar ulgamynda yzygiderli barlaglary alyp barmak.

Ministrlik ýokary bilim we ylmy barlaglar boýunça baş ugry ösdürýär. Onuň esasy ugurlary Iordaniýa uniwersitetlerine okuwa kabul etmegiň ýörelgelerini, okuw maksatnamalaryny we meýilnamalaryny, hünärmenleri taýýarlamagy, uniwersitetleri dolandyrmagy, bilimiň hilini we kanunçylyk binýadyny üpjün etmegi öz içine alýar.
Okuwa kabul etmegiň hili (Ýokary bilimiň akkreditasiýasy boýunça iş topary)
Akkreditasiýa ähli işleriň özeni bolup durýar. Ol hil we artykmaçlyklar üçin esasy döredýär. Şeýlelikde, ol ilkibaşda dürli gulluklar we guramalar üçin döredildi we niýetlenildi, ýöne mydama iki maksatdan ugur aldy. Birnäçe düzgünnamalar, gözükdirijiler we ülňüler (standartlar) Iordaniýanyň hususy uniwersitetleriniň hile we artykmaçlyklara gönükdirilen islendik ösüşden edilýän esasy talap bolan gözegçilik astynda bolmagy üçin döredildi. Ýokary bilim we ylmy barlaglar ministrliginiň bir bölegi hökmünde şu wagta çenli bu jogapkärçiligi öz üstüne alan Akkreditasiýa boýunça geňeş 2007-nji ýylyň iýulynda ýapyldy. Onuň deregine 2007-nji ýyldaky 20-nji Kanun bilen Ýokary bilimiň akkreditasiýasy boýunça iş topary esaslandyryldyr. Iş toparynyň geňeşi prezidentden, wise-prezidentden, iki hakyky agzadan, üç utgaşdyryjy agzadan ybaratdyr, Ähli agzalaryň ýokary akademiki we edara ediş hünär derejesi bar.

Kanuna laýyklykda, Iş toparynyň edara ediş we maliýe özbaşdaklygy bar. Onuň üçin esasy wezipeleri bolýan birnäçe meseleler goýulýar. Kanunda Iş toparynyň maksatlary ýokary bilimiň hilini ýokarlandyrmak we kepillendirmek, açylmaly we halkara ylmy-barlag edaralary we akkreditasiýa boýunça iş toparlary bilen hyzmatdaşlyk etmeli uniwersitetleri goldamak, dünýäde ykrar edilen ülňüleriň esasynda Iordaniýada ýokary bilimi döwrebaplaşdyrmakdyr diýilýär. Iş toparynyň geňeşi ýokary bilim edaralarynyň auditi (barlagy), baha berlişi, akkreditasiýasy üçin; kadalaşdyrmagyň ähli kadalaryna laýyklygyna göz ýetirmek üçin; ýokary bilime degişli maglumatlary we barlaglary ýygnamak; prezidentiň (rektoryň) we komitetleriň hasabatlaryny hem-de barlaglara, okuwlara we neşirlere degişli meseleleri makullamak üçin degişli ülňüleri işläp düzmäge hukuklydyr.

Komitetiň has giň kanuny hukugynyň bardygy bellidir. Birinjiden, onuň hususy we döwlet uniwersitetleri, şeýle hem ähli bilelikdäki (daşary ýurt - iordan) ýokary okuw mekdepleri boýunça ygtyýarlyklary bar. Muňa ýene 10 sany döwlet uniwersitetleri degişli. Häzir uniwersitetleriň umumy sany 26-dyr. Şu maksat üçin goşmaça işleriň we tagallalaryň gerimini göz öňüne getirmek kyn däl.

Ikinjiden, Iş toparynyü üstüne öňki ýaly diňe çäklendirilen pudaklarda goýberiş testini ulanmak dälde, eýsem beýleki ýagdaýlar bilen birlikde ähli ugurlar boýunça okuwa girmek we diplom almak üçin ulanylýan ülňüleşdirilen testleriň ähli görnüşlerini işläp düzýün we ulanýan Barlaglaryň milli merkezini döretmek we ony dolandyrmak ýüklenendir. Eýýam düzgünleriň we kadalaryň toplumy düzüldi, komitetler işlemek üçin taýýar edildi. Daşary ýurtly talyplar üçin arap dilini bilişini barlamak üçin testler we ukyplaryny barlamak üçin testler öňünden meýilleşdirildi.

Üçünjiden, Iş topary edaralaryň ähli kadalary berjaý edýändigine göz ýetirmek üçin iň oňat serişdeleri we usullary ulanýar. Iş topary birnäçe ülňüleriň esasynda bu uniwersitetleri öwrendi hem-de olara deslapky bahalary berdi we hünär derejesini kesgitledi. Bu iş uniwersitetleri öz syýasatyny gaýtadan seretmäge, özlerine baha bermek boýunça öz içki taslamalaryny işjeňleşdirmäge, şeýle hem öz işlerini gowulandyrmaga meýillendirmek bilen öz netijelerini berýär. Ulgam mümkin boldugyça has anyk işlenip düzülmeli we gowulandyrylmaly. Beýleki tarapdan 2007-nji ýylyň awgustynda Iş topary uniwersitetleriň wekilleriniň gatnaşan we tutuşlygyna uniwersitet boýunça, islendik maksatnama ýa-da okuw boýunça hasabatlary taýýarlamak üçin mümkünçilikleri kesgitlemegiň we edara dolandyryşynyň hilini ýokarlandyrmagyň usullary barada maglumat beren maslahatyny geçirdi. Maslahat oňa gatnaşanlaryň köpüsi üçin olaryň aňyny täze taglymatlar we tejribeler bilen baýlaşdyran şamçyrag boldy. Elbetde, bu ugurda entek köp zat edilmeli. Şeýle maksatlar bilen Iş topary hünärmenlere auditi, baha berişi we öz-özüňe baha beriş boýunça hasabatlary taýýarlamagy öwretmek; okuw işlerine hili toplumlaýyn dolandyrmagy girizmek we ony fakultetiň işgärleriniň esasy işleriniň birine öwürmek, netijede bilimiň we tejribäniň ýokary hiliniň medeniýetini işläp düzmek üçin şeýle maslahatlary köpräk guramagy meýilleşdirýär. Ýokarda görkezilenleri doly amala aşyrmak maksady bilen Iş topary ýokary okuw mekdepleriniň içinde milli we halkara esaslary kabul etmek üçin hil we içki audir boýunça bölümleri döretmek barada Perman çykarmagy meýilleşdirýär.

Dördünjiden, Iş topary öwrenmegiň täze ugurlaryny kesgitlemek üçin akkreditasiýanyň ülňülerini işläp düzmeli. Sany 50-den gowrak ugurlar we täze ugurlar iş topary tassyklamazdan öň Bilim boýunça ýokary geňeşiň ygtyýarnamasyny almak üçin öwrenilýär. Ilki bilen, muňa lukmançylyk degişli. Iş topary halkara kadalaryna, esasan hem ýewropanyň kadalaryna esaslanýan şeýle ülňüleri işläp düzmek boýunça komitetleri döretmegi meýilleşdirýär hem-de onuň üçin bu ugurdaky ýewropa hünärmenleriniň kömegine daýanýar.

Öňde duran wezipeler uly. Ýöne Iş topary şu wezipäni ýerine ýetirmek üçin döredildi, onda-da zerur bolan maliýe we hünär gollawsyz, Iş topary öz işini tarpdan başlady. Has takygy, Iş topary öz işini Test geçirmek boýunça milli merkeziň özenini düzýän ülňüleşdirilen testleri düzmäge kömek bermek hem-de akkreditasiýanyň, esasan hem lukmançylyk boýunça, hereket edýän ülňülerini gowulandyrmak we täze ülňüleri işläp düzmek, Iş toparynyň işine täzelikler girizmek we olary amal etmek üçin dürli ugurlar boýunça hünärmenleri ýygnamakdan başlady. Mundan başga-da, Iş topary ýokary bilim edaralaryndan şu meseleler bilen bagly dürli maslahatlary geçirmek we olara gatnaşyjylary, ýagny menejerleri, bilermenleri (ekspertleri) we auditleri okatmak üçin zerur bolan hili toplumlaýyn dolandyrmaga, içki audite we öz-özüňe baha berlişe jogap berýän bölümleri döretmegi talap etmegi meýilleşdirýär. Ýokarda görkezilen işleriň käbir görnüşleri üçin birnäçe hepde gerek bolar, käbirlerini bolsa gaýtalamaly bolar. Şeýlelikde, ekspertler we mugallymlar örän zerur.

Üç tapgyrly ulgam
Iordan uniwersitetlerinde ýokary bilimiň esasy çäkleri 3 derejä (basgançaga) eltýän 3 tapgyrdan ybaratdyr: ylymlaryň bakalawry (Y.B.) ýa-da sungat bakalawry (S.B.), ylymlaryň masteri ýa-da sungat masteri (Y.M. ýa-da S.M.) we ylymlaryň doktory (Y.D.) ýokary alymlyk derejesi. YB ýa-da SB dersleriniň köpüsi üçin 4 ýyllyk okuw gerek bolýar, YM ýa-da SM üçin 1,5 ýa-da 2 ýyllyk okuw hem-de YD almak üçin 3 ýyllyk okuw zerurdyr. Zerur bolan akademiki sagatlara geçirilende YB ýa-da SB üçin 130-160 akademiki sagat, YM ýa-da SM üçin – 30-33 akademiki sagat hem-de YD üçin 54 akademiki sagat gerek bolýar. Dereje almagyň talaplarynyň bölegi hökmünde YM talybyň tezis (dissertasiýa) taýýarlamagyny, YD bolsa talybyň dissertasiýa taýýarlamagyny talap edýär.

Iordan jemgyýeti esasan maglumat tehnologiýalary we san aragatnaşyklary boýunça ösüşiň gazanan bilimlerini ýaýratmak boýunça oňyn hem aýgytly işe girişdi. Iordaniýa adamzadyň umumy dereje we ýokary bilim derejesi boýunça maksatnamalary meýilnamalaşdyrmagyň we ýerine ýetirmegiň ykdysady meselelerini bilmek bilen bagly bar bolan mümkünçiliklerini ösdürmegiň wajyplygyna ynanýar.

Ýokary bilim ministrliginiň maksatlary: bilimiň tutuşlygyna ýeten ýokary derejeleriniň gazananlaryny elýeterli etmek üçin Iordaniýanyň ýokary bilim derejesini ösdürmek; bilimiň bilimleri geçirmek işinde ähmiýetini ýokarlandyrmak. Şeýle maksatlara jemgyýetiň häzirki we geljekki talaplaryna laýyk gelýän, berk ykdysady ösüşiň ýerine ýetirilişine ýardam edýän hem-de sebit we halkara derejesinde ýerine ýetirmäge mümkünçiligi bolan bilimiň ýokary hilli ulgamynyň, bilimiň ähli ugurlary boýunça ýokary ahlakly we aň-düşünjeli işgärleriň bolan ýagdaýynda ýetmek mümkin. Şu ýörelgeleri amala aşyrmak maksady bilen geçen birnäçe ýylda dürli fakultetleriň we bölümleriň okuw meýilnamasy gowulandyryldy ýa-da üýtgedildi.
Uniwersitetiň derejesiniň ikinji basgançagy: Aspirantura
Ylymlaryň masteri derejesi döwlet uniwersitetleri, şeýle hem ýokary bilim baradaky diplomy, masterlik we doktorlyk derejelerini berýän bir hususy uniwersitet (diplom barlaglary boýunça Amman arap uniwersiteti) tarapyndan berilýär. Mater derejesi bakalawr derejesinden soňra 2 ýyllyk okuwyň netijesinde berilýär. Ol ýyllyk işini ýa-da tezisi (okuwyň 24 akademiki sagady we ylmy barlaglaryň 10 akademiki sagady) ýa-da ýyllyk işi (33 akademiki sagat) we synag tabşyrmak boýunça berlip bilinýär. Dalaşgärleriň bakalawr derejesi we azyndan "ýagşy” bahasy bolmaly.

Käbir Iordan uniwersitetlerinde beýleki aspirantlyk derejeleri master derejesine deňleşdirilýär, Meselem Iordaniýanyň German uniwersitetinde magistr derejesi, bilimiň fransuz ulgamyna eýerýän uniwersitetlerde DEA derejesi, wajyp iş tejribesi bolan talyplar üçin MBA.



Uniwersitet derejesiniň üçünji basgançagy: Doktor
Doktor derejesi döwlet uniwersitetleri we bir hususy uniwersitet tarapyndan 3 ýyldan 5 ýyla çenli okuwdan we dissertasiýa ýazandan soňra berilýär. Derslere baglylykda ýyllyk işiniň 24 akademiki sagady we ylmy barlaglaryň 24 akademiki sagady. Dalaşgärleriň pesinden master derejesi we “örän ýagşy” bahasy bolmaly.
Hiliň kepili
Taýýarlaýyş işiniň hiliniň kepili boýunça çäreleriň häzirki wagtda 3 esasy çemeleşmesi kesgitlenildi:

  • Ýokary hünär derejesinde synag tabşyrmak. 2005-2006-njy ýyllar esasy dersleri: mehaniki, edara ediş, elektrik, kompýuter inženerçiligi, maglumat tehnologiýasy we buhgalteriýa – saýlamakda güýçlendirilen ilkinji ýyllar boldy. Ähli bölümleri barlamak meýilleşdirilýär. Bu hökmany synagy diplom almazyndan öň her bir talyp (hususy ýa-da döwlet ýokary okuw mekdebiniň talyby) tabşyrmaly. Bu hasap/hasap däl görnüşinde bolman, eýsem talybyň hasap wedomostyna girizilýän netije bahasydyr.

  • Häzir hususy uniwersitetleri çäklendirýän ýagdaý bolan akkreditasiýa bilim işlerine çykdaýjylara, meselem, talyplaryň mugallymlara, talyplaryň laborantlara we talyplaryň uniwersitetiň umumy düzümine gatnaşygyna gözegçilik edýär. Ýöne Ýokary bilim we ylmy barlaglar ministrligi hususy uniwersitetleriň ülňüleriniň iň az derejesine gözegçilik edýär. Bu gözegçilik döwlet uniwersitetleri babatda ulanylmaýar.

  • Şu ýyl ABET guramalary tarapyndan akkreditasiýa edilen döwlet uniwersitetleriniň ähli mümkünçiliklerini işläp düzmek üçin täze maksatnama işe girizildi. Ýokary bilim we ylmy barlaglar ministrligi golaýda işe girizilen we 3-4 ýyla çekjek bu taslamany akkreditasiýa doly ýerine ýetirilýänçä maliýeleşdirýär.


Ylmy barlaglar

Iordaniýanyň ýokary bilimine degişli meseleleriň biri hem uniwersitetleriň akademiki işgärleriniň ylmy-barlag işleridir. Özbaşdak barlaglary we žurnallaryň azlygyna garamazdan – adatça žurnallar daşary ýurt we iordan uniwersitetleri tarapyndan çap edilýär – işleri köp neşir etmegi goldamaga gönükdirilen özbaşdak barlaglar üçin höweslendiriji baýraklar yzygiderli tölenýär.

Ylmy barlaglar, esasan hem kyn we uly gerimli barlaglar bilen meşgullanýan işgärler öz işleri boýunça okatýarlar. Soňky döwürde okatmak üçin işgärleriň köpeldilendigi we ylmy barlaglar üçin zerur bolan wagtyň gysgaldylandygy sebäpli talyplaryň sany has köpeldi. Şeýlelikde, 2003-nji ýylda professor-mugallymlar düzüminiň 0,4 % ylmy barlaglar üçin niýetlendi (azyndan 3-den 1-ni goýan uniwersitetler üçin), ylmy-barlag işlerini geçirmek üçin maliýeleşdirmegiň bellenen çeşmeleri ýok (hususy goýumlar bolsa has az) şeýle hem milli ylmy-barlag işleri utgaşdyrylmaýar.

Şeýlelikde, Iordaniýanyň uniwersitetleriniň goýberişi çap edilen ylmy-barlag işleriniň görkezijileri boýunça pesdir, onuň YD derejesiniň her bir eýesi üçin ortaça 0.57 çap kagyzyndan geçmezligi meýilleşdirilýär. Muňa garamazdan, işler barha ösýär we geljekki 20 ýylda inženerçilik, oba hojalygy we ykdysadyýet boýunça iki esseden hem köp öser hem-de lukmançylygyň we sanitariýanyň ähmiýeti hem öser diýip çaklanýar.


Milli dolandyryş
Ýokary bilim we ylmy barlaglar ministrligi
Ýokary bilim we ylmy barlaglar ministrligi golaýda 2001-nji ýylda döredildi. Ol beýleki aşakda görkezilen ýokary derejedäki guramalar bolan Ýokary bilim boýunça geňeşi we Bilimiň akkreditasiýasy boýunça ýokary geňeşi özüne birleşdirýär.

Ýokary bilim we ylmy barlaglar ministrligine Hökümetiň hormatly agzasy bolup durýan Ministr ýolbaşçylyk edýär. Ministrlik ýokary bilim ulgamyna hem-de oňa gözegçilik edýän we utgaşdyrýan dürli gulluklara syýasy ýolbaşçylygy üpjün edýär. Ministrlikde 200-den gowrak adam işleýär we ol aşakdaky görnüşde guralandyr.




Ýokary bilim boýunça geňeş
Ýokary bilim boýunça geňeş köne gurama, ol 1982-nji ýylda esaslandyryldy we uniwersitetler, ýerli kollejler we olaryň ösüşi bilen bagly meseleler boýunça kararlar kabul etmäge jogapkär hereket edýän ýerine ýetiriji edaradyr. Meselem, täze hususy uniwersitetleri ýa-da hususy uniwersitetleriň çäginde täze maksatnamalary döretmegiň zerurlygy barada arza bolsa, Geňeş bu işleri kadalaşdyrmak üçin ülňüleri taýýarlaýar. Geňeş döwlet uniwersitetleriniň arasynda gaznalary paýlamak meselesini hem çözýär, ähli (hususy we döwlet) uniwersitetleri üçin islendik ýylda ulanylýan giriş standartlaryny we talyplaryň rugsat edilýän mukdaryny kesgitleýär. Bu meseleler boýunça kararlar kabul edilenden soňra olar Ýokary bilim we ylmy barlaglar ministrligine ýerine ýetirmäge geçirilýär. Döwlet uniwersitetleriniň ähli jogapkärli işgärleri Ýokary bilim boýunça geňeşiň, şeýle hem hususy uniwersitetleriň razylygy bilen bellenýär.

Göräýmäge gurluşa laýyk gelmeýän bu ýagdaý üçin karar kabul edýän we olary ýerine ýetirmek üçin Ministrlige geçirýän ýarym garaşsyz geňeş bilen bagly düşündiriş bar. Mundan başga-da Geňeşiň başlygy Ýokary bilim ministri bolýar, şonuň üçin hem bu gurluş görnüşi ýaly kän bir ýalňyşam däldir. Beýleki tarapdan, Geňeşe Ministriň ýilbaşçylyk etmegi beýleki ulgamlardaky şeýle geňeşlerde bar bolan bir esasy artykmaçlygynyň, has takygy hökümetden we syýasy işlerden garaşsyzlygynyň bolup bilmeýändigidir.


Ýokary bilimiň akkreditasiýasy boýunça geňeş
Eger Ýokary bilim boýunça geňeşiň täze uniwersitetleri döretmek üçin ygtyýarnama bermäge, şeýle hem degişli hususy uniwersitetlerde täze maksatnamalaryň bellenmegini ygtyýarlandyrmaga ygtyýarlyklary bar bolsa, onda Ýokary bilimiň akkreditasiýasy boýunça geňeşiň wezipesi uniwersitetleriň ygtyýarlandyrma boýunça ülňüleri berjaý edýändigine we uniwersitetleri ýa-da maksatnamalary tassyklap boljakdygyna göz ýetirmekden ybaratdyr. Ýokary bilimiň akkreditasiýasy boýunça geňeşiň işi kabul etmegiň iň pes standartlary bilen laýyklygyny: jaýlaryň, giňişligiň we işgärler düzüminiň talyplara bolan gatnaşygyny deňeşdirmek bilen çäklendirilendir. Bu borçlar hödürlenýän hile baha bermekden ýa-da umuman hili köpeltmekden giň däldir. Mundan başga-da Iordaniýanyň ýokary biliminde baha berlişiniň hili näbelli däldir. Köp uniwersitetleriň içki baha beriş ulgamy bar, şeýle hem Iordaniýanyň uniwersitetleri PROON tarapyndan arap sebitinde hile baha beriş boýunça umumy hadysalaryň we gurluşlaryň ösüşini derňemek üçin maliýeleşdirilýän ýokary bilim boýunça üstünlikli işleýän taslama gatnaşýarlar.

Hünärmenleri taýýarlamak boýunça ýokary geňeş
Häzirki we geljekki ösüş Hünärmenleri taýýarlamak boýunça ýokary geňeşi döretmäge gönükdirilendir, bu Iordaniýada ähli derejelerde bilime we okuwa jogap berýän dürli guramalaryň işlerine we ösüşine gözegçilik etmek hem-de olary utgaşdyrmak üçin göz öňünde tutulýan ähliumumy gurama bolar.
Ylmy barlaglar
Iordaniýada birnäçe ylmy barlaglar üçin jogap berýän guramalar bar, ýöne olaryň arasyndaky utgaşyk uly däldir, uniwersitetlerde ylmy barlaglaryň ösüşini goldamak ýa-da utgaşdyrmak üçin, şeýle hem gaznalar boýunça teklipleri gözlemek we seçip almak boýunça hiç hili gurama ýok. Baş ugur boýunça meýilnamalary ýerine ýetirmek üçin gaznalary we gurluşlary bolan ylmy barlaglaryň ugruny hiç kim öňünden kesgitläp bilmeýär. Şonuň netijesinde Iordan uniwersitetleriniň ylmy gazananlary bolmalysy ýaly güýçli däl. Ýokary okuw mekdeplerinde ylmy barlaglar üçin jogapkär esasy guramalar:


  • Ylmy barlaglar boýunça milli geňeş.

  • Patyşanyň ylmy jemgyýeti.

  • Ylym we tehnologiýa boýunça ýokary geňeş.

Ylmy we tehnologiýa boýunça ýokary geňeş Iordaniýada ylmyň we tehnologiýanyň ösüşine ýardam bermek üçin 1987-nji ýylda döredildi. Bu sekiz ministrden we Iordaniýanyň ýaragly güýçleriniň serkerdebaşysyndan durýan hem-de Onuň Alyhezretleri şazada Hassan tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän ýokary derejedäki guramadyr. Ylmy barlaglaryň taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin býutjetiniň barlygyna garamazdan ol ekspert guramasy däldir we onuň teklipleri açmak, olary kabul etmek we deňeşdirmek (ýagny seçip almak) üçin zerur bolan bölümleri ýokdyr.

Milli geňeş Ministrlik tarapyndan döredilen guramadyr, Onuň esasy wezipesi häzirki ulgamyň ýerini tutjak kesgitlenen we bellenen ugur boýunça täze milli žurnallary döretmekden, guramakdan we ösdürmekden ybaratdyr; uniwersitetlerde ylmy barlaglaryň gözegçilik serişdeleri boýunça žurnallarda ähli ugurlar boýunça makalalar çap ediler. Bu onuň deregine haýsy gurluşyň geljegine garamazdan geljekde dowam etdirilmeli we ýerine ýetirilmeli zerur bolan wezipedir.

Patyşanyň ylmy jemgyýeti, hakykatdan, okuw jemgyýetidir, sebäbi özi ylmy barlaglary geçirýär we Iordaniýada ylmy barlaglary maliýeleşdirmek we kadalaşdyrmak boýunça hökümet gurluşynyň bölegi hökmünde seredilmeýär.


Kanunçylyk
Iordaniýada ýokary bilim ulgamyny kadalaşdyrýan kanunçylyk bilen bagly häzirki ýagdaý birneme bulaşdyrylandyr, sebäbi wagtlaýyn häsiýetli birnäçe kanunlar we kanunlaryň taslamalary bar. Her bir döwlet we hususy uniwersitet beýleki ýurtlar üçin tejribe bolan öz kadalaşdyryjy düzgünlerine esaslanýar. Mundan başga-da, birnäçe beýleki ýatyrylmadyk, ýöne birnäçe wagt bäri ulanylmaýan hem-de öz gezeginde Parlament tarapyndan kabul edilmedik wagtlaýyn kanunlar bilen çalşylan kanunlar bar. Iordaniýanyň Geňeş tarapyndan kabul edilen konstitusiýasyna laýyklykda Parlament tarapyndan ara alyp maslahatlaşylmaýan, ýöne ulanylmagy has zerur bolan wagtlaýyn kanunlary ulanmaga rugsat berilýär.

Hereket edýän gurluş kanagatlanarly däl we alasarmyk ýagdaý döredýär, eger ýokary bilimi kadalaşdyrýan kanunçylyk tertipleşdirilse we öňki gutarnykly we wagtlaýyn kanunlar ýatyrylsa örän peýdaly bolar.



Ýokary bilim we ylmy barlaglar ministrligi tarapyndan 2001-nji ýylda 41 belgi bilen kabul edilen Iordaniýadan ýokary bilimi kadalaşdyrýan esasy Kanun ýokary bilimiň ähli ulgamyny dolandyrýar. Kanun şeýle hem Ýokary bilim boýunça geňeşiň, Ylmy barlaglar boýunça ýokary komitetiň we Ýokary bilimiň akkreditasiýasy boýunça geňeşiň işlerini hem göz öňünde tutýar.
Salgylanmalar:
Ýokary bilimiň işini kadalaşdyrýan esasy kanunlaryň sanawy:


  1. 2001-nji ýyldaky 41 belgili Ýokary bilim baradaky kanun.

  2. 2005-nji ýyldaky 4 belgili karar: Ýokary bilim.

  3. 2001-nji ýyldaky 43 belgili karar: Hususy uniwersitetler.

  4. 2001-nji ýyldaky 42 belgili karar: Döwlet uniwersitetleri.







Yüklə 45,19 Kb.

Dostları ilə paylaş:




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©genderi.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

    Ana səhifə