Njy ýylda geçirilen prezident saýlawy abş-nyň taryhynda iň çekeleşikli geçen saýlawlaryň biri boldy



Yüklə 1,35 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə14/18
tarix28.06.2018
ölçüsü1,35 Mb.
#52106
1   ...   10   11   12   13   14   15   16   17   18

eJ

ournal

 uSa  

26

eJ



ournal

 uSa  

27

F



.

W

.  de Klerk we Nelson Mandela häzirki döwürde asudalyk nukdaý nazaryndan häkimiýetiň 



bir elden başga ele geçişiniň iň kynçylyklaryna degerli täsirini ýetirdi. Aparteid Günorta 

Afrikanyň prezidentligine dalaşgär bolanda, de Klerk şol wagt 71 ýaşyny dolduran, ömrüniň 30 

ýylyny tussaglykda geçiren Mandelany azatlyga çykardy. Şonda geçirilen gepleşikler Günorta 

Afrikanyň garaýagyzlarynda häkimiýet başyna azat we adalatly saýlawlaryň netijesinde 

gelinjekdigine ynam, akýagyzlarynda bols, ha-da häkimiýet başyna ilatyň olar tarapyndan öň 

kemsidilen wekilleri geçende-de, hukuk taýdan demokratik goraglaryň üpjün ediljekdigine bil 

baglap boljakdygy barasynda arkaýynçylykdyr umyt döretdi.

Günorta Afrikanyň döwlet prezidenti Frederik Willem de Klerk (çepde) we Afrikanyň Milli Kongresiniň prezidentiniň orunbasary Nelson Mandela 

1990-njy ýylyň maý aýynyň 2-sinde AMK bilen Günorta Afrikan hökümetiniň Keýp Taunda geçiriljek gepleşikleriniň öňüsyrasynda.

Halkyň islegini berjaý etmek

© AP

 suratlary



Çehiýanyň dissidenti we dramaturgy Waslaw Hawel syýasy partiýalaryň we 

oppozision toparlaryň gatnaşmagynda geçirilýän tegelek stoluň başynda täze 

häkimiýeti döretmek barasyndaky söhbetdeşlikde söz sözläp duran pursatynda.

© AP


 suratlary

1989


-njy ýylda Çehoslowakiýada bo-

lup  geçen  “mahmal  rewolýusiýa”,  ýagny 

kommunist režimiň güýç ulanmazdan ag-

darylmagyna şol režime garşy öz neşirle-

rinden (samizdat) peýdalanyp, golýazma 

pamfletlerini ýaýradan dissidentler topar-

lary ýolbaşçylyk etdi. Kommunistler tarapy-

ndan azatlykdan mahrum edilip, ömrüniň 

ençeme ýylyny tussaglykda geçiren Was-

law Hawel uruşdan soň ýurtda ilkinji ge-

zek 1990-njy ýylda geçirilen saýlawlarda 

Çehoslowakiýa  Respublikasynyň  prezi- 

dentligine saýlanyldy. 1993-nji ýylda Çeho- 

slowakiýanyň  ikä,  ýagny  Çeh  Respubli- 

kasyna  we  Slowakiýa  asudalykly  bölün- 

megi netijesinde bolsa ol Çeh Respubli-

kasynyň ilkinji prezidenti boldy.

“Günbatarly žurnalistler bize elmydama şeýle diýýärdiler: “Aslynda, siziň özüňiz biri- biriňiz bilen oňuşmaýan 

adamlaryň bir topary bolup durýarsyňyz, işçiler siziň tarapdaryňyz däl we adamlaryň millionlarçasy sizi goldamaýar, 

netijede siziň edýäniňiz kelläňizi daşa urup durmakdan başga zat däl.” Men bolsa öz jogabymda: “Totalitar gurluşda 

hiç wagt aşakda nämeleriň bukulyp goýlandygyny bilmeris, çünki ony barlap, anyklap bolmaýar – diýerdim. – 

Elbetde, bizde adamlar köpçüliginiň pikirini bilmek maksady bilen hiç hili sorag-jogap işleri geçirilmedi; bizde azat 

metbugat hem ýok, ýöne adamlaryň aňynda bir zatlaryň böwsüp çykmaga taýýardygyny biz bilýärdik. Iru-giç böwediň 

ýaryljakdygy barasynda mende dörän pikir maňa rahatlyk bermeýärdi, çünki ýagdaylaryň ömür-baky hut şeýle 

dowam etmejekdigine mende uly ynam bardy, sebäbi ähli zadyň dolup-daşyp barýandygy mese-mälimdi. Hem-de  

bir tötänleýin hadysanyň uly özgerişe alyp barjakdygy anykdy. Birje uçgun peýda boldugy, ody saklap bolmaz.”

  

–  Waslaw Hawel Adam Miçni tarapyndan geçirilen söhbetdeşlikde ýurdunda bolup geçen mahmal 



rewolýusiýa alyp baran şertler barasynda gürrüň berip duran pursatynda. Salon, 2008-nji ýyl.

Surat Witold Rozmyslowiç/epa/

 

Korbis rugsady bilen ulanyldy



R

aýat  jemgyýeti  has  gujur-gaýratly  bolup  çykdy: 

Gdansk  şäheriniň  Lenin  adyndaky  gämi  gurluşyk 

zawodynda  elektrik  wezipesinde  işlän  Leh  Walesa 

1980-nji  ýylda  sowet  blogunyň  çäginde  ilkinji  ga-

raşsyz “Raýdaşlyk” kärdeşler arkalaşygynyň egindeş 

döredijisi  boldy.  Bu  arkalaşygyň  güýç-kuwwatynyň 

we  täsiriniň  artmagy  bilen  Polşanyň  general 

Woýtseh Ýaruzelskiniň ýolbaşçylygyndaky harbylary 

ýurtda  harby  ýagdaý  yglan  etdi.  Muňa  garamaz-

dan,  Polşanyň  ilatynyň  beren  goldawy  “Raýdaşlyk” 

kärdeşler  arkalaşygyna  zorlukdyr  güýç  ulanmaýan 

bir  jemgyýetçilik  hereket  hökmünde  işini  dowam 

etmäge mümkinçilik döretdi. 1989-njy ýylda hereket 

edýän režim tarapyndan ýarym azat saýlawlar geçi-

rildi. 1990-njy ýylda Walesa Polşanyň prezidenti edi-

lip saýlanyldy.

1981-nji ýylyň mart aýynyň 10-y. Warşawa, Mazowiçki 

(Polşa): “Raýdaşlyk” hereketiniň baştutany Leh Walesa 

(sagda) polşaly ministr Woýtseh Ýaruzelski bilen duşuşyk 

mahalynda.



eJ

ournal

 uSa  

29

eJ



ournal

 uSa  

28

2006-njy ýylda Nepalyň Katmandu şäheriniň köçelerine 150000 adamy çykaran 



demokratiýa hörpli ýöriş mahalynda Nepalyň raýatlarynyň şa Gýanendranyň 

ýüzlenmesini okap duran pursaty.

©AP

 suratlary / Manish Swarup



2006

-njy ýylda ilat köpçüliginiň gat-

naşmagynda umumy iş taşlaýyş amala 

aşyrylyp,  netijede,  şa  Gýanendra  zu-

lumlykly  ygtyýarlyklaryndan  mahrum 

edilip, demokratiýanyň tarapdary bolan 

aktiwistleriň  bolsa  has  tijenmegi  neti-

jesinde,  Nepal  indi  özüni  öňki  döwre 

garanda has azat duýýar. Täze ka-

bul  edilen  konstitusiýa  monarhiýanyň 

ýatyrylyp,  parlamentar  respublikanyň 

döremegine we 2008-nji ýylda her niçik-

si bolsa-da azat we adalatly saýlawlaryň 

geçirilmegine  ýol  açdy.  Ýüz  beren  bi-

düzgünçilikdir  zulumlyklar  saýlawlaryň 

geçişine  birneme  päsgel  ýetirendigine, 

žurnalistleriň hem häzire çenli hüjümleriň 

nyşanasy bolup durandygyna garamaz-

dan,  kanunyň  hemme  zatdan  ýokarda 

goýulmagy nukdaý nazaryndan degerli 

özgerişlikler bolup geçdi. 

M

eksikanyň  saýlawlar 



boýunça  Federal  tribu-

naly  2006-njy  ýylda  aşa 

çekeleşikli  geçen  pre-

zident 


saýlawlarynyň 

netijeleri boýunça kara-

ra  gelmek  maksady  bi-

len  mejlis  geçirýär.  Şol 

saýlawlarda  çekeleşikli 

geçen  bäsleşik  ýurduň 

Milli hereket partiýasynyň 

(MHP)  adyndan  gat-

naşan dalaşgär Felipe Kalderon üçin şowsuz, Demokratik rerwolýusiýa partiýasy (DRP) tarapyndan 

dalaşgär Manuel Lopez Obradoryň bolsa peýdasyna boldy. Kalderon şol saýlawlarda sesleriň ujypsyzja 

aratapawudy bilen ýeňşe mynasyp boldy. Lopez Obrador netijelerden nägileligini bildirip, näsazlyklaryň 

ýüz berendigine degişlilikde arz-şikaýat edip, sesleriň täzeden sanalmagyny talap etdi. Şol bir wagtyň 

özünde ol şunuň bilen baglylykda Mehiko şäherinde tarapdarlarynyň asuda geçiren ýörüşine ýolbaşçylyk 

etdi. Saýlaw meselelerine degişlilikde tribunal Meksikanyň iň ýokary derejeli kazyýeti bolup durýar. Ähli 

seljerişleri geçirip bolandan soň, ol Kalderony goldap berlen sesleriň jemi 35,89 göterime (15000284 

ses) Lopez Obradory goldap berlen sesleriň bolsa jemi 35,31 göterime (14756350 ses) barabar bo-

landygyny belläp, Kalderony ýeňiji diýip yglan etdi. 

© 

AP



 suratlary / Marco Ugarte

B

raziliýada  internet  raýat  jemgyýetiniň 



ähli  gatlaklary  üçin  elýeterlidir.  Ynha, 

şu  suratda  ýerli  Kaýapo  tiresinden  bo-

lan  bir  aktiwistiň  2009-njy  ýylda  geçiri-

len  jemgyýetçilik  diňleýişleri  gidip  du-

ran  mahalynda,  öz  laptopyndan  (elde 

göterilýän  kompýuterinden)  peýdalanyp 

duran pursaty. Amazon derýasynyň kena 

ýakasyndaky tropik tokaýlarda ýaşaýan 

ýerli tireler Braziliýanyň hökümeti tarapy-

ndan Şingu derýasynda bent gurmak ba-

rasynda gelnen karardan nägileliklerini 

bildirýärler. 

© 

AP

 suratlary / Eraldo Peres



© 

AP

 suratlary / Batsuh



Mongoliýada prezidentlige 

dalaşgär Elbegdorj Tsakhiany 

goldaýanlaryň 2009-njy ýylyň 

aprel aýynda Ulan Batorda 

ýygnanyşýan pursaty.

2008


-nji ýylda bidüzgünçiliklere alyp baran parlamentiň 

gizlin ses berişliginde Elbegdorj Tsakhia sesleriň 51,24 gö-

terimine mynasyp bolup, sesleriň 47,44 göterimini gazanan 

wezipedekä ýene-de bir möhlet şol wezipede galmak mak-

sady bilen Mongoliýanyň Halk Rewolýusion Partiýasyndan 

dalaşgärleriň  hataryna  goşulan  Nambaryn  Enhbaýardan 

üstün çykdy. Dalaşgärleriň gazanan sesleriniň sähelçe ara-

tapawut edendigine garamazdan, wezipede bolan dalaşgär 

özüniň ýeňlendini ak ýürekden boýun aldy, netijede geçiri-

len saýlawlar hiç hili närazyçylyk döretmedi.

Öňki prezident Nambaryn Enhbaýar 

(öňde duranlaryň sag tarapynda) we 

Elbegdorj Tsakhia Mongoliýanyň Ulan 

Bator şäherinde ýerleşýän mejlisiň 

binasynda geçirilýän kasam ediş 

dabarasynda elleşip duran pursatynda.

© 

AP

 suratlary / D. Rentsendorj




Yüklə 1,35 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   10   11   12   13   14   15   16   17   18




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©genderi.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

    Ana səhifə