Njy ýylda geçirilen prezident saýlawy abş-nyň taryhynda iň çekeleşikli geçen saýlawlaryň biri boldy



Yüklə 1,35 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə8/18
tarix28.06.2018
ölçüsü1,35 Mb.
#52106
1   ...   4   5   6   7   8   9   10   11   ...   18

bähbidini  aramaýan  ýolbaşçynyň 

hyzmatlary netijesinde biz has hem 

abadandyrys.” 

Şular  ýaly  dramanyň  dürli  görnüş-

leri  her  bir  sagdyn  demokratiýada  ýerine 

ýetirilýär.  Segolene  Roýal  hem:  “Nikola 

Sarkozi ähli fransuz halkynyň hyzmatyn-

da  özüne  edilen  tabşyrygy  berjaý  eder 

diýip  umyt  edýärin”  diýdi.  Saýlawlardan 

soň ýeňşe mynasyp bolanyň we ýeňleniň 

päk ýürekden biri-birine şuňa meňzeş söz-

ler  aýtmagy  demokratik  kampaniýalaryň 

tamamlanandygy  barasynda  bütin  dünýä 

habar  berýär.  Bu  aýdylanlary  sadaja  res-

milik  taýdan,  ýagny  çyn  ýürekden  däl, 

aşa geçirimlilik bilen aýdylan sözler, aňry 

gitse,  geçmişde  galan  bir  gahrymançylyk 

diýip,  hasap  etmekleri  mümkin.  Emma 

olar  ähmiýetli  orun  tutýar,  ýagny 

saýlawda ýeňlen dalaşgäriň netijeler bilen 

ylalaşýandygy  barasynda  edýän  çykyşy 

onuň  netijeleriň  kanunydygyny  kabul 

edýändigini  aňladýar.  Ýeňşe  mynasyp 

bolan dalaşgäriň çykyşy bolsa dalaşgärleriň hemmesini gol-

dap,  çykyş  edenleriň  milli  syýasatyň  gymmatly  bir  bölegi 

bolup galýandygyny aňladýar. Saýlawlaryň her biri, olaryň nä 

derejede çekeleşikli geçendigine garamazdan, halkyň bitewi-

ligini aňlatmak bilen tamamlanýar.



H

ÄKIMIÝETIŇ

 

BIR

 

ELDEN

 

BAŞGA

 

BIR

  

ELE

 

GEÇIŞINIŇ

 

RESMI

 

DABARASY

Saýlawlaryň  gijeki  dramasynda  we  demokratik  pro-

sesde  ýeňlen  dalaşgäriň  has  joşgunly  çykyş  etmek  müm-

kinçiligine  eýedigi  geňdir.  Ýeňiji  öz  çykyşynda  hökmany 

suratda  saýlaw  kampaniýasynda  beren  wadalaryna  gaýdyp 

barýar. Garşydaşynyň merhemetliligini boýun almak arkaly 

ol  aňsatlyk  bilen  özüniň  mertligini  görkezýär,  hut  şol  bir 

wagtyň özünde-de güýçli garşydaşyny öwmegi onuň öz gaza-

nan üstünligini has-da ulalyp görkezýär.

Demokratik jemgyýetde häkimiýetiň bir elden başga bir 

ele  geçişiniň  resmi  dabarasynda  ýeňleniň  joşgunly  sözüniň 

ýerine ýetirmeli has wajyp wezipesi bardyr. Örän tolgundyryjy 

bir pursatda wagtyň çäkliligi zerarly, hiç taýýarlyk görmezden 

diýen ýaly, güýçli bir şahsyýet tarapyndan özüniň razylygy 

barasynda  edilýän  çykyş  jemgyýetçilik  durnuklylygy  we 

kanuny  syýasy  häkimiýetden  ötri  talap  edilýän  sypaýylygy 

bildirmekden başga zat däldir. Ol dabara nukdaý nazaryndan 

demokratiýalaryň  adatça  ýa-da  ýörite  başyndan  geçirýän 

simwolik çökgünlige (saýlawa) çözgüt tapýar we, şeýlelikde, 

meşhur özbaşdaklygy we konstitusion kada-düzgüni görnetin 

pugtalandyrýar. Ýeňlen üçin bolsa joşgunly drama saýlawyň 

netijelerini uly üstünlik edip görkezmek 

pursaty  bolup  hyzmat  edýär:  Ýeňlen 

tarap  geljekde  ýeňiş  gazanmak  ugrunda 

jan etjekdigini ýene-de bir gezek nygtap 

aýdýar.  Hüjümi,  tarapgöýlige  bolan 

ynamy we gapma-garşylykly ýörelgeleri 

aňladýan  sözleriň  hemmesi  geçmiş-

de  galan  ýagşylykdyr  päk  ahlaklylyk 

metaforalaryna,  edermenlige  we  sporta 

syrygýar,  ýagny  fundamental  mana  eýe 

oýnuň oýnalmaly meýdanyna geçýär we 

oýnuň  kada-düzgünlerini  berjaý  etmek 

belli  bir  bäsleşikde  ýeňiş  gazanmakdan 

ýa-da  şowsuzlyga  uçramakdan  has  uly 

ähmiýete eýedir.

Käbir  adamlar  Birleşen  Ştatlaryň 

prezidentlik  saýlawlaryny  duşmanlaryň 

arasynda guramaçylykly geçirilýän söweş 

kampaniýasy hökmünde suratlandyrýarlar 

we  onuň  edil  hakyky  uruş  ýaly  goh-

galmagally  hem  hyjuwly  geçýändigini 

belleýärler.  Metbugat  serişdeleri  hem 

jemgyýet  köpçüliginiň  pikirini  bilmek 

maksady bilen her hepdede geçirýän pikir soraşygynda hut 

bölünişigi  we  gapma-garşylygy  üns  merkezinde  goýup, 

ýeňenleriň we ýeňlenleriň atlaryny aýan etmek bilen şu harby 

mowzugy  has  hem  janlandyrýarlar.  Dalaşgärlerde  hem  öz 

bäsdeşleriniň başarnygy, gylyk-häsiýeti we ýolbaşçylyk uky-

plary barasynda şübhe döreýär. Wezipede bolup dalaşgärleriň 

hatarynda bäsleşýänlere degişli resmi namalar berk barlanýar. 

Dalaşgärleriň  gowşak  tarapyny  tapmak  ugrunda  tagalla 

bary  edilýär.  Wezipede  mahalynda  dalaşgärleriň  arasynda 

bäsleşige goşulanlar “saýlaw režiminde” bolsalar-da, öz gün-

delik edara işini ýerine ýetirmeli bolýarlar. 

Prezidentlik  saýlawlaryň  çäginde  geçirilýän  häzirki 

zaman  kampaniýa  guramalary  saýlawçylary  aýry-aýry 

böleklere  bölüp,  soňra-da  ses  berýän  toplumlaryň  köpüsini 

ideologiýa nukdaý nazaryndan birleşdirmäge synanyşýarlar. 

Şular ýaly strategiýa esasynda ilaty partiýasyna, ştatyna, dini 

ynançlaryna we ş.m. degişlilikde aýry-aýry toparlara bölmäge 

mümkinçilik tapylýar. Bolup geçýän prezidentlik saýlawlaryň 

hersiniň çägindäki kampaniýa ýurduň taryhynda iň bölünişik-

li, iň bir çekeleşikli, iň bir negatiw kampaniýalaryň biri diýlip 

yglan edilýär. Tefsirçileriň köpüsiniň aýdyşyna görä, döwlet 

öň görlüp-eşidilmedik kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

Demokratik  kada-kanuna  gysyş  görkezilýändigi  haky-

katdyr.  Geçmişde  galan  däp-dessurlar,  nägilelikler  we  ters 

düşünjeler  täzeden  peýda  bolýar.  Hyjuwlar  has  ýokary 

göterilýär. Ahyr  soňunda-da  dalaşgärleriň  birinden  başgasy 

we saýlawçylaryň deň ýarsyna golaýy kanagatlanman galýar, 

olaryň tamalary we arzuw-hyýallary puja çykýar.



eJ

ournal

 uSa  

14

eJ



ournal

 uSa  

15

Amerikanyň syýasy ylymlar boýunça alymy pol Korkoran, 



Awstraliyanyň  Adeleid  uniwersitetiniň  syýasy  ylymlarynyň 

dosenti.  Ol  syýasy  aragatnaşyk,  şol  sanda  ygtybarly 

strategiýalar we metbugaty kemala getirmek ýaly mowzuk-

lara, şeýle hem syýasy filosofiýa, syýasata we sungata köp 

gyzyklanma bildirýär.

Aşa  çekeleşikli  geçen  saýlawlardan  soň  ýeňlendigiňi 

boýun alyp edilýän çykyşlaryň gaty çuň manysy bar. Olar 

yglan  edilen  netijeleriň  kanuny  häsiýete  eýe  bolmagy-

na,  milletiň  raýdaşlygynyň  has  hem  pugtalanmagyna  we 

häkimiýetiň bir elden başga bir ele asudalykly netijeli geç-

megine ýardam berýär.

2008


-nji ýylyň noýabr aýynyň 4-ünde heniz sesleriň 

sanalmagynyň dowam edip duran mahalynda, 

Birleşen Ştatlaryň prezidentini saýlamak boýunça geçirilýän 

saýlawlarda  iň  öňde  barýan  dalaşgärler  dörän  syýasy 

dramanyň ahyrky sahnasynda öz rollaryny oýnadylar. Ilkinji 

söz ýeňlen dalaşgär Jon MkKeýne berildi. Onuň ýeňlendigiňi 

boýun  alýandygy  barasynda  sözlän  sözi  çeperçilik  babatda 

wagt synagyndan geçen formula laýykdy:

Dostla!  Ynha,  biz  uzak  syýahatyň  soňuna 

ýetdik,  amerikan  halkyna  mundan  öň  hem, 

häzirki wagt hem anyk geplemek mahsusdyr. 

Mundan az salym öň men hormat bilen senator 

Barak Obamany ýeňşi bilen gutlamak üçin ... , 

ýagny ikimiziň hem söýýän ýurdumyzyň pre-

zidentligine saýlanandygy bilen gutlamak üçin 

jaň etdim. Şu gezekki saýlaw kampaniýasynyň 

çäginde  biziň  gatnaşan  uzak  we  kyn  çekele-

şigimizde onuň gazanan üstünliginiň diňe bir 

özi  onuň  ukybyna  we  tutanýerliligine  mende 

aşa  uly  hormat  döretdi.  Ýöne  meni  haýran 

galdyrýan  zat  onuň  bir  wagtlar,  geçmişde 

özleriniň bitirjek işiniň ýokdugy, Amerikanyň 

prezidentini  saýlamak  üçin  geçirilýän 

saýlawlaryň  netijesine  ol  diýen  bir  täsir  edip 

bilmejekdigi barasynda ýalňyş düşünjä eýeren 

amerikalylaryň millionlarçasynda beýle ýeňşe 

mynasyp  boljakdygyna  uly  ynamdyr  umyt 

döredip  bilmegi  boldy,  men  hem  ony  hut  şu 

üstünligi bilen gutlaýaryn! 

Barak  Obama  hem  öz  ýanyndan  muňa  jogap  edip, 

ýeňşi  barasynda  sözlän  sözünde:  “Biz  hiç  wagt  aýry-aýry 

şahslaryň  ýönekeý  bir  toplumy  bolmandyk  ýa-da  gyzyl 

(aglaba  köpüsi  respublikanlardan  bolan)  we  mawy  (aglaba 

köpüsi demokratlardan bolan) ştatlaryň toplumy hem däldik. 

Biz häzir hem Amerikanyň Birleşen Ştatlarydyrys, geljekde 

hem Amerikanyň Birleşen Ştatlary bolarys” diýdi. Saýlanan 

prezidentiň şu sözlerden soň aýdanlary hakykatyň hatyrasyna 

dogry aýdylan sözler bolup öz bäsdeşine bagyşlanyldy: 

“Şu  agşam,  ýap-ýaňyja  senator  MkKeýn 

maňa  aşa  päk  ýürekden  jaň  etdi.  Bu  saýlaw 

kampaniýasynda  Senator  MkKeýn  uzak  we 

aňsat  bolmadyk  çekeleşiklerden  geçdi.  Ol  öz 

söýýän ýurdy üçin aşa uzak wagtyň dowamy-

nda  tutanýerlilik  bilen  göreşip  geldi.  Onuň 

Amerika üçin beren pidalary biziň köpimiziň 

akylymyza-da gelmez. Şular ýaly batyr we öz 



Demokratiýada ýeňşiň joşgunly sözi

Pol Korkoran

Fransiýada prezident saýlawlaryna gatnaşan sosialist dalaşgär 

Segolene Roýal 2007-nji ýylyň maý aýynyň 6-synda Parižde 

özüniň ýeňlendigini boýun aldy. Özüniň tarapdarlarynyň bu 

ahwalata gynanyp, duýgudaşlyk bildirip duran mahalynda ol: 

“Ýeňiş gazanan Nikolas Sarkozi ähli fransuz halkynyň hyzmatynda 

özüne edilen tabşyrygy berjaý eder” diýip umyt edýärin” diýdi.

© 

AP

 suratlary / Michel Euler



“Jon Kerri” kampaniýasyna 

gatnaşýanlar 2004-nji ýyl dalaşgäriniň 

saýlawyň netijesi bilen ylalaşýandygy 

barasynda sözlän sözüniň teleýaýlym-

da goýberilişine tomaşa edip duran 

pursatynda

© 

AP

 suratlary / Laura Rauch




Yüklə 1,35 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   4   5   6   7   8   9   10   11   ...   18




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©genderi.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

    Ana səhifə