Njy ýylda geçirilen prezident saýlawy abş-nyň taryhynda iň çekeleşikli geçen saýlawlaryň biri boldy



Yüklə 1,35 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə5/18
tarix28.06.2018
ölçüsü1,35 Mb.
#52106
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   18

eJ

ournal

 uSa  

8

eJ



ournal

 uSa  

9

edişine  degişlilikde  saýlawçylaryň  dürli  garaýyşlaryna 



sezewar  bolarlar  we  hatda  gizlin  ses  berişlikde  öz 

ygtyýarlyklaryny elden gidirip hem bilirler.

Çekeleşikli  geçýän  saýlawlar  syýasy  dalaşgärleriň 

arasynda  gümanalygyň  artmagyna  alyp  barýar,  netijede 

olaryň raýatlaryň isleglerine has jogapkärçilikli garamagyna 

ýol açýar.

Diňe kadaly esasda we azat hem adalatly amala aşyry- 

lan  saýlawlar  saýlanýanlaryň  saýlawçylaryň  öňünde 

jogapkärçilik  duýmagyna  sebäp  bolýar.  Sab-Sahara 

Afrikada  we  Ýewro-aziýada  kommunistik  zamanasyndan 

soňky  döwürde  dörän  täze  demokratik  ýurtlaryň  köpüsin-

de  saýlawlardaky  bäsleşik  saýlanýanlaryň  saýlawçylaryň 

öňünde  jogapkärçilikli  bolmagyna  alyp  baryp  bilmedi. 

Kä  halatlarda  saýlawlaryň  aç-açanlykda  we  konstitusiýa 

laýyklykda geçirilendigine garamazdan, hut kadaly esasda 

geçirilmändigi muňa sebäp bolup hyzmat etdi. Döwletleriň 

birnäçesinde wezipede bolmak möhleti tamamlanandan soň 

geçirilýän saýlawlarda şol wezipä dalaş edýänleriň biri hök-

münde gatnaşýan şahsyýetler özüni anyk goldaýanlara we 

goldajak  saýlawçylara  howandar  hökmünde  çykyş  etmek 

arkaly  syýasy  oýun  meýdanynda  agalyk  edýärler  ýa-da 

olar “aslyýetinde ýok” garşydaşlary döredýärler, ýa bolma-

sa,  hakykatdan-da  özlerine  garşy  durýanlary  gorkuzýarlar. 

Munuň  üstesine-de  daşyndan  demokratik  bolup  görünýän 

režimler  saýlawçylaryň  bellige  alnyşyny,  olaryň  gat-

naşygyny  we  sesleriň  sanalyşyny  berk  gözegçilik  astynda 

saklamak arkaly özleriniň häkimiýet başynda bolmaly möh-

letini uzaltmagy başarýarlar.

Garşydaş  partiýalar  we  dalaşgärler  çekeleşikli  saýlaw 

kampaniýalaryny  geçirenlerinde,  hakyky  we  görnüşinden 

şeýle diýip kabul edilýän demokratiýalaryň arasyndaky tapa-

wut azalýar. Muňa raýatlar we raýatlyk jemgyýet toparlary 

gatnaşýar we olar öz gezeginde saýlawçylary bellige almak, 

býulletenleri  gutudan  çykarmak,  saýlawlaryň  geçirilişine 

gözegçilik  etmek  ýaly  işler  bilen  meşgullanýarlar.  1998-

nji  ýylda  Slowakiýada,  2000-nji  ýylda  Horwatiýada  we 

Serbiýada, 2003-nji ýylda Gruziýada, 2004-nji ýylda bolsa 

Ukrainada  bolup  geçen  öwrülişikli  saýlawlarda  hut  şular 

ýaly ýagdaý ýüze çykdy. Şu ýurtlarda ýüz beren ýagdaýlaryň 

her birinde öň wezipede bolup, ýene-de şol wezipä dalaşgär 

hökmünde çykyş eden awtoritar şahsyýetlere ýa-da olaryň 

mirasdüşerlerine  ýeňlişe  sezewar  bolandyklaryny  boýun 

aldyrmak üçin, raýatlar demokratik usullary, şol sanda ses 

bermek we nägilelik bildirmek ýaly usullary ulandylar.

Häkimiýetiň  bir  elden  başga  bir  ele  geçiş  döwri  her 

bir syýasy ulgama kynçylyk döredýär. Sagdyn demokratik 

ýurtlar  bu  kynçylykdan  hiç  bir  bökdençsiz  we  asudalykly 

geçýärler.  Arassa  geçen  saýlawlar  we  häkimiýetleriň  bir 

elden  başga  ele  asudalykly  geçmegi  şu  günki  ýeňlenleriň 

ertirki  gün  ýeňiji  bolmak,  şonuň  ýaly-da  tersine  bolup 

bilmek  mümkinçiliginiň  bardygyny  anyk  görkezýär. 

Ýeňijiler  we  olaryň  tarapdarlary  geljekki  saýlaw  siklini 

ünsden  düşürmän,  öz  garşydaşlarynyň  we  bäsdeşleriniň 

garaýyşlarydyr  oý-pikirlerini  inkär  etmeli  däldirler. 

Ýeňlenler  we  olaryň  tarapdarlary  öňki  öýke-kinelerini 

ýatdan  çykaryp,  häzirki  we  geljekki  mümkinçiliklere  üns 

bermelidirler.  Indiki  gezek  kada-düzgüniň  öz  peýdalaryna 

boljakdygyna  ynamly  garamak  bilen  olar  häzirki  syýasy 

düzgüni  aňsatlyk  bilen  kabul  edýärler  we  demokratik 

häkimiýetiň zorlukly ýol bilen agdarylmagy ugrunda tagalla 

ederler öýdülmeýär.

Häkimiýetiň  täze  ýolbaşçynyň  eline  geçmegi  özgeriş-

lere  alyp  barýar,  netijede  syýasy  durnuklylyga  kynçylyk 

döredýär.  Demokratiýalar  bolsa  ýetişip  gelýän  täze 

ýolbaşçylara  çynlakaý  mümkinçilikleri  açýan  hakyky 

bäsleşikli  saýlawlary  kadaly  esasda  geçirmek  hem-de 

häkimiýetiň  bir  elden  başga  bir  ele  aç-açanlykda  geçişini 

üpjün  etmek  arkaly  geçirilen  saýlawlarda  üstün  çykanlara 

we  ýeňlenlere  ykballarynyň  özleri  üçin  taýýarlap  goýan 

güni bilen ylalaşmaga ýardam berip, şu kynçylygy azaldýar. 

Eýsem-de bolsa demokratiýalar syýasy dinamizm we özge-

rişlik  bilen  deňeşdirilende  syýasy  zerurlyga,  hatda  şol  bir 

ýolbaşçynyň  häkimiýet  başyna  garşy-garşy  gelmeginiň 

tarapdary bolan saýlawçylaryň islegine nä derejede ähmiýet 

berýändigine  baglylykda  biri-birinden  tapawutlanýarlar. 

Mysal  üçin, Amerikanyň  Birleşen  Ştatlarynda,  Russiýada, 

Ermenistanda  we  Afrikanyň  Sahara  çölüniň  günortasyn-

da  ýerleşýän  30-dan  gowrak  döwletde  ýolbaşçylaryň 

häkimiýet başynda galmaly möhletine konstitusiýa esasyn-

da  çäklendirme  girizilipdir.  Şular  ýaly  çäklendirmeler  her 

bir  şahsyýetiň  häkimiýet  başynda  aşa  köp  galmagynyň 

öňüni  almak  arkaly  awtokratiýa  garşy  gönükdirilendir; 

başga  tarapdan  bolsa  ol  raýatlary  öz  möhletini  artykmajy 

bilen gulluk eden dalaşgärleri goldap ses bermek mümkin-

çiliginden mahrum edýär.

Hut şu jähetden demokratik režimlerde saýlawlar wajyp 

iki wezipäni ýerine ýetirýär. Olar hökümetlerden jemgyýetiň 

öňünde jogapkärçilikli bolmaklygyny talap edýär we syýasy 

häkimiýetiň bir elden başga bir ele asudalykly geçmegine 

ýardam berýär. Öz gezeginde şu iki wezipe demokratiýany 

kanuny edýär. Sagdyn demokratik ýurduň raýatlary wekil-

çilikli häkimiýeti syýasaty alyp barmagyň “ýeke-täk ýoly” 

hasaplaýarlar. 

n

Şu makalada beýan edilen pikirler hökmany suratda Amerikanyň 



Birleşen Ştatlarynyň hökümetiniň garaýyşlaryny ýa-da alyp 

barýan syýasatlaryny beýan etmeýär.

waleri Buns, Kornel uniwersitetiniň döwleti öwreniş dersi 

boýunça mugallymy we halkara derňewler boýunça “Aaron 

Binenkob”  maksatnamasynyň  başlygy,  ýewropanyň  we 

ýewraziýanyň  çäginde  kommunistik  zamanasyndan  soňky 

döwürde  demokratik  we  awtoritar  dolandyryşlar  boýunça 

bilermen. Ol “Dünýä çäginde kommunistik zamanasyndan 

soňky döwürde demokratiýa we awtoritarizm” atly žurnalyň 

egindeş redaktorydyr (2009-njy ýyl).

sagdyn demokratik jemgyýetlerde geçirilýän saýlawlar 

hökümetlerden jemgyýetiň öňünde jogapkärçilikli bolmagy 

talap edýär we häkimiýetiň bir elden başga ele asudalykly 

geçmegine ýardam berýär.

D

emokratik saýlaw ses bermekden we sesleri sana-



makdan  başga  zatlary-da  talap  edýär.  Sagdyn 

demokratik  jemgyýetlerde  geçirilýän  saýlawlar 

hökümetlerden jemgyýetiň öňünde jogapkärçilikli bolmagy 

talap edýär. Beýle saýlawlar aşakda agzalyp geçiljek şertler 

üpjün edilende mümkin bolýar:

•   Raýatlara  öz  syýasy  wekillerini  saýlamaga  erkinlik 

berlende;

•  Raýatlara  olaryň  goldawyna  garaşýan  dalaşgärleriň 

arasyndan islänini saýlap almaga mümkinçilik berlende;

•  Wezipeli adamlaryň öňki wezipesine täzeden saýlanmagy 

üçin belli bir döwür geçmelidir. Olar wezipelerini berjaý 

Sagdyn demokratiýany düzýän zatlar

Waleri Buns

2004-nji ýylda Kiýewde bolup geçen ýörüşde ukrainalylaryň oppozision lideri Wiktor Ýuşçenkony gutlap, begenjini beýan edip 

barýan pursatynda. Onlarça müň adam saýlawlaryň netijeleriniň galplaşdyrylmagyndan we saýlawçylara gysyş görkezilip gorku-

zylmagyndan närazylygyny bildirdi. “Mämişi rewolýusiýa” geçirilen saýlawlaryň yglan edilen netijeleriniň ýatyrylmagyna alyp 

bardy. Munuň yzysüre täzeden azat we adalatly saýlawlar geçirildi.

© 

AP

 suratlary / 



Alexander Zemlianichenko


Yüklə 1,35 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   18




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©genderi.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

    Ana səhifə