Njy ýylda geçirilen prezident saýlawy abş-nyň taryhynda iň çekeleşikli geçen saýlawlaryň biri boldy



Yüklə 1,35 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə6/18
tarix28.06.2018
ölçüsü1,35 Mb.
#52106
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   18

eJ

ournal

 uSa  

10

eJ



ournal

 uSa  

11

Filip  n.  Howard  –  waşington  ştatynyň  sietl  şäherindäki 



waşington uniwersitetiniň aragatnaşyklar bolüminiň dosen-

ti we halkara ylymlar boýunça jäkson kollejiniň mugallymy. 

Ol 2006-njy ýylda neşir edilen “Habar beriş serişdeleriniň 

täze  kampaniýasy  we  dolandyrylýan  raýat”  (new 

media  Campaign  and  the  managed  Citizen)  we  Oksford 

uniwersitetiniň çaphanasy tarapyndan 2010-njy ýylda çap 

ediljek  “Hökmürowanlygyň  we  demokratiýanyň  san  asly” 

(the  Digital  Origins  of  Dictatorship  and  Democracy)atly 

kitabyň awtory.

Köpçülikleýin  öýjükli  habar  beriş  serişdeleri  we 

jemgyýetçilik  aragatnaşyk  ulgamy  raýatdyr  raýatlyk 

jemgyýetiň  toparlaryny  aragatnaşyk  we  mobilizasiýa  üçin 

gerek gurallar bilen üpjün edýärler. Olar aýry-aýry adamlaryň 

öz pikirini beýan edip biljek meýdanlaryny döredýärler we 

dürli-dürli garaýyşlardyr oý-pikirlerini beýan edýärler, şeýle 

etmek  bilen-de  syýasy  demokratiýa  tarap  barýan  hereketi 

güýçlendirýärler.

M

aglumat  tilsimatlarynyň  täze  görnüşleri  syýasy 



medeniýete  düýpli  täsirini  ýetirýär.  Ýigrimi 

birinji  asyryň  raýatlyk  jemgyýetiniň  infrastruk-

turasyna gezek gelende, internet ulgamyna we aragatnaşyk 

serişdeleriniň  beýleki  görnüşlerine  has  ynamly  garalýar, 

şeýle  hem  raýatlaryň  söhbetdeşligi  üçin  amatly  şertler 

döredýän  öýjükli  ”howpsuzlyk  zolagyny“  amatly  görýär. 

Hususan-da, döwlet neşiriniň we milli ýaýlymlaryň berk bar-

laglara sezewar bolýan ýurtlarynda şeýle mümkinçiliklerden 

has  giňden  peýdalanylýar.  Gysgaça  aýdylanda,  tilsimatlar 

syýasy aragatnaşygyň täze we wajyp serişdelerini has hem 

pugtalandyrdy  we  mümkinçiliklerini  artdyrdy,  şeýle  hem 

Öýjükli köpçülikleýin öýjükli habar  

beriş serişdeleriniň raýat jemgyýetine  

ýetirýän dowamly täsiri

Filip N. Howard

2009-njy ýylyň iýun aýy: öýjükli telefonlaryň surat alýan abzallary Eýranyň paýtagty Tähranda saýlawlaryň netijelerine 

nägilelik beýan edip duran pursatyny resmileşdirýärler.

raýatlary demokratiýa nukdaý nazaryndan pikirlenmäge we 

hereket etmäge uýgunlaşdyrdy.

Raýatlyk jemgyýet, köplenç, öz-özünden kemala gelýän 

we  öz-özüni  goldaýan,  esasy  gymmatlyklaryny  paýlaşýan 

we meýletinlik esasda syýasy, ykdysady we medeni çäreleri 

gurnaýan, özem döwlete garaşly bolmadyk adamlar topary 

hökmünde kesgitlenilýär. 

Raýatlyk  jemgyýetdäki  toparlar  Halkara  günä  geçiş 

(Amnesty International) guramasyndan başlap, Amerikanyň 

Birleşen  Ştatlarynyň  biri-birine  goňşuçylykda  ýaşaýan 

raýatlary tarapyndan döredilen bouliň oýunçylar toparyna we 

bütin dünýä derejesinde internetiň awtomatik režimde here-

ket edýän online ulgamynyň hyzmatlaryndan peýdalanýan 

adamlar toparyna çenli dürli ululykda bolup biler.

Raýatlyk  jemgyýetdäki  toparlaryň  ähmiýeti,  hususan-

da saýlaw möwsüminde artýar, çünki olar dürli-dürli müm-

kinçilikdir  perspektiwalary  beýan  edýärler  we  olary  ara-

gatnaşyk  serişdeleri  arkaly  giňden  ýaýradýarlar.  Beýan 

edilen  garaýyşlaryň  dürli-dürlüligi  raýatlarda  “demokratik 

jemgyýetde hiç bir toparyň ýeke özüniň “bütin jemgyýete 

wekilçilik  ederin”  diýen  talaby  öňe  sürüp  bilmez”  diýen 

uly ynam döredýär. Tersine, milli maksatlary kesgitlemekde 

we syýasatlary işläp düzmekde örän köp toparlar özboluşly 

goşant goşýarlar.



w

ERTuAL

 

jEMGYÝETLERI

 

DÖRETMEK

Internet  raýatlyk  jemgyýet  toparlarynyň  guramaçylyk 

we  aragatnaşyk  meseleleri  üçin  maddy-tehniki  seriş-

de  bolup  durýar.  Internetiň  “Web”  aragatnaşyk  ulgamy 

olar  üçin  döwlete  garaşly  bolmadyk  bir  maglumat  infra-

strukturasy  hökmünde  hyzmat  edýär.  Şeýle  infrastruktu-

ra  bolsa  öz  gezeginde  jemgyýetçilik  hereketleriň  ösmegi 

üçin  mäkäm  bir  binýatdyr.  Mysal  üçin,  Tunisiň  raýatlary 

döwlet  derejesindäki  parahorlygyň  üstüni  açmak  maksady 

bilen  ýörite  “YouTube”  videofilmleri  döredip,  olardan 

peýdalanmak  bilen  Tunisiň  prezidentiniň  aýalynyň  Milan 

we Pariž şäherlerinde söwda etmek üçin, döwletiň uçaryn-

dan  neneňsi  peýdalanýandygyny  görkezdiler.  Umuman 

alanymyzda, internet dünýä döwletleriniň aglaba köpüsinde 

syýasy aragatnaşygyň ösüşine täsirini ýetirdi. Ynha internet 

giňişligi (kibergiňişlik) – bu bir forum bolmak bilen, onda 

raýat  jemgyýeti  döwletiň  nähili  bolmalydygy  barasyn-

daky pikirleri orta atýar. Ýurtlaryň birnäçesinde bolsa hut 

şu  giňişlikde  ateizmiň  tarapdarlary  bilen  yslamçylaryň 

arasynda  güýçli  çekeleşikler  gidýär,  ýene  birnäçesinde 

bolsa  bu  giňişlik  her  hili  syýasy  söhbetdeşlikleriň  geçýän 

meýdanydyr. 

Saýlawlardan  soň  aýak  üstünde  berk  durýan  wertual 

jemgyýet toparlary döwlet gözegçiliginden dolulygyna diýen 

ýaly garaşsyzdyr, ýöne kä halatlarda olar babatynda döwlet 

tarapyndan  barlag  geçirilýär  we  hatda  galplaşdyrmalara-

da  sezewar  edilýärler.  Syýasy  elitalar  Internetiň  “online” 

guraly  arkaly  amala  aşyrylýan  söhbetdeşlige  gözegçilik 

etmek maksady bilen öz wertual jemgyýetlerini döretmäge 

synanyşsalar-da,  heniz  olaryň  bu  pikiri  başa  barmady. 

Awstriýa, Kanada, Amerikanyň Birleşen Ştatlary we Beýik 

Britaniýa  ýaly  ýurtlarda  bulary  kä  halatda  “AstroTurf”, 

ýagny  sport  meýdançalary  üçin  emeli  otluk  ýerleriň  here-

ketleri  diýip  atlandyrýarlar.  Emeli  bolandygy  üçin,  olaryň 

kök urma ähtimallygy gaty az we saýlawlarda ses berişlik 

gününden soň olar uzak dowam edip bilmeýärler.

Ýöne  döwletiň  raýatlyk  jemgyýet  toparlarynyň,  şeýle 

hem halkara jemgyýetçilik guramalaryň we ýurduň çägindäki 

şulara meňzeş bileleşikleriň biri-biri bilen has hakyky bag-

lanyşykdyr  gatnaşyklary  uzak  dowam  etmäge  ukyplydyr. 

Şular  ýaly  wertual  jemgyýetler,  hususan-da,  “offline” 

jemgyýetlere degişlilikde döwlet tarapyndan berk gözegçi-

likdir barlaglar amala aşyrylýan ýurtlarda has belli bolýar. 

Syýasy  oppozisiýanyň  aç-açan  çäklendirilen  ýurtlarynda 

internet giňişligi forumyndan peýdalanylýar. Hatda “online” 

maglumat  býulletenleri  we  internet  arkaly  dünýä  dereje-

sinde meşhur bolan sagatlary satyn almak üçin niýetlenen 

söhbetdeşlik  otaglary  söz  azatlygynyň  saytlaryna  öwrülip 

barýarlar we bularda söz azatlygynyň goragy söhbetdeşligiň 

mowzugy  hökmünde  wagt  ölçegini  hem  gysyp  çykarýar. 

Internet awtoritar režimi bolan döwletleriň çäginden daşda 

ýerleşýän  oppozision  hereketlere  ýurt  bilen  aragatnaşyk 

saklamaga  we  syýasy  aragatnaşyk  ulgamyna  goşulmaga 

mümkinçilik döredýär. Syýasy partiýalara degişlilikde gada-

gançylyk  girizmeklik  resmi  syýasy  oppozisiýanyň  ýurduň 

daşyndan “online” döredilendigini aňladýar. Şonuň ýaly-da, 

bu  raýatlyk  jemgyýetiň  ýolbaşçylarynyň  internet  ulgamy 

tilsimatlarynyň  mümkinçilik  döredýän  başga  guramaçylyk 

görnüşlerinden peýdalanmaly bolýandygyny aňladýar.

R

AÝATLYK

 

BoRÇLARA

 

ÝARDAM

 

BERMEK

Ýaňy-ýakynda  Malaýziýada,  Indoneziýada  we 

Türkiýede  saýlawlar  geçirildi.  Gözegçileriň  aglabasynyň 

pikiriçe,  olar  gowy  geçdi.  Syýasy  kampaniýalary  geçir-

mekde  öýjükli  metbugat  serişdeleri  wajyp  orun  tutdy  we 

şu  jähetden  demokratiýa  has  pugtalanan  ýaly  görünýar. 

Taryhlarynyň  biri-birinden  tapawutlydygyna  garamazdan, 

bu  ýurtlaryň  çäginde  kemala  gelen  syýasy  medeniýete 

birmeňzeş aýratynlyklar mahsusdyr:

•  Täzelikler  babatynda  bu  ýurtlaryň  raýatlary  halkara 

derejesine degişli mazmuny has giňeltdiler;

•  Aragatnaşyk  babatynda,  maşgalalar  we  dost-ýarlar 

internetiň  “Twitter”,  “Facebook”  we  “Orkut”  ýaly 

ulgamlaryna köp gyzyklanma bildirýärler, çünki döw-

letden garaşsyzdyklary sebäpli, olar barlaga sezewar 

bolmaýar;

© AP

 suratlary




Yüklə 1,35 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   18




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©genderi.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

    Ana səhifə