14-nji iýulynda 01/05-16 belgili buýrugy bilen tassyklandy Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda birža söwdasynyň kadalary



Yüklə 105,8 Kb.
tarix27.03.2018
ölçüsü105,8 Kb.
#34868



Türkmenistanyň Adalat ministrligi

tarapyndan 12.08.2015ý. 897 san

bilen bellige alyndy
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal

biržasynyň başlygynyň 2015-nji ýylyň

14-nji iýulynda 01/05-16 belgili

buýrugy bilen tassyklandy

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda

birža söwdasynyň kadalary
1. Şu Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda birža söwdasynyň kadalary (mundan beýläk - Kadalar) “Haryt-çig mal biržalary we birža söwdasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna, “Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň meseleleri hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda çykaran 14074-nji kararyna we şol karar bilen tassyklanan, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (mundan beýläk - Birža) Düzgünnamasyna laýyklykda işlenip düzüldi we Birža söwdalaryny guramagyň we geçirmegiň tertibini düzgünleşdirýär.

2. Bu Kadalaryň talaplary Birža, birza söwdalaryna gatnaşyjylar we beýleki gyzyklanýan taraplar tarapyndan ýerine ýetirilmelidir.

3. Şu Kadalarda ulanylýan adalgalar we düşünjeler ýokarda görkezilen kadalaşdyryjy hukuk namalarynda kesgitlenen manylarda ulanylýar.

4. Birža söwdalarynda önümleriň aýry-aýry görnüşlerini ýerlemegiň amallary Türkmenistanyň Prezidentiniň namalary we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalar bilen düzgünleşdirilip bilner.



5. Birža söwdalary aşakdaky ýörelgeler esasynda guralýar:

birža söwdalarynyň geçirilişiniň aýanlygy we köpçülikleýinligi;

birža söwdalarynda nyrhlaryň emele getirilmeginiň erkinligi;

birža geleşiklerini baglaşmagyň meýletinligi;

birža söwdasyna gatnaşyjylar üçin birža söwdalaryna gatnaşmagyň şertleriniň deňligi.

6. Birža söwdalary köpçülikleýin aýanlyk söwdasy we bäsleşikli (auksion) söwdasy görnüşlerde öňünden bellenilen ýerde we wagtda geçirilýär.

7. Birža söwdalarynyň geçiriljek wagty we ýeri Biržanyň başlygy tarapyndan kesgitlenýär. Biržanyň başlygy söwdalaryň has netijeli bolmagyny gazanmak maksady bilen birža söwdasynyň geçirilmeli senesini, wagtyny we ýerini söwda gatnaşyjylary deslapdan habarly etmek bilen üýtgedip biler.

8. Birža söwdalaryna şu aşakdakylar gatnaşýarlar:

Birzanyň başlygy we onuň orunbasarlary;

Biržanyň söwdalaryna hyzmat edýän we geleşikleri amala aşyrmaga hem-de birža söwdasynyň gidişine goşulmaga hukugy bolmadyk, Biržanyň başlygy tarapyndan kesgitlenilýän işgärleri;

öz wezipe gulluk borçlaryna laýyklykda birža söwdalaryny guramaklyga we geçirmeklige degişli Biržanyň hünärmenleri;

birža söwdasyna gatnaşmaga hukuk berlen dellallar;

geleşikleri amala aşyrmaga we birža söwdasynyň gidişine goşulmaga hukugy bolmadyk, Biržada bolmaklygy Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan ygtyýarly edilen ýa-da Birža tarapyndan rugsat berlen şahslar;

Biržada akkreditirlenen birža dellallary bolup durmaýan ýuridiki we fiziki şahslar;



Biržanyň başlygy tarapyndan ygtyýar berlen şahslar;

Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen beýleki şahslar.

9. Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň fiziki hem-de eýeçiligiň ähli görnüşlerindäki ýuridiki şahslary birža söwdasyna satyjy ýa-da satyn alyjy bolup gatnaşmak üçin Türkmenistanyň kanunçylygybnda bellenen tertibe laýyklykda dellallyk ýerini satyn alýarlar. Dellallyk ýerini satyn almadyk şahslar birža söwdalarynda harytlary satyn almak - satmak amallaryny Biržanyň dellallary bilen dellalçylyk hyzmatlaryny amala aşyrmak barada baglaşylan şertnama esasynda amala aşyryp bilerler.

10. Dellallyň işini bes etmek üçin esaslar:

dellallyk ýerini ýapmak barada arza;

dellallyk ýeri üçin ýyllyk töleginiň bellenen möhletde tölenmezligi;

dellallyk ýeri üçin ýyllyk tölegini tölemekden ýüz dönderilmegi;

Biržanyň Arbitraž toparynyň çözgüdi;

ýuridiki şahsyň işiniň bes edilmegi ýa-da ýatyrylmagy.

11. Birža söwdasyna gatnaşýan dellallaryň hukuklary:

Biržada söwda amallaryny geçirmäge;

Biržanyň ähli hyzmatlaryndan peýdalanmaga;

özüne degişli resminamalar boýunça maglumatlary sorap almaga.

12. Birža söwdasyna gatnaşýan dellallaryň borçlary:

Türkmenistanyň Kanunlaryny, şu Kadalary we Biržanyň başlygynyň söwda amallarynyň geçirilişini düzgünleşdirýän görkezmelerini berjaý etmäge;

dellallyk ýeri üçin Birža tarapyndan kesgitlenen her ýyllyk tölegi we degişli ýygymlary wagtynda tölemäge;

Biržanyň işi hakyndaky aýan edilmesiz täjirçilik syryny düzýän maglumatlary ýaýratmazlyga;

birža söwdalaryna gatnaşmaga hukuk berýän elektron kartalary aýawly saklamaga we olary ýitiren ýa-da döwen halatynda öwezini dolmaga.

13. Fiziki şahsyň diňe bir dellallyk ýerine wekilçilik etmegine ygtyýar berilýär.



14. Satyjy-dellal tarapyndan birža söwdasyna harytlary satuwa çykarmak üçin aşakdaky resminamalar berilýär:

Birža tarapyndan kesgitlenilen görnüşde doldurylan, harydy satuwa çykarmak üçin ýüztutma (goşundy);

Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2008-nji ýylyň 30-njy dekabrynda 475 san bilen bellige alnan, “Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda birža söwdalaryna harytlary çykarmak we şertnamalary hasaba almak üçin zerur resminamalaryň sanawlaryny tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygynyň 2008-nji ýylyň 26-njy dekabrynda çykaran 01/05-55 belgili buýrugynda bellenen beýleki resminamalar.



15. Satyjy-dellalyň harydy birža söwdasyna çykarmak baradaky ýüztutmasy Biržanyň maglumatlarynyň elektron binýadyna girizilýär we oňa degişli birža gulluklary tarapyndan harytlary birža söwdalaryna goýbermek üçin nyrhlar we resminamalaryň barlygy we dogrylygy boýunça garalýar.

16. Dessine ýerlenilmegini talap edýän harytlar Biržanyň maglumatlarynyň elektron binýadyna ýüztutmany deslapdan girizmezden söwdanyň başlanmagyna azyndan 2 (iki) sagat galýança gyssagly ýüztutmanyň (dellalyň familiýasy we belgisiniň görkezilmegi bilen) Birža söwdasyny guraýjy bölümine berilmegi arkaly satuwa çykarylýar.

17. Dellalçylyk ýüztutmalaryna girizilen üýtgemeler söwdalaryň başlanmagyna çenli 2 (iki) sagat galýança kabul edilýär.

18. Satyjy birža söwdalaryna çykarylýan harydyň möçberlerini, başlangyç nyrhlaryny (dünýä bazarlaryndan ugur alnyp ýa-da soňky birža söwdasynyň jemleri esasynda), eltmegiň şertlerini we beýleki gerek bolan maglumatlary ýüztutmada görkezip, birža söwdasyna hödürleýär.



19. Türkmenistandan eksport edilýän harytlar üçin nyrhlaryň esassyz peseldilmegine ýol bermezlik we birža söwdasynda ýerlenýän harytlaryň bahasy barada ygtybarly maglumat almak maksady bilen, birža bahalaryň kotirowkasy geçirilýär. Bahalaryň kotirowkasy birža harydynyň (harytlaryň toparynyň) her bir görnüşi boýunça aýratynlykda Birža tarapyndan kesgitlenilen usullara laýyklykda amala aşyrylýar. Biržada bahalaryň kotirowkasy diňe birža söwdalaryna hemişe çykarylýan möhüm harytlar boýunça kesgitlenilýär. Bahalaryň kotirowkasy geçirilende satyjylaryň we alyjylaryň tötänden baha emele getirýän ýagdaýlaryndan ugur alyp, şol sanda bahalara öz bähbitleri üçin täsir etmek netijesinde we bazaryň hakyky ýagdaýyndan gelip çykmaýan aýry-aýry bahalaryny nazara almazlyga Biržanyň hukugy bardyr.

20. Birža kotirowkalary habar beriji häsiýete eýedir we birža söwdalaryna gantaşyjylar hem-de beýleki gyzyklanýan taraplar üçin çen tutar bolup durýar.

21. Birža kotirowkalary we haryt bazarynyň ýagdaýy baradaky maglumatlar gyzyklanýan taraplaryň soramagy boýunça berlip biliner.

22. Birža harytlary, eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça bellenmedik bolsa, birža geleşiginiň taraplarynyň ylalaşygy boýunça emele gelen erkin bahalar boýunça ýerlenýär.

23. Birža harytlarynyň bahasynyň derejesi olara birža söwdalary geçirilýän wagty bildirilýän islegiň we teklibiň biri-birine bolan gatnaşygy esasynda kesgitlenýär.

24. Birža söwdalary geçirilýän mahaly Birža, birža harytlaryň nyrhlarynyň emeli ýokarlandyrylmagyna ýa-da peseldilmegine, nyrhlara öz bähbitleri üçin täsir etmek maksady bilen ylalaşyklara, ýalan habarlaryň ýaýradylmagyna ýol bermezlik üçin çäreleri görýär.

Nyrhlara öz bähbitleri üçin täsir edilmegi, ýagny birža söwdalaryna gatnaşyjylar tarapyndan haryt boýunça geçirilýän amaldan girdeji ýa-da başga bir peýda gazanmak maksady bilen şol harytlaryň birža nyrhlarynyň emeli üýtgedilmegine gönükdirilen şu aşakdaky hereketlerine ýol berilmeýär:

bazar bahasyndan düýpli tapawut edýän nyrhdaky harydy satmak we satyn almak baradaky ýüztutmalar bilen şol bir wagtda Birža ýüzlenmek;

birža söwdasyna gatnaşyjylaryň bazar nyrhlaryndan düýpli tapawut edýän nyrhdan harydy satyn almak - satmak barada dil düwüşmegi;

birža harydynyň eýesiniň üýtgemezligine getirýän geleşikleri baglaşmak;

özi üçin bähbitli bazar ýagdaýyny döretmek, bazara maglumatlaryň üsti bilen täsir etmek, şol sanda harytlyk bazarynyň dürli görnüşleriniň ýagdaýy we ösmeginiň geljegi hem-de onuň gatnaşyjylary barada ýalan maglumatlaty ýaýratmak, hakykata laýyk gelmeýän nyrh durnuklylygyny görkezmek ýa-da harydyň geçginliligini ýalandan suratlandyrmak.

25. Birža tabşyrylan resminamalaryň dogrulygy we hakykata laýyklygy üçin ýüztutmany beren şahs jogapkärçilik çekýär.

26. Biržanyň Satyn alyjy-dellaldan aýratyn haryt loty boýunça kepillik pul gatançlarynyň tölenilendigini tassyklaýan resminamany talap etmäge hukugy bardyr. Bu amal Satyn alyjy-dellalyň meýliniň çynlakaýlygyny tassyklamak üçin ýerine ýetirilýär.

27. Birža söwdalaryna çykarmak üçin berlen we söwdalara goýberilen harytlary satuwa çykarmak baradaky ýüztutma esasynda birža harytlarynyň maglumatnamasy düzülýar we ol söwdalaryň başlanmagyna çenli 1 (bir) gün öňünden çap edilýär.

28. Geçiriljek birža söwdalary barada habar bermek üçin Birža köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde we Biržanyň internet saýtynda maglumatlary ýerleşdirýär.

29. Birža söwdalarynyň barşynda birža söwdasyna gatnaşyjylar tarapyndan şu aşakdaky geleşikler amala aşyrylyp bilner:

hakyky (real) harydy satyn almak we satmak geleşigi, şol sanda harydy haýal etmän gowşurmak ýa ibermek, ýa-da haryda bolan eýeçilik hukugynyň resminamalaryny gowşurmak;

forward geleşigi;

fýuçers geleşigi;

opsion geleşigi;

harytlaryň, şertnamalaryň ýa-da hukuklaryň satyn alynmagynyň-satylmagynyň birža söwdasynyň kadalarynda bellenilen başga geleşikler.



30. Birža geleşikleri birža söwdalarynyň barşynda şu Kadalarda göz öňünde tutulan tertipde dellallaryň arasynda baglaşylýar. Şu Kadalaryň bozulmagy bilen baglaşylan geleşikler üçin Birža jogapkärçilik çekmeýär we nägilelikleri kabul etmeýär.

31. Birža geleşiginiň mazmuny (harydyň adyndan, mukdaryndan, bahasyndan, geleşigiň pul birliginden, harydyň ýerleşýän ýerinden we ýerine ýetirilmeli möhletinden başga) täjirçilik syrydyr we jar edilmäge degişli däldir.

32. Biržanyň resminamalarynyň ähli görnüşleri Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplaryny nazara almak bilen resmileşdirilýär.



33. Birža geleşigi söwdany alyp baryjy tarapyndan söwda gatnaşyjylarynyň geleşigi amala aşyrmaga dil üsti we elektron görnüşinde awtomatlaşdyrylan iş ýerinden beren razyçylygynyň jemagat öňünde yglan edilen pursadyndan baglaşyldy diýlip hasap edilýär.

34. Birža, söwdalara gatnaşyjylaryň geçiriliş düzgünini berjaý edýär we olaryň şahsyýetini anyklaýar. Birža söwdasyna gatnaşyjylar Biržanyň söwda jaýyna girmek üçin Birža tarapyndan berlen elektron kartyny görkezýärler.

35. Biržanyň söwda jaýyna söwda gatnaşyjylary goýbermek söwdanyň başlanmagynyň 15 (on bäş) minut öňünden başlanýar. Birža söwdasyna gatnaşyjylaryň özüni alyp barşy Biržanyň abraýyny saklamaklyga gönükdirilen işewürlik edebine laýyk gelmelidir we şoňa degişli derejede geýnen bolmalydyrlar. Söwda gatnaşyjylar söwdanyň dowamynda söwda jaýyndan çykmaly däldirler. Söwdalarda Satyjy-dellalyň bolmadyk halatynda onuň ýüztutmasy söwdadan aýrylýar, dellala bolsa şu Kadalarda bellenen temmi çäresi ulanylyp bilner.

36. Söwdanyň başlanandygy we tamamlanandygy barada söwdany geçirmeklige ýolbaşçylyk edýän we baglaşylan geleşikleriň dogry resmileşdirilmegine gözegçilik edýän söwdany alyp baryjy mälim edýär.

37. Söwdany alyp baryjy söwdany Biržanyň maglumatnamasynda ýerleşdirilen haryt toparlarynyň tertibine laýyklykda alyp barýar. Satyn alyjy-dellal haryt lotuna bolan gyzyklanmasyny awtomatlaşdyrylan iş ýerinden girmek ýa-da dellalçylyk kartyny galdyrmak bilen bildirip biler. Söwdany alyp baryjynyň söwda gatnaşyjylaryň haýyşy boýunça öňki yglan edilen lota gaýdyp gelmäge hukugy bardyr.

38. Birža söwdasyna çykarylan haryda Satyn alyjy-dellal tarapyndan başlangyç bahadan isleg bildirilende, Satyjy-dellalyň söwdanyň dowamynda öz harydynyň nyrhyny galdyrmaga hukugy ýokdur. Harydyň nyrhy, haryda birnäçe Satyn alyjy-dellalyň isleg bildiren halatynda islegleriň we teklipleriň netijesinde galdyrylyp bilner. Eger-de, söwdanyň dowamynda haryda gyzyklanma dörän bolsa, Satyjy-dellalyň söwdanyň dowamynda harydy söwdadan aýyrmaga hukugy ýokdur.

39. Satyjy-dellalyň esaslandyrylan sebäpleri görkezmezden Satyn alyjy-dellal bilen geleşik baglaşmakdan boýun gaçyrmaga hukugy ýokdur. Eger-de, Satyjy-dellal geleşik baglaşmakdan boýun gaçyrsa, bu onuň söwda gatnaşmadygy hasap edilip, oňa şu Kadalarda bellenen temmi çäresi ulanylyp bilner.

40. Satuwa çykarylan harytlar geçirilen 3 (üç) söwdanyň dowamynda ýerlenilmese we satyjy tarapyndan olaryň bahasy arzanladylmasa, harydy söwda çykarmak baradaky ýüztutma söwdadan aýyrlyp bilner. Öň beýan edilen şertler boýunça satyn alyjylar tarapyndan haryda isleg bolmadyk halatynda, Satyjy-dellalyň söwdalara çykarylan haryt üçin satmagyň esasy şertlerine we nyrhlara üýtgetmeleri girizmäge hukugy bardyr.

41. Eger-de, haryt lotuny satyn almaga birnäçe alyjy isleg bildirse, onda söwdany alyp baryjy olaryň arasynda Birža tarapyndan kesgitlenilen usullara laýyklykda bäsleşikli (auksion) söwdasyny geçirýär. Harydy iň ýokary bahadan satyn alýan alyjy bäsleşikli (auksion) söwdasynyň ýeňijisi diýlip hasap edilýär.

42. Söwdalarda bildiriş etmek söwdany alyp baryjy tarapyndan amala aşyrylýar. Söwda gatnaşyjylaryň söwdalaryň dowamynda bildiriş etmäge hukuklary ýokdur.

43. Biržanyň söwda jaýynda bolan adamlar özüni alyp barmak kadalaryny bozan halatynda, söwdany alyp baryjynyň olary söwda jaýyndan çykarmaga hukugy bardyr.

44. Biržanyň başlygynyň we onuň orunbasarlarynyň söwdalaryň gidişine goşulmaga hukugy bardyr (söwdany duruzmaklyga we birža gününi ýapmaga çenli).

45. Satyjy-dellal bilen Satyn alyjy-dellalyň arasynda geleşigi baglaşmak baradaky razyçylyk alnandan soň, söwdany alyp baryjy bu geleşigi jemagat öňünde yglan edýär we resmileşdirýär.

46. Söwdalar tamamlanýança gatnaşyjylar birža geleşigiň şertlerini anyklamak bilen baglanyşykly ähli meseleler boýunça öz aralarynda özbaşdak maslahatlaşyp bilerler. Bu birža geleşigini resmileşdirmek üçin Satyjy-dellal we Satyn alyjy-dellal söwdany alyp baryja ýüzlenýärler. Geleşigi resmileşdirmek we bellige almak birža söwdasy tamamlanandan soň 2 (iki) sagatdan gijä galman amala aşyrylýar.

47. Söwdany alyp baryjy tarapyndan geleşigiň baglaşylandygy yglan edilenden soň, ony tassyklamakdan ýa-da gol çekmekden boýun gaçyrylsa, boýun gaçyran tarapa şu Kadalarda bellenen temmi çäreleri ulanylyp bilner.

48. Bellige alnan geleşik esasynda söwdany alyp baryjy tiketi resmileşdirýär, oňa Satyjy-dellal, Satyn alyjy-dellal we söwdany alyp baryjy gol çekýärler.

49. Birža söwdasynda baglaşylan geleşigiň esasynda birža şertnamasynyň (azyndan 3 nusgada) resmileşdirilmegi we 7 (ýedi) iş gününiň (geleşigiň reşmileşdirilen gününi hasaba almazdan) dowamynda Biržada bellige alynmagy üçin Satyjy we Satyn alyjy jogapkärdir. Käbir halatlarda Biržanyň ýolbaşçylygynyň ylalaşygy esasynda şertnamany resmileşdirmegiň möhleti uzaldylyp bilner. Görkezilen möhlet berjaý edilmedik halatynda şertnamanyň tarapyna (taraplaryna) şu Kadalarda bellenen temmi çäreleri ulanylyp bilner.

50. Degişli birža gulluklary öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde bellige alynmaga berlen şertnama garaýarlar hem-de onuň Türkmenistanyň we halkara kanunçylygynyň talaplaryna laýyklygyny barlaýarlar. Birža gulluklary tarapyndan makullanyp, Biržanyň ýolbaşçylary tarapyndan bellige almaga rugsat berlenden soň, şertnamanyň taraplary degişli birža ýygymlaryny töleýärler we şondan soň şertnama Biržanyň ýolbaşçylary tarapyndan gol çekilýär hem-de oňa bellige alyş belgisi berilýär. Bellige alnan şertnamalar şertnamanyň taraplaryna berilýär, bir nusgasy bolsa Biržanyň arhiwine saklamak üçin berilýär. Bir aýyň dowamynda talap edilmedik bellige alnan şertnamalar, Biržanyň Arbitraž toparynyň çözgüdi esasynda ýatyrylýar we arhiwe tabşyrylýar.

51. Birža söwdalarynyň dowamynda baglaşylan şertnamalary bellige almak we birža işini amala aşyrmaga gönükdirilen beýleki amallar boýunça edilen hyzmatlar üçin Birza tarapyndan bellenilen nyrhlarda kesgitli töleg alynýar.

52. Birža söwdasyna gatnaşyjylar bilen hasaplaşyklar manatda (dahyllylardan) we daşary ýurt pulunda (dahylsyzlardan) degişli Birža gulluklarynyň üsti bilen amala aşyrylýar.

53. Geçen birža söwdalary, birža geleşikleriniň nyrhlary we birža harytlaryň kotirowkasy baradaky maglumatlar biržanyň internet saýty we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen habar berilýär.

54. Birža söwdalary guralanda we geçirilende jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakyndaky Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen çäreler degişli barlag işlerini geçirmek we maglumatlary talap edip almak arkaly amala aşyrylýar.

55. Birža söwdasyna gatnaşyjylar Türkmenistanyň kanunçylygynyň, şu Kadalaryň we birža söwdasyny kadalaşdyrmak boýunça Biržanyň beýleki kadalaşdyryjy resminamalarynyň bozulmagy üçin jogapkärçilik çekýärler.

56. Biržada bellige alnan şertnamalardan gelip çykýan borçlarynyň ýerine ýetirilmezligi ýa-da talaba laýyk ýerine ýetirilmezligi üçin birža söwdasyna gatnaşyjylar Türkmenistanyň kanunçylygyna we şu Kadalara laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.

57. Birža geleşikleri we birža söwdasy bilen baglanyşykly beýleki meseleler boýunça ýüze çykýan jedellere, şu Kadalaryň we Birža söwdasyny geçirmegiň Türkmenistanyň Prezidentiniň namalary we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalar bilen bellenen düzgünleriniň bozulmalaryna Biržanyň Arbitraž topary tarapyndan garaar. Arbitraž toparynyň başlygy we agzalary Biržanyň başlygynyň buýrugy bilen bellenýär. Arbitraž toparynyň ygtyýarlyklary we işlemeginiň tertibi şu Kadalarda hem-de degişli kadalaşdyryjy hukuk namalarda kesgitlenýär.

58. Biržanyň Arbitraž toparynyň ygtyýarlyklary:

Birža söwdasynda baglaşylan geleşikleriň hereketini ýatyrmak (dikeltmek);

Biržada bellige alnan we wagtynda talap edilmedik şertnamalaryň hereketini ýatyrmak (dikeltmek);

Birža geleşikleri we birža söwdasy bilen baglanyşykly beýleki meseleler boýunça ýüze çykýan jedellere garamak;

Biržada bellige alnan şertnamalar baglaşylanda, olara üýtgetmeler girizilende, ýerine ýetirilende we hereketi ýatyrylanda ýüze çykýan jedellere garamak;

şu Kadalaryň we birža söwdasyny geçirmegiň Türkmenistanyň Prezidentiniň namalary we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalar bilen bellenen düzgünleriniň birža söwdalaryna gatnaşyjylar, şertnamalaryň bellige alynmagy üçin ýüz tutan taraplaryň ýol beren bozulmalaryna garamak.

Arbitraž topary delillendirilen esaslar boýunça öz çykaran çözgüdini ýütgedip, ýatyryp we dikeldip biler.

59. Arbitraž toparynyň çözgüdi bilen ylalaşylmadyk ýagdaýynda taraplaryň Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetine ýüz tutmaga hukugy bardyr.

60. Birža söwdasyna gatnaşyjylara we şertnamanyň taraplaryna jerime salynmagyna degişli düzgün bozmalaryň görnüşleri şulardan ybarat:

Satyjy-dellalyň birža söwdasyna gatnaşmazlygy;

Satyjy-dellalyň birža söwdasyna çykarylan harydy satmakdan ýüz döndermegi;



bäsleşikli (auksion) söwdasyny geçirmegiň bellenen tertibini bozmak;

birža söwdasynda baglaşylan geleşigi tassyklamakdan we oňa gol çekmekden ýüz döndermek;

birža söwdasynda baglaşylan geleşik esasynda şertnamany resmileşdirmegiň şu Kadalarda bellenen möhletini bozmak;

birža söwdasynda baglaşylan geleşik esasynda şertnamany resmileşdirmekden ýüz döndermek;

şertnamany bellige almak üçin birža ýygymyny tölemegiň şu Kadalarda bellenen möhletini bozmak;

şertnamany bellige almak üçin birža ýygymyny tölemekden ýüz döndermek;

birža söwdasyny geçirmegiň şu Kadalarda, Türkmenistanyň Prezidentiniň namalary we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalar bilen bellenen düzgünlerini bozmak.

61. Şu Kadalaryň we birža söwdasyny geçirmegiň Türkmenistanyň Prezidentiniň namalary we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalar bilen bellenen düzgünleriniň bozulmagy üçin şu aşakdaky temmi çäreleri göz öňünde tutulýar:

birinji gezek bozulmagy üçin - Türkmenistanyň dahyllylaryna 600 (alty ýüz) manat we Türkmenistanyň dahylsyzlaryna 3000 (üç müň) amerikan dollary möçberde pul jerimesi;

bir ýylyň dowamynda gaýtadan bozulmagy üçin - Turkmenistanyň dahyllylaryna 1200 (bir müň iki ýüz) manat, Türkmenistanyň dahylsyzlaryna 6000 (alty müň) amerikan dollary möçberde pul jerimesi ýa-da iki ýyla çenli möhlete Biržada söwda amallaryny alyp barmak hukugyndan mahrum etmek;

degişli kadalaşdyryjy hukuk namalara laýyklykda ygtyýarly edilen edaralar tarapyndan bellenen temmi çäreleri hem göz öňünde tutulyp bilner.

62. Birža pul jerimeleriniň tölenilmegini kepillendirmek maksady bilen birža söwdalaryna gatnaşyjylara ilkibaşdaky (hakujy) tölegi belläp biler.

63. Birža söwdasynyň barşynda baglaşylan şertnamanyň bellige alynmagy üçin şertnamanyň taraplarynyň her birinden degişli birža ýygymlary Türkmenistanyň dahyllylaryndan milli pulda, Türkmenistanyň dahylsyzlaryndan şertnamanyň pul birliginde alynýar. Taraplaryň ylalaşygy boýunça Satyjynyň tölegini Satyn alyjy töläp biler. Birža ýygymy birža tiketiniň resmileşdirilen we hasap-fakturasynyň ýazylyp berlen gününden başlap 10 (on) iş gününiň dowamynda tölenmelidir. Tölenen birža ýygymlary gaýtarylmaga degişli däldir. Käbir halatlarda Biržanyň ýolbaşçylygynyň ygtyýary esasynda birža ýygymyny tölemegiň möhleti uzaldylyp bilner.

Türkmenistanyň Döwlet haryt - çig mal biržasynda birža söwdasynyň kadalaryna goşundy

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy


Harydy satuwa çykarmak üçin ýüztutma
Ýüztutmanyň berlen senesi:___________________________________________

Satyjy: ___________________________________________________________

Ýüztutmanyň hereket edýän möhleti:____________________________________

Haryt topary:_______________________________________________________

Harydyň ady: ______________________________________________________

Harydyň ýerlenýän bazary (içeriki/daşarky):______________________________

Harydyň möçberi: __________________________________________________

Ölçeg birligi: ______________________________________________________

Birliginiň bahasy: __________________________________________________

Jemi bahasy: ______________________________________________________

Walýuta:_________________________________________________________

Haryt lotunyň bölünmegi:____________________________________________

Geleşigiň görnüşi: harydy haýal etmän gowşurmak, ibermek;

haryda bolan eýeçilik hukugynyň resminamalaryny gowşurmak

(aşagyny çyzmaly)

Harydy gowşurmagyň görnüşi: _______________________________________

Harydy gowşurmagyň we alyp gitmegiň möhleti:_________________________

Töleg şertleri: _____________________________________________________

Öndüriji ýurt: ____________________________________________________

Harydyň ýerleşýän ýeri: _____________________________________________

Goşmaça şertler: ___________________________________________________

Dellalyň F.A.Aa. we belgisi: _________________________________________


Satyjynyň maglumatlary (salgysy, bank maglumatlary, telefon, faks, elektron poçtasynyň belgileri):________________________________________________________

________________________________________________________________

________________________________________________________________

Birža söwdasynyň kadalary bilen tanyşdym:



M.Ý. Goly:__________
Yüklə 105,8 Kb.

Dostları ilə paylaş:




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©genderi.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

    Ana səhifə