Njy ýylda geçirilen prezident saýlawy abş-nyň taryhynda iň çekeleşikli geçen saýlawlaryň biri boldy



Yüklə 1,35 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə3/18
tarix28.06.2018
ölçüsü1,35 Mb.
#52106
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   18

eJ

ournal

 uSa  

4

eJ



ournal

 uSa  

5

Halkara  derejede  ýigrimi  ýyllyk  iş  tejribesi  bolan  hukukçy 



we  ösüş  meseleleri  boýunça  bilermen  erik  Bjornlund 

“Democracy  international,  inc.”  kampaniýasynyň  egindeş 

guramaçysy  we  ýolbaşçysydyr.  Bu  kampaniýa  demokratiýa 

we häkimiýeti dolandyrmak boýunça maksatnamalary işläp 

düzýär, durmuşa geçirýär we olara baha berýär. Ol saýlawlar, 

syýasy prosesler, raýat jemgyýetçiligi hem seljeriş usulyýetler 

boýunça bilermen. Ol “Azat we adalatly bolmakdan başga: 

saýlawlara  baha  bermek  we  demokratiýany  gurmak”  atly 

makalanyň awtory bolup durýar. (2004-nji ýyl)

sagdyn demokratik jemgyýetde saýlawlar milli azlyklaryň 

hak-hukuklarynyň goragyny, kanuna sarpa goýmaklygy, söz 

azatlygyny üpjün etjek, şeýle hem aýak üstünde berk durup 

biljek raýat jemgyýetiniň kemala gelip, berkarar bolmagyna 

ýardam berip biljek bir hökümet gurmak ugrunda başlangyç 

nokat bolup hyzmat edýär. 

D

emokratik  saýlawlar  kanuny  hökümetiň  esasy  hök-



münde  giňden  ykrar  edilendir.  Raýatlara  özlerini 

dolandyrmagyň  usulyny  saýlamaga  mümkünçilik 

bermek bilen saýlawlar özge demokratik edaralar we tejribeler 

üçin başlangyç nokat bolup hyzmat edýärler. Eýsem-de bolsa, 

hakyky  demokratiýa  has  köp  zady  talap  edýär.  Saýlawdan 

başga-da demokratiýa özge zatlar bilen bir hatarda konstitusiýa 

tarapyndan häkimiýetiň çäklendirilmegini, esasy hukuklaryň 

kepillendirilmegini, etnik we dini azlyklara duşmançylyksyz 

çemeleşilmegini, şeýle hem dürli-dürli garaýyşlara ýol beril-

megini  talap  edýär.  Hakyky  demokratiýany  gurmak  üçin, 

jemgyýetler saýlawlaryň arasynda agalyk edýän demokratik 

medeniýetiň we kanuna sarpa goýmaklygyň tizden-tiz orun 

tutmagyny  üpjün  etmeli,  şeýle  hem  saýlawlaryň  geçirilişi-

ne  päsgel  berjek  bolýanlara  ýol  bermeli  däldirler.  Birleşen 

Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillari Klinton ýakynda Jorjtaun 

uniwersitetinde eden çykyşynda: “Demokratiýa” diýmek diňe 

bir  ýolbaşçylary  saýlamak  maksady  bilen  saýlaw  geçirmek 

däl-de, eýsem işjeň raýatlar, azat metbugat, garaşsyz kazyýet 

häkimiýeti, şeýle hem raýatlaryň hemmesiniň öňünde hasa-

bat  berýän  we  adyllyk  bilen,  hiç  kemsitmezden,  olaryň 

hak-hukuklarynyň  goragyny  üpjün  etmäge  ukyply  aç-açan 

işleýän we jogapkär edaralar diýmekdir. Demokratik döwlet-



Diňe saýlaw bilen çäklenmeýär

Erik Bjornlund

Günorta Afrikanyň Pan Afrikan Mejlisiniň daşynda Zimbabweniň “Demokratik özgerişlere tarap” oppozi-

sion hereketiniň bir tarapdary: “Goňşy Zimbabwede demokratik reformalaryň amala aşyrylmagyny talap 

edip, prezident Robert Mugabä gysyş görkezmeli” diýip, mejlise çagyryşlar edip duran pursatynda

lerde hak-hukuklara sarpa goýmak ýolbaşçylaryň günbe-gün 

saýlap alýan zady däl-de, eýsem olaryň häkimiýet başynda 

bolmagynyň düýp sebäbidir” diýip belledi (Waşington, K.O., 

2009-njy ýylyň 14-nji dekabry.)

Saýlawlardan  soňra  syýasy  geçişleriň  asuda  bolmagy 

wajypdyr.  Sagdyn  demokratik  döwletde  saýlawlarda  şow-

suzlyga  duçar  bolan  dalaşgärler  häkimiýetden  ellerini 

sypaýylyk  we  asudalyk  bilen  çekýärler.  Şeýle  etmek  bilen 

ýeňlen  dalaşgärler  sarpasyny  ýitirmezden,  syýasy  sahnada 

täzeden peýda bolýarlar we göreldeleri bilen öz demokratik 

däp-dessurlarynyň  has  hem  pugtalanmagyna,  tejribeleriniň 

artmagyna goşant edýärler. Hut şeýle-de öz syýasy garşydaş-

lary bilen aragatnaşyk saklamak, hormat-sarpasyny görkez-

mek bilen, ýeňşe mynasyp bolan dalaşgärler, öz gezeginde, 

demokratiýanyň berkarar bolmagyna we ösüşe zeper ýetirjek 

tapawutlary aradan aýyrmak we gapma-garşylygy azaltmak 

ugrunda tagalla edýärler.

Hakyky demokratiýa döwletinde kanuna sarpa goýmak, 

ýagny  kanuny  hemme  zatdan  ýokary  tutmak  ýörelgesi, 

syýasy demokratik edaralar we raýat jemgyýetiniň garaşsyz 

guramalary  saýlawlaryň  netijelerine  sarpa  goýulmagyna 

ýardam  edýär.  Bu  edaralar  we  gymmatlyklar  bolsa,  öz 

gezeginde,  raýatlaryň  öz  hökümmetlerine  bolan  ynamyny 

güýçlendirmek  bilen  syýasatyň  bir  ýolbaşçydan  beýleki 

ýolbaşça parahatçylykly geçişini goldamaga taýýardyklaryny 

görkezýär. 

K

ANuNYŇ

 

HEMME

 

zATDAN

 

ÝoKARY

 

TuTuLMAGY

Demokratiýa kanunyň hemme zatdan ýokary tutulmagyny 

talap  edýär  we  ol  saýlawlaryň  netijeleriniň  nähilidigine 

garamazdan  mizemezligini  saklaýar.  Birleşen  Milletler 

Guramasynyň  Howpsuzlyk  Şurasy  kanunyň  hemme  zatdan 

ýokary  tutulmagyny  şeýle  kesgitleýär:  “Adamlaryň  ählisi, 

şeýle  hem  edaralar  we  özge  gurluşlar,  döwlet  ýa-da  hususy 

edaralar bolsun, tapawudy ýok, şol sanda döwletiň özi hem, 

halk tarapyndan ykrar edilen, ilat arasynda ýaýran, deň güýje 

eýe bolan we aýratynlykda kabul edilen hem adam hukuklary 

ülňülerine laýyk gelýan kanunlaryň öňünde deň derejede jogap 

bermelidirler.” Kanunyň hemme zatdan ýokarda goýulmagy 

kanunylykdan, adyllykdan, netijelilikden, şeýle hem barlag we 

deňagramlaşdyrma ulgamyndan ybaratdyr. 

Kanunylyk kanunyň aç-açanlyk we demokratik prosesde 

ulanyljakdygy  barasynda  gelnen  umumy  sosiýal  ylalaşygy 

beýan  etmegini  talap  edýär.  Adyllyk  kanunyň  hemmeler 

üçin  deň  derejede  ulanylmagyny,  kazyýet  işleriniň  adalatly 

alnyp  barylmagyny,  raýat  azatlyklarynyň  goragyny  we 

adalatlygyň  hemmelere  elýeterli  bolmagyny  öz  içine  alýar. 

Netijelilik kanunlaryň dogry-düzüw ulanylmagyny we ýerine 

ýetirilmegini aňladýar.

Adalatly  berjaý  edilip,  ähli  raýatlary  goraýan  kanun-

lar  demokratik  döwletiň  kada-kanuna  we  ýorelgelere 

laýyklygyny  üpjün  etmäge  ýardam  berýär.  Sagdyn  demok-

ratik  döwletde  şunuň  ýaly  kanunlar  jemgyýetiň  hor-

matyna  we  wepalylygyna  mynasyp  bolýandygy  sebäpli, 

raýatlar  saýlawlaryň  şowsuz  netijeleri  bilen-de  ylalaşýarlar. 

Kanunlaryň  berjaý  edilişi  we  dawalaryň  çözülişi  adalatly 

bolup  geçýän  ýurtda  durnuklylyk  agalyk  edýändir.  Munuň 

tersine, adalatsyz we kemsidiji kanunlar jemgyýetiň döwlete 

bolan  hormatyny  opurýar.  Çenden  çykma  görnetin  bolan 

halatynda, şunuň ýaly kanunlar jemgyýetiň boýun egmezligi-

ne, hatda aýaga galyp, saýlawlaryň kanagatlanarly netije ber-

medik ýagdaýyndakydan hem beter çydamsyzlyk ýagdaýyna 

alyp  barmak  howpuny  özünde  jemleýärler.  Şu  sebäpden 

ABŞ-nyň prezidenti Dwaýt D. Eýzenhawer: “Kanunyň gün-

delik  durmuşymyzda  hemme  zatdan  ýokary  tutulmagynyň 

biziň üçin ähmiýetini düşündirmegiň iň aýdyň ýoly kanunyň 

hemme zatdan ýokary tutulmagyna ýol berilmedik wagtynda 

nämeleriň bolup geçendigini ýada salmakdyr” diýen pikirini 

beýan etdi.

Kanunyň  hemme  zatdan  ýokarda  durmagy  adam 

hukuklarynyň  esasylaryna,  şeýle  hem  kazyýetiň  kada-düz-

günlerine  sarpa  goýmagy  nazarda  tutýar,  şonuň  üçin-de 

her  bir  saýlawyň  netijesi  jemlenende,  hut  şu  zatlar  üstün 

çykmalydyr.  Demokratik  jemgyýetde  saýlawlaryň  netije-

leri  söz  we  metbugat  azatlygynyň,  şeýle  hem  kazyýetiň 

özbaşdaklygynyň  goragyna  täsirini  ýetirmeýär.  Häkimiýet 

başyna  geçen  täze  ýolbaşçy  saýlawçylaryň  sargytlarynyň 

köp  we  dürli-dürlüdigine  garamazdan,  ne  bu  kada-düzgün-

leri  şübhe  astyna  almaly,  ne-de  hiç  bir  raýatyň,  şol  sanda 

saýlawlarda  şowsuzlyga  uçran  dalaşgäri  goldan  raýatyň-da 

hukuklaryna howp salmaly däldir.

Netijede,  kanunyň  hemme  zatdan  ýokary  tutulmagy-

na  bolan  hormat  geçirilen  saýlawlaryň  netijesi  esasynda 

häkimiýetiň bir elden başga bir ele asudalykly geçmegine ýol 

açýar.  Saýlawlaryň  netijelerini  kabul  etmekden  ýüz  öwren 

ýeňlen  dalaşgär  bolsa  hiç  bir  goldawa  mynasyp  bolmaýar; 

gaýtam  tersine,  raýatlar  oňa  goldaw  bermegiň  ýerine,  ony 

dalaş  edýän  wezipesine  asla  mynasyp  däl,  hatda  kanun 

bozujy, galyberse-de olaryň ortak jemgyýetiniň medeniýetine 

howp saljak bir şahs hökmünde gararlar. Onsoňam, kanuna 

we kanun esasynda edilýän işlere sarpa goýulýan döwletde 

raýatlaryň  bulagaýçylygy  ýa-da  geçirilen  saýlawlaryň  neti-

jeleri  bilen  ylalaşmakdan  ýüz  öwürýän,  ýeňlen  dalaşgärleri 

goldamaklary gümanadyr.

S

YÝASY

 

EDARALAR

Kämil  syýasy  we  saýlaw  edaralary-da  geçirilen 

saýlawlaryň  netijesi  esasynda  häkimiýetiň  bir  elden  başga 

bir  ele  asudalykly  geçmek  mümkinçiligini  artdyrýarlar.  Bu 

edaralar dartgynly we çekeleşikli geçen saýlawlaryň yzysüre 

peýda  bolaýjak  gapma-garşylyga  (dawa)  garşy  durmakda 

demokratik jemgyýetlere gerek bolan çeýelikdir çydamlylyk 

© 

AP



 suratlary / 

Themba Hadebe




Yüklə 1,35 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   18




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©genderi.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

    Ana səhifə