Njy ýylda geçirilen prezident saýlawy abş-nyň taryhynda iň çekeleşikli geçen saýlawlaryň biri boldy



Yüklə 1,35 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə18/18
tarix28.06.2018
ölçüsü1,35 Mb.
#52106
1   ...   10   11   12   13   14   15   16   17   18

eJ

ournal

 uSa  

38

Zoran  Çirjakowiç,  Belgradda 



metbugat  serişdeleri  we  aragat-

naşyk  fakultetinde  žurnalistika 

boýunça  leksiýa  okaýar.  öňki 

ýugoslawiýanyň  demokratiýa 

geçiş  döwründe  we  şondan  bäri 

ol “newsweek” we “los Anželes 

taýms” gazetlerine reportažlaryny 

iberip gelýär. 

Döwletleriň 

hersinde 

özüne mahsus syýasy haky-

kat  bardyr  we  olar  biri-birin-

den tapawutlydyr. Bu ýurtda 

awtokrat  slobodan  miloşewiçiň 

häkimiýetiniň  synmagyna  alyp 

baran “serbiýanyň güýzüne” hut 

öz gözleri bilen syn eden adam 

demokratiýanyň üstün çykmagyny 

hökümete degişli bolmadyk gura-

malar (HDG) we raýat jemgyýeti 

guramalarynyň  beýlekileri  bilen 

baglanyşdyrman,  eýsem,  ilkin-

ji  nobatda,  sowukganly  syýasat 

bilen baglanyşdyrýar.

G

üýz  pasly  Serbiýanyň 



ýolbaşçylary  üçin,  köp-

lenç, 


töwekgelçilik-

li  döwür  bolýar.  Balkanyň  aşa 

sowuk gyşy bilen ýüzbe-ýüz bolan we şahsy hem ykdysady 

kynçylyklar  başyna  düşen  serbler  özgerişleri  amala  aşyr- 

magy  ýüreklerine  düwdüler.  1987-nji  ýylyň  sentýabr 

aýynyň  aýaklarynda  Slobodan  Miloşewiç  uzak  wagtlap 

özüne halypalyk eden Iwan Stamboliçi wezipesinden boşat-

mak  bilen  Balkanyň  taryhynyň  barşyny  üýtgetdi.  Güýzüň 

töwekgelçiliginiň  öňüni  almak  we  ençeme  onýyllygyň 

dowamynda  agalyk  eden  döwründe  bahar  pasly  üçin 

niýetläp gelen arzuwlarynyň mümkin boldugyça çalt hasyl 

bolmagynyň  aladasyny  etmek  bilen  Slobodan  Miloşewiç 

çydar ýaly bolmadyk sowuk gyşyň içinde saýlawlary geçir-

megi  endik  edipdi,  çünki  onda  şeýle  sowuk  oppozisiýa 

başyny  galdyrmaga  ýol  bermez  diýen  umyt  bardy.  Emma 

ahyrsoňunda  ol  şowsuzlyga  uçrady,  ýöne,  elbetde,  uly 

ähmiýeti bolsa-da, Günbatar tarapyndan goldanylýan, hökü-

mete dahyly bolmadyk guramalaryň ýa-da garaşsyz kärdeşler 

arkalaşyklarynyň  eden  işleri  netijesinde  däl.  Miloşewiçiň 

bagtynyň  ýatmagyna  durmuşda  taplanan  syýasatçylar 

koalisiýasy we talyplaryň adaty hereketleri sebäp boldy.

Miloşewiçiň şu gezek saýlawlary 2000-nji ýylyň sentýabr 

aýynyň 24-ünde, ýagny adatdaky ýaly gyşda däl-de, eýsem 

güýzde  geçirmegi  hemmeleri  haýrana  goýdy.  Netijede  bu 

Miloşewiçiň peýdasyna bolmady. Ýöne saýlawlaryň birinji 

tapgyry  geçenden  soň,  Miloşewiç  Wojislaw  Kostuniçany 

täze saýlanan prezident hökmünde yglan etmän, Serbiýanyň 

saýlaw  komissiýasyny  we  Ýokary  kazyýetini  saýlawlaryň 

ikinji tapgyryny geçirmäge zor bilen boýun edip, saýlawlaryň 

netijelerini galplaşdyrmaga synanyşdy. Saýlawlaryň ahyrky 



eJ

ournal

 uSa  

39

bidüzgünçilikleriň  asla  bolmandygyna  gowy  düşündiriş 



bolup hyzmat edýär.

Geçirilen  saýlawlaryň  netijesinde  Rumyniýadan 

tapawutlylykda  Moldowada  has  köp  bidüzgünçilikleriň 

bolandygyny düşündirýän birnäçe faktorlar bar. Birinjiden, 

Rumyniýanyň  Ýewropa  Bileleşigine  (ÝB)  agza  bolma-

ga  üstünlikli  dalaşgär  bolandygy  hem-de  yzysüre  onuň 

bu  Bileleşigiň  hataryna  kabul  edilendigi  ýurduň  çäginde 

hereket  edýän  syýasy  oýunçylaryň  esasylarynyň  ählisini 

ortak demokratik standartlary kabul etmäge höweslendirdi. 

1993-nji  ýylda  Kopengagen  “Ýewropa  Şurasy  Ýewropa 

Bileleşigine agza bolmak isleýän döwletleriň öňünde agza 

bolmak üçin ýurduň çäginde demokratiýany, kanunyň hemme 

zatdan öňde durmagyny berkarar edýän, adam hukuklaryna 

sarpa goýýan we millet azlyklarynyň goragyny üpjün edýän 

demokratik  edaralaryň  durnukly  hereket  etmegini  gazan-

maly”  diýen  şertini  goýdy.  Rumyniýanyň  raýatlarynyň  bu 

Bileleşige  agza  bolmagyna  isleg  bildirenleriniň  sanynyň 

gaty  köp  bolandygy  sebäpli,  ýurtda  yzly-yzyna  aýgytly 

özgerişlikleriň  birnäçesi  amala  aşyryldy.  Şol  reformalar 

öňki  kommunistleriň  kanundyr  düzgünleri  öz  peýdasyna 

ulanmak ukybyny görnetin çäklendirdi we 1996-njy ýylda 

geçen  saýlawlarda  şowsuzlyga  uçranlaryndan  soň,  olaryň 

häkimiýet agdarylyşygynyň asudalykly amala aşyrylmagyna 

razy bolandygyny düşündirmekde olar üçin ýardam boldy.

2005-nji  ýyldan  bäri  Moldowa  Ýewropa  Bileleşigi 

bilen hyzmatdaşlygyny has güýçlendirendigine garamazdan, 

häkimiýetleriň  syýasy,  ykdysady  we  gurluş  taýdan  resmi 

özgerişliklere  degişlilikde  eden  tagallalary  entek  görnükli 

netije  bermedi.  Täze  häkimiýetiň  ýolbaşçylyk  etmeginde 

reformalar barha bat alaýjak ýaly bolsa-da, Günbatar bilen 

has  ysnyşykly  gatnaşyga  gezek  gelende,  bu  döwlet  entek 

hem  Russiýanyň  muňa  garşylyk  bildirmegi  bilen  ýüzbe-

ýüz  bolýardy.  Onuň  üstesine-de,  ölçegleriň  aglabasyna 

laýyklykda  bu  ýurduň  çägindäki  raýat  jemgyýeti  gurama-

lary Rumyniýanyňka garanda aýak üstünde entek berk dur-

maýar, munuň sebäpleriniň biri-de soňky onýyllygyň içinde 

Moldowanyň ýurduň daşyna aşa köp adamlaryň gidendigi 

bilen bagly kynçylyklary başyndan geçirmegidir. 

Ikinjiden,  halkara  derejesindäki  we  ýurduň  raýat  jem-

gyýeti  derejesindäki  gysyşlar  astynda  Rumyniýanyň  öňki 

Sosial demokratik partiýasy (SDP) haýal geçýän, ýöne netijeli 

reformalary amala aşyryp başlady. Moldowaly kommunistler 

bolsa  ruhy  taýdan  hem  syýasy  nukdaý  nazardan  sowetler 

döwründäki  geçmişine  gaty  baglydylar.  Netijede,  reforma-

lary amala aşyrmakda tutanýerlilik bolmady, şeýleleik bilen, 

kommunistleriň we antikommunistik oppozisiýanyň arasyn-

daky tapawut has artdy, bu bolsa öz gezeginde, Rumyniýadan 

tapawutlylykda,  birleşikler  döretmek  we  ylalaşyga  gelmek 

mümkinçiligini has hem azaltdy.

Ahyrky bellemeli zat hem, Moldowadan tapawutlylyk-

da Rumyniýada her dürli hususy metbugat serişdeleriniň bar-

dygy we olara degişlilikde hökümet tarapyndan gözegçiligiň 

gowşagrak bolandygy sebäpli, bu ýurtda garaşsyz köpçül-

ikleýin habar beriş serişdeleriniň kemala gelmeginiň has öň 

başlandygydyr. Netijede, Rumyniýada syýasy maglumatyň 

ýaýradylmagy  has  deňagramly  ýagdaýdady.  Bu  bolsa,  öz 

gezeginde,  maglumatdan  peýdalanyp,  gapma-garşylygy 

döretmek mümkinçiligini azaldýardy.



T

ÄzE

 

SERIŞDELER

Geljege  gezek  gelende,  häzirki  zaman  tilsimatlary  bu 

ýurtlaryň ikisinde hem raýat jemgyýetini pugtalandyrmagyň 

esasy açary bolup biler. Internet aragatnaşygynyň “Twitter”, 

“Facebook”  we  “SMS”  (gysga  maglumat  hyzmaty)  ýaly 

serişdeleri 2009-njy ýylda Moldowada parlament saýlaw-

lary  geçirilen  mahalynda  nägilelik  bildirenlere  gysga 

wagtyň içinde sazlaşykly hereket etmäge we jebisleşmäge 

ýardam  berdi.  Günbataryň  metbugaty  Moldowada  ýüz 

beren  wakalary,  hatda  “Twitter  rewolýusiýasy”  diýip 

atlandyrdy.  Edil  Rumyniýada  bolşy  ýaly,  jemgyýetçi-

lik  metbugat  dürli  milletlerden  bolan  wekilleriň,  ýagny 

prezident  Traýan  Bazeskunyň  güýçli  tarapdarlarynyň 

hem ses bermegine uly täsirini ýetiripdir. Bularyň sesleri 

saýlawlaryň netijesine aýgytly goşant boldy.

Bu täze serişdeleriň gelejegi gaty bir anyk bolmaz-

lygyna galsa-da, olaryň raýat jemgyýeti toparlaryna edýän 

täsiri  barha  artar.  Demokratik  saýlawlaryň  netijeleri  we 

muňa talap goýulýan söz azatlygy XXI asyryň demokra-

tik özgerişleriniň wajyp bölegi bolup hyzmat eder.

 n

Şu makalada beýan edilen pikirler hökmany suratda 

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň hökümetiniň garaýyşlaryny 

ýa-da alyp barýan syýasatlaryny beýan etmeýär.

“Galplaşdyrma – ýok”: 2009-njy ýylyň iýul aýynda parlament 

saýlawlarynyň öňüsyrasynda Çizinau saýlaw komissiýasynyň baş 

karargähiniň öňünde goýlan moldowan plakaty.

© 

AP

 suratlary / John McConnico



“Serbiýa güýzi” gijigýär: demokratiýanyň 

gödek gurulmagyndan bir sapak

Zoran Çirjakowiç

2001-nji ýylyň mart aýy: Şygarlar Ýugoslawiýanyň öňki prezidenti Slobodan Miloşewiçiň tussag 

edilmegine çagyryş edýär. Olar ony gözenekleriň aňyrsynda şekillendirip, ýany bilen “Haçan?” 

diýen soragy goýupdyrlar.

 © 


AP

 suratlary / Darko V

ojinovic



netijelerini üýtgetmek ugrunda onuň eden tagallalary bütin 

Serbiýanyň çäginde, hatda Miloşewiçiň daýanç galasy bolup 

hyzmat eden ýerlerinde hem köpçülikleýin nägilelikleriň we 

gozgalaňlaryň ýüz bermegine alyp bardy. Iri şäherleriň agla-

ba köpüsinde esasy ýollar ýapylypdy, ençeme günläp, hatda 

zir-zibil hem aýrylmady, oppozisiýanyň tarapdarlary günde 

diýen  ýaly  nägilelik  bildirip,  ýörüşler  geçirdiler.  Ýurduň 

aglaba bölegi bidüzgünçilikler zerarly ysmaz ýagdaýa düşdi 

we ahyrsoňunda “5-nji oktýabr agdarylyşygy” ýa-da ýöne 

bir  “Rewolýusiýa”  diýlen  ady  alan  ýagdaýyň  döremegine 

alyp bardy. Şol wakalardan alynmaly iki sapak ýüze çykdy. 

Sapaklaryň  birinjisi  –  saýlawlaryň,  hatda  olaryň  ne  azat, 

ne-de  adalatly  geçendigine  garamazdan,  awtokratlar  üçin 

uly howpa öwrülip bilmegidir. Ikinji sapak bolsa – “kemala 

gelen”  raýat  jemgyýetleriniň  her  gezek  awtokrat  režimi 

agdarmakda  hökman  iň  gowy  katalizator  bolup  hyzmat 

etmeýändigidir. 

Munuň tersine, köpden bäri arzuw edilip gelnen özge-

rişe  ýetirmegi  başaran,  sentýabrda  geçirilen  saýlawlarda 

Miloşewiçden  üstün  çykan  adam  –  kän  bir  göze  ilmeýän, 

öňki  gahrymanlardyr  toparlaryň  içinde  esasy  hasaplanyl-

majak oýunçy Kostuniça boldy. Edil Miloşewiçiň özi ýaly 

aşa  milletçi  bolsa-da,  ol  Miloşewiçiň  nalajedeýinliginden 

halys ýadan ses berijileriň goldawyny gazanmagy başardy. 

Kostuniça  Günbataryň  ne  gymmatlyklaryna,  ne-de 

oý-pikirlerine  eýerdi.  Aslyýetinde  Miloşewiçiň  wagyz-

nesihat  edarasy  ýuwaş  gürläp,  ýürek  gysdyryjy  Kostuniça 

kän  bir  üns  berip  hem  durmady.  Wezipedekä  ýene-de 

wezipede  galmak  maksady  bilen  dalaşgärleriň  hataryna 

goşulan  prezident  esasy  ünsüni  režimiň  iň  halamaýan 

garşydaşy  Zoran  Djindjiçe  dikdi,  bu  bolsa  Kostuniçanyň 

esasy  bäsdeşiniň  islemese-de,  hyzmatdaş  bolmagyna  alyp 

bardy.  Çünki  döwlet  tarapyndan  maliýeleşdirilýän  metbu-

gat serişdeleri Djindjiçi aýylganç edip görkezmekde şeýle 

üstünlikli  bolup,  oňa  saýlawlarda  ýeňiş  gazanmaga  hiç 

mümkinçilik  goýmadylar.  Djindjiç  rehimsiz  ýa-da  ynam 

bildirmez ýaly adam däldi. Edermenlige gezek gelende, ol 

hakyky makiawellizmiň tarapdary bolmak bilen, megerem 

emgege  ýakyn,  hiç  işden  gaýtmaýan  adamdy.  Hut  şular 

ýaly  aýratynlyklary  sebäpli,  güýzüň  şol  günleri,  ýagny 

Serbiýanyň ykbaly çözülýän günleri, oňa üstünlik getirmedi.

Şonda  rewolýusiýanyň  üstünlikli  bolmagynda  bir 

gijäniň  içinde  Miloşewiçiň  ganym  duşmanyna  öwrülen 

adaty talyplaryň “Otpor” hereketi  uly orun  tutdy. “Otpor” 

hereketi  Birleşen  Ştatlaryň  goşunynyň  nepagadaky  pol-

kownigi  Robert  Helwiň  maslahatyndan  we  Waşingtonda 

ýerleşýän  “Demokratiýa  hemaýat  gaznasy”  tarapyndan 

üpjün  edilen  serişdeden  bähbitli  peýdalandy.  “Otpor”, 

aslyýetinde  adaty  bir  hökümete  degişli  bolmadyk  gurama 

hem däldi. Ol ýokardan merkezleşdirilen ýolbaşçylygy bol-

madyk, toparlaýyn dolandyrylýan, aşa çaltlykda öňe gidýän 

hereket  bolmak  bilen,  Serbiýanyň  günbatary  tarapyndan 

goldanylýan adaty HDG-den has ökde çykdy. Ýene-de bir 

zat – ol hem Belgradyň günortasynda ýerleşýän kiçeňräk, 

az serişde goýberilýän Lazarewaç şäheriniň aglabasy kömür 

magdanlarynda  işleýän  ýaşaýjylarynyň  deň  goşandynyň 

ähmiýetlilik  we  haýran  galdyryjylyk  nukdaý  nazaryndan 

pesde durmandygydyr. Ir wagtlar režime wepadar bolan bu 

raýatlaryň  aýaga  galmagy  saýlaw  netijeleriniň  galplaşdy-

rylan  ýa-da  galplaşdyrylmadyk  ýagdaýynda  Miloşewiçiň 

häkimiýetiniň  saýlawlardan  aman-sag  çykmajakdygynyň 

ilkinji alamaty boldy. 

Oktýabryň  5-inde  irden  nägilelik  bildirijiler  goh-

galmagal  edip,  Belgradyň  köçelerine  çykanda,  men 

Miloşewiçiň  “soňunyň  gelendigine”  göz  ýetirdim. 

Ýugoslaw parlamentiniň binasynyň öňünde äpet ýeri tutup 

duran  meýdanda  üýşen  şol  märekä  futbol  janköýerleriniň 

hem  goşulýandygyny  gördüm.  On  ýyl  çemesi  wagt  bäri 

Miloşewiç  şular  ýaly  “futbol  huliganlarynyň”  parlamentiň 

binalaryna zyýan ýetirmekde tutanýerli we güýçli yhlasyna 

garşy  durmagy  ussatlyk  bilen  başaryp  gelýärdi.  Bu  gezek 

bolsa olar ahyrynda onuň özüniň zyýanyna hereket etdiler. 

Polisiýa  hatarlaryny  böwsüp  geçip,  döwlet  teleýaýlymlar 

we parlament binasynyň ikisiniň hem alawlap ýanmagyna 

alyp  baran  gysga  wagtlyk  bidüzgünçilikleriň  ýüz  beren 

mahalyndan peýdalanmagy başaranlar janköýerleriň iň joş-

gunlylary boldular. 

Miloşewiçiň gaýduwsyz tutanýerlilik bilen amala aşy-

ran  gödek  režiminiň  şular  ýaly  gödek  tamamlanmagy, 

iň  bolmanda,  Serbiýanyň  mysalynda  HDG-niň  üsti  bilen 

goýberilen  serişdelere  daýanyp,  demokratiýany  gurmak 

işiniň  neneňsi  kemçiliklere  alyp  barjakdygynyň  we  raýat 

jemgyýetiniň  şowsuzlyga  duçar  bolup  biljekdiginiň  aýdyň 

subuty  bolup  hyzmat  edýär.  Gaýtam  tersine,  raýatlaryň 

köpüsinde şular ýaly guramalara degişlilikde şübhe döreýär, 

çünki  bularyň  üýtgedip  gurmalara  niýetlenen  goldawlary, 

köplenç,  ähmiýetsiz  ýa-da  zyýanly  boldy.  Şu  günki  güne 

çenli  Serbiýanyň  HDG-niň  aglabasyna  köplenç  syýasy 

nukdaý  nazardan  çylşyrymly  we  ýakymsyz  meseleleriň 

çözgüdini tapmaga gyzyklanma bildirmeýän ýeke-täk adam 

ýolbaşçylyk  edýär.  Ýöne  welin  kä  halatlarda  ýurtda  hut 

ylalaşyga kyn  gelinýän meseleleriň üstünde durlanda, öňe 

gidişligiň  bolýandygy  barasyndaky  şu  hakykaty  ýatdan 

çykarmaly  däl  bolsa-da,  olary  köpräk  gyzyklandyrýan  zat 

Günbataryň  hemaýatyna  mynasyp  bolmak  we  ondan  köp 

wagtlap  peýdalanmak  bolup  durýar.  “Gödek”  ylalaşyklar, 

ýakymsyz  birleşikler  bolmazdan,  biziň  “serb  güýzüne” 

garaşmagymyz uzaga çeker.  

n

Şu makalada beýan edilen pikirler hökmany suratda Amerikanyň 

Birleşen Ştatlarynyň hökümetiniň garaýyşlaryny ýa-da alyp 

barýan syýasatlaryny beýan etmeýär.

eJ

ournal

 uSa  

40

Kitaplar we makalalar



Burke, John Ppresidential transitions: From politics 

to practice. Boulder, CO: Lynne Rienner Publishers, 

2000.


Campbell, Kurt MDifficult transitions: Foreign 

policy troubles at the Outset of presidential power

Washington, DC: Brookings Institution Press, 2008.



Clinton, W. David, and Daniel G. Lang, edswhat 

makes a successful transition? Charlottesville, VA: 

Miller Center of Public Affairs, University of Virginia, 

1993. 

Corcoran, Paul E“presidential Concession speeches: 

the rhetoric of Defeat.” political Communication, vol. 

11, no. 2 (April-June 1994): pp. 109-131.



Goodwin, Doris Kearns“the man who lost what He 

loved.” McCall’s, vol. 120, no. 5 (February 1993):  p. 

102.


Halchin, L. Elaine. presidential transitions: issues 

involving Outgoing and incoming Administrations. 

Washington, DC: Congressional Research Service, 

2008.

http://www.fas.org/sgp/crs/misc/rl34722.pdf

Horwitz, Paul. “Honor’s Constitutional Moment: 

The Oath and Presidential Transitions.” northwestern 



University law review, vol. 103, no. 2 (2009): pp. 

1067-1081.



http://www.law.northwestern.edu/lawreview/

colloquy/2008/47/lrColl2008n47Horwitz.pdf

Huntington, Samuel P. “How Countries Democratize.” 

political science Quarterly, vol. 124, no.1 (Spring 

2009): pp. 31-71.



Jones, Charles O., ed. preparing to Be president: the 

memos of richard e. neustadt. Washington, DC:  AEI 

Press, 2000.



Kubba, Laith. “Institutions Make the Difference.” 

journal of Democracy, vol. 19, no. 3 (June 2008): pp. 

37-43.


Kumar, Martha Joynt and Terry Sullivan, eds. 

the white House world: transitions, Organization 

and Office Operations. College Station, TX: A and M 

University Press, 2003.



Larson, Edward JA magnificent Catastrophe: 

the tumultuous election of 1800, America’s First 

presidential Campaign. New York, NY: Simon and 

Schuster, 2007.



Linz, Juan J. and Alfred Stepanproblems of 

Democratic transition and Consolidation: southern 

europe, south America, and post-Communist europe

Baltimore, MD: Johns Hopkins University Press, 1996.



Pfiffner, James Pthe strategic presidency: Hitting the 

Ground running. Lawrence, KS: University of Kansas 

Press, 1996. 



Sirianni, Carmeninvesting in Democracy: engaging 

Citizens in Collaborative Governance. Washington, DC: 

Brookings Institution Press, 2009.



U.S. Congress. House Committee on Oversight and 

Government Reform. Subcommittee on Government 

Management, Organization, and Procurement. passing 

the Baton: preparing for the presidential transition: 

Hearing Before the subcommittee on Government 

management, Organization, and procurement of the 

Committee on Oversight and Government reform, 110th 

Congress2nd session, september 24, 2008. Washington, 

DC: U.S. Government Printing Office, 2009.



Internet sahypalary

Brookings Institution: Governance

http://www.brookings.edu/governance.aspx

In-Depth Coverage: Obama’s Transition to Power

http://www.pbs.org/newshour/indepth_coverage/white_

house/transition2008/

The Presidential Transition

http://www.govexec.com/specialreports/transition.htm

Transition: 2008 Presidential Campaign

http://www.gwu.edu/~action/2008/chrntran08.html

Goşmaça çeşmeler


Yüklə 1,35 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   10   11   12   13   14   15   16   17   18




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©genderi.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

    Ana səhifə