Iman esaslarynyň şerhi



Yüklə 3,73 Mb.
səhifə1/4
tarix16.08.2018
ölçüsü3,73 Mb.
#63454
  1   2   3   4

1438



Iman esaslarynyň şerhi

[ تركماني - Turkmen - Türkmençe]

Ýazan: Şeýh Muhammet ibn Salyh Al-Useýmin



شرح أصول الإيمان

الشيخ / محمد بن صالح العثيمين



Sözbaşy

Rahman we Rahym bolan Allanyň ady bilen...

Ähli hamdu-senä diňe Allahadyr! Oňa hamd aýdýarys, Ondan ýardam we magfyret (bagyşlanmak) soraýarys! Nebislerimiziň şerinden we ýaman amallarymyzdan Ondan pena soraýarys! Alla kime hidaýet etse (ýagny, ony dogry ýola salsa), ony ýoldan azaşdyrjak ýokdur! We kimi azaşdyrsa, ony dogry ýola saljak hem ýokdur!

Alladan başga ybadata mynasyp, hiç bir ilähiň ýokdugyna şaýatlyk edýärin! Ol ýeketäkdir we Onuň şärigi hem ýokdur! We Muhammediň -sallallahu aleýhi we sellemiň- Onuň bendesi we resulydygyna (pygamberidigine) şaýatlyk edýärin!

«Töwhid» ylmynyň ähmiýeti: Takyk, «Töwhid» ylmy öz gymmatlygy taýdan ylymlaryň soltanydyr we buýruk taýdan ynsana iň wajybydyr. Sebäbi, bu ylym Alla tebärek we tagalanyň hut Özi barada, Onuň atlary, sypatlary we Öz gullarynyň üstündäki haklary babatyndaky ylymdyr. Bu ylym, Alla tagala eltýän ýoluň açarydyr we dininiň düýp esasydyr. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, bu «Töwhid» ylmyna, ähli pygamberler bir agyzdan çagyrandyrlar.

Bu barada Alla tebärek we tagala Kurany Kerimde şeýle diýdi: «(Eý, Muhammet!) Biz sizden öň iberilen her bir pygambere: «Şübhesiz, Menden başga hiç-hili iläh ýokdur, bes, diňe Maňa ybadat ediň!» diýip wahyý iberendiris» (Enbiýa:25).

Ýene-ki, aýatlarda Alla tagala, onuň perişdeleri we ylym eýeleri Onuň (ýagny, Alla tagalanyň ýaratmakda, ybadatda, atlarynda we sypatlarynda) birdigine, şaýatlyk berendikleri barada şeýle diýdi: «Alla Özünden başga (ybadata laýyk) ilähiň ýokdugyna, adalaty dik tutup şaýatlyk berdi. Perişdeler we ylym eýeleri hem (bu hakykaty ykrar etdiler). Gudraty güýçli we hikmet eýesi bolan Ondan (Alladan) başga iläh ýokdur» (Äli-Imran:25).

Indi «Töwhid» ylmynyň orny bu dejede uly bolýan bolsa, onda adam ogly öz dinini sagdyn köküň, esasyň üstünde bina eder ýaly, bu ylmy öwrenip-öwretmek, onuň üstünde akyl işledip, durup geçmek we ony özüne ynanç-ygtykat edinmek, her bir musulmana wajyp bolup durýandyr. Diňe şonda ynsan «Töwhidiň» netijesini görjekdir we bagtly kişilerden boljakdyr.

***

Yslam dini näme?

Bu dini Alla tagala, pygamberimiz Muhammet-sallallahu aleýhi we sellemiň- üsti bilen iberendir. Alla tagala öňki pygamberleriniň getiren dinlerini, Yslam dini bilen soňlap, ony Öz gullary üçin kämil kyldy. Adamlary jahyllygyň garaňkylygyndan çykaryp, Yslam nuruna girizmeklik bilen, öz nygmatyny tamamlady we Yslamy din edip saýlady. Takyk, bu dinden başga din, Onuň huzurynda kabul bolýan däldir.

Bu barada Alla tagala şeýle aýtdy: «Bu gün siziň diniňizi kämil kyldym, nygmatymy nogsansyz doly, bol edip berdim we siz üçin Yslamy din edip saýladym» (Engam:3).

«Muhammet sizden (möminlerden) bir kişiniňem atasy däldir, belki, ol Allanyň pygamberi we pygamberleriň soňkusydyr. Alla barça zady bilýändir» (Ahzab:40).

«Elbetde, Alla alnynda kabul bolýan din, diňe Yslam dinidir» (Äli-Imran:19).

«Kim-de-kim Yslamdan özge din islese, bes, (onuň «dini» Alla alnynda) hergiz kabul edilmeýär we ol ahyretde zelel görüjilerdendir» (Äli-Imran:85).

Alla tagala ähli ynsanlara, şu din bilen Özüne ybadat etmekligi buýrandyr. Alla tebärek we tagala Pygamber -sallallahu aleýhi weselleme- ýüzlenip şeýle diýdi: «Aýdyň (Eý, Muhammet!): «Eý, adamlar! Elbetde, men siziň ähliňize Allanyň (iberen) ilçisidirin. Ol şeýle beýik bolup, Asman we Ýer onuň mülküdir. Ondan başga ybadata mynasyp iläh ýokdur. Ýaşaýyş hem, ölüm hem Onuň eradasy bilendir. Indi Alla, Onuň ilçisine we Onuň sözlerine ynanýan ummiý (sowatsyz) pygambere iman getiriň we oňa eýeriň, hökman hidaýat taparsyňyz» (Agraf:158).

Hadyslar ýygyndysy «Sahyh Muslim» kitabynda gelişi ýaly, Ebu Hureýräniň -Alla ondan razy bolsun- rowaýat etmeginde, Allanyň resuly Muhammet -sallallahu aleýhi wesellem- aýtdy: «Muhammediň jany elinde bolan Alladan kasam ki, şu ymmatdan biri, ýahudy (ýewreý) bolsun ýa nasrany (hristian) bolsun, men barada eşidip, soňra hem maňa inderilen zada iman etmän ölse, ol kişi Dowzah eýelerinden bolar» (Muslim).

Pygambere iman etmeklik diýilende: «Onuň getiren zadyny dogry saýyp we kabul edip çäklenmän, megerem, tagat-ybadat bilen oňa boýun bolmakdyr». Şonuň üçin hem (Pygamberimiz -sallallahu aleýhi wesellemiň- daýysy) Ebu-Talyp, onuň getiren zadyny dogry saýyp we dinleriň iň gowysydygyna şaýatlyk bereni bilen hem, (onuň yzyna eýermänligi sebäpli) ol Pygamber -sallallahu aleýhi weselleme- iman edenlerden bolmady.

Yslam dini: «Bu öňki dinleriň ähli getiren peýdalaryny öz içine alandyr. Şeýle-de Yslam dini ähli zamanlara, mekanlara we ähli halklara görä, mynasyp, gabat gelmegi bilen tapawutlanýandyr. Alla tagala Öz resulyna ýüzlenip şeýle diýdi: «Size bolsa (eý, Muhammet), özünden öňki kitaplary tassyklaýjy we olara güwä bolan bu Kitaby (Kurany), hak-rast hasyl kyldyk» (Mäide:48).

Ähli zamanlara, mekanlara we ähli halklara görä, mynasyp gabat gelýär, diýmegimiziň manysy: «Ýagny, bu dine eýermeklik hiç bir zamanda, hiç bir ýerde, hiç bir halka zyýan bermän, gaýta onuň peýdasynadyr. Emma käbir adamlaryň isleýşi ýaly, bu din her bir zamanyň, mekanyň we halkyň islegine görä, olara tabyndyr diýen manyda däldir».



Yslam dini: Bu din hak din bolup, Alla tagala oňa berk ýapyşan kişä ýardam berjegini we beýlekileriň üstünden ýeňiş gazandyrjagyny wada kylyp şeýle diýdi: «Ol (Alla) Öz pygamberini hidaýat we hak din bilen (eger müşrikler islemese-de) ähli dinlerden üstün etmek üçin iberen (ilähdyr)» (Saf:9).

«Alla siziň iman getirenleriňizi we ýagşy amal edenleriňizi edil öň geçen (iman-ygtykatlylary ýer ýüzünde) halypa hökmürowan edişi ýaly, olary hem ýer ýüzünde halypa etmegi we olar üçin Öz razy bolan (Yslam) dinini üstün (mäkäm) etmegi hem-de olaryň (ahwalyny) howp-hatarlaryndan soň, dynçlyk, hatyrjemlige öwürmegi wada kyldy. Olar Maňa ybadat ederler we Maňa bir zady hem şärik etmezler. Kim, ine, şu wadadan soň, küpr etse, olar etagatsyz kimselerdir» (Nur:55).



Yslam dini: Bu «Akydadyr» (ynanç-ygtykatdyr) we «Şerigatdyr» (kada-kanunlardyr). Bu din öz akydasynda-da we şerigatynda-da kämildir. Çünki bu din:

1. Alla tagalanyň ýeketäk Özüne ybadat etmeklige (töwhide) çagyrýandyr we «Şirkden» gaýtarýandyr.

2. Dogryny ündäp, ýalandan hem gaýtarýandyr.

3. Adalaty buýrup, zulumdan hem gaýtarýandyr.

4. Amanady jaýyna tabşyrmagy buýrup, oňa hyýanat etmekden gaýtarýandyr.

5. Wepaly bolmagy ündäp, dönüklik etmekligi gadagan edýändir.

6. Ene-ata ýagşy gatnaşyp, olardan boýun gaçyrmasyzlygy buýurýandyr.

7. Garyndaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýup, olar bilen arany bölmezligi tabşyrýandyr.

8. Ýagşy goňşydaşlyk edip, onuň ýamanyndan hem gaýtarýandyr.

Sözümizi jemläp aýdanmyzda, «Yslam dini» ähli gözel ahlaklary buýrup we bütin ýaman gylyklardan hem gaýtarýandyr.

Alla tagala aýtdy: «Takyk, Alla, adalata, gözel amallar etmäge we kowum-garyndaşa ýagşylyk etmäge buýurýar hem-de bozuklykdan, ýaman işlerden, ýowuzlykdan gaýtarýar. Ol (Alla tagala) hökman ybrat-görelde, ýatlamalar alarsyňyz diýip, size pent-nesihat eder» (Nahl:90).

***


Yslamyň sütünleri (rükünleri)

Yslam dininiň bina bolýan esaslary bäşdir. Ibn Omar-yň -Alla ondan razy bolsun- rowaýat etmegine görä, Pygamber -sallallahu aleýhi we sellem- aýtdy: «Yslam bäş zadyň üstünde bina bolýandyr: «Alla tagalany ybadatda birlemek, (başga hadysda: «Alladan başga ybadata mynasyp ilähiň ýokdugyna) we Muhammet hem Onuň guly we ilçisidigine şaýatlyk bermek, namaz okamak, zekat bermek, roza tutmak, we haj etmekdir» (Buhary we Muslim).

1. «Alladan başga ybadata mynasyp ilähiň ýokdugyna we Muhammet hem Onuň guly we resulydygyna» şaýatlyk barada söz açsak, bu şaýatlyk dil bilen aýdylan sarsmaz ynançdyr. Bu sarsmaz ynanjy aýdýan kişi, ynanýan zadyny, görýän derejede aýtmagydyr. We bu şaýatlyk bir sütünden ybarat bolaýanda-da, onuň içine alýan zatlary kändir.

Çünki Pygamber -sallallahu aleýhi wesellemiň- Alla tagala tarapyn iberilen pygamberdigine we Onuň gulydygyna şaýatlyk bermek, iň ýokary şaýatlyklardandyr.

Beýleki bir tarapdan bu iki şaýatlyk (ýagny, Alladan başga ybadata mynasyp ilähiň ýokdugyna we Muhammet hem Onuň guly we resulydygyna şaýatlyk) musulmanyň amallarynyň kabul bolmagy üçin esasdyr. Çünki amallar tä ýeketäk Alla tagalanyň Özüne sarp edilip we Pygamber -sallallahu aleýhi wesellemiň- öwredişi ýaly ýerine ýetirilýänçä, hiç kabul bolmaz. Sebäbi, Alla tagalanyň ýeke Özüne ybadat etmek bilen, iki şaýatlygyň birinji bölegi bitip, Pygamber -sallallahu aleýhi wesellemiň- ähli getiren zatlaryny, öwredişi ýaly etmeklik bilen hem, şaýatlygyň ikinji bölegi (ýagny, «Muhammet hem Onuň guly we resulydyr») bitýändir.

Bu beýik şaýatlygyň miwelerinden mysal: Kalbyňy we nebsiňi ýaradylan mahluklara gul bolmaklykdan azat etmek we pygamberlerden başgalara eýermeklikden päklemekdir.

2. Namaz okamak: «Bu belli bir görnüşde, belli wagtlarda, dogry we doly şekilde Alla tagala üçin edilýän ybadatdyr». Bu ybadatyň miwelerinden: kalbyň giňemegi, bagtyýarlyk we gaýtarylan pysky-pujur işlerden daşlaşmagyňdyr.

3. Zekat bermek: «Bu belli bir mukdarda wajyp bolan zekaty, emläkleriňden çykaryp, (mätäçlere) bermeklik bilen, Alla tagala edilýän ybadatdyr». Bu ybadatyň käbir miwelerinden mysal: nebsiňi gysgançlykdan päklemek, Yslamyň we musulmanlaryň hajatlaryny bitirmekdir.



4. Roza tutmak: «Bu remezan aýynyň gündüzinde (ýagny, erte namazynyň azanyndan, tä agşam namazynyň azanyna çenli aralykda), agzyňy açýan zatlardan saklanmaklyk bilen edilýän ybadatdyr». Munyň peýdalaryndan bolsa, söýýän zatlaryňy Alla tagalanyň razylygy üçin taşlamaklyga nebsiňi üýgunlaşdyrmakdyr.

5. Haj etmek: «Bu hajyň belli däplerini ýerine ýetirmek üçin, Käbä gitmeklik bilen, Alla tagala üçin edilýän ybadatdyr». Bu ybadatyň käbir miwelerinden mysal: maddy harajatlar we bedeni güýç-gaýratyňy sarp edip, Alla tagalanyň tagat-ybadatyna, öz nebsiňi uýgunlaşdyrmakdyr. Şu sebäpden hem, haj ybadaty Alla ýolundaky «Jihädiň» bir görnüşi bolandyr.

Bu bäş sütüniň dürs bolmaklygy, beýleki amallaryň hem dürs bolmaklygydyr!

Ýokardaky esaslar barada ýatlap geçilen we ýatlap geçilmedik miweler, yslam ymmatyny arassa, päk ymmata öwürýändir. Ol ymmat hak dine uýup, ähli janly-jansyz bilen dogruçylly we adalatly gatnaşyk edýändir. Elbetde, Yslam dininiň beýleki buýran we gaýtaran zatlary, şol sütünleriň üstünde bina bolýandyr. Indi kim ýaňky aýdan zatlarmyzyň anygyna ýetesi gelse, onda, goý ol Alla tagalanyň şu aýatlaryny okasyn:

«Eger şol ýurtlaryň ilaty iman getirip‚ (Alla garşy çykmakdan) saklanan bolsadylar‚ onda, elbetde‚ Biz üstlerine asmandan‚ ýerden ençeme bereket we bolçulyk gapylaryny açardyk. Ýöne olar pygamberleri ýalançy hasapladylar. Biz hem eden erbetlikleri sebäpli, olara jeza berdik. Şol obalaryň ilaty gijelerine uklan mahallary Biziň belamyzyň duýdansyz geljeginden arkaýyn boldularmyka? Ýa-da olar gündiziň günortany şagalaň-şatlykda wagtlary Biziň azabymyzyň geljeginden arkaýyn boldularmyka? Ýa-da olar Allanyň duzagyndan (mekirinden) arkaýyn boldularmyka? Allanyň duzagyndan diňe öz-özüne zyýan etjek kowum arkaýyn bolar» (Agraf:96-99).

Goý, ol, öňki geçenleriň taryhyna seretsin! Şeksiz, taryhda akyl eýeleri üçin, uly ybrat-görelde we kalbyna perde örtülmedikler üçin, sapaklar köpdür. Alla tagalanyň bize, Özi ýardam bersin!

***


Yslam akydasynyň esaslary

Belläp geçişimiz ýaly, Yslam dini «Akyda» we «Şerigatdyr»! Şerigatyň esasy bolan, Yslam dininiň sütünlerini hem, ýatlap geçipdik. Emma «Yslam akydasy» barada aýtsak, onuň düýp esasy: Alla tagala, onuň perişdelerine, kitaplaryna, pygamberlerine, ahyret gününe, takdyryň haýyryna we şerine iman getirmeklikdir.

Bu esaslara Alla tagalanyň kitaby we Onuň Pygamberi Muhammet -sallallahu aleýhi wesellemiň- sünneti delalat edýändir. Bu babatda Alla tagala kitabynda şeýle diýýär: «Ýagşylyk (takwalyk) diňe siziň ýüzüňizi (namazda) Gündogar we Günbatar tarapa öwürmegiňiz däldir. (Hakyky) ýagşylyk (takwalyk) kimde-kim, Alla, ahyret gününe, perişdelere, kitaba, pygamberlere ynanyp,...» (Bakara:177).

We takdyr barada Alla tagala şeýle diýdi: «Takyk, Biz ähli zady bir ölçege görä ýaratdyk. Biziň emrimiz, göz gyrpmasy (salym) ýaly, diňe bir gezek («Bol!» diýmekden ybaratdyr)» (Kamar:49-50).

We pygamberimiziň -sallallahu aleýhi wesellemiň- sünnetinde, haçanda Jebraýyl perişde Pygamberimiz -sallallahu aleýhi wesellemden- Iman barada soranda: «Iman: Bu seniň Alla tagala, onuň perişdelerine, kitaplaryna, ahyret gününe, takdyryň haýyryna we şerine ynanmagyňdyr» diýdi (Ymam Muslim).

***


Alla tagala iman etmek

Alla iman etmeklik, dört sany zady öz içine alýandyr:

Birinji: Allanyň bardygyna iman etmek.

Alla tagalanyň bardygyna, fytra (adamyň ýaradylyş tebigaty), akyl, din we duýgy delalat edendir.

  1. Allanyň bardygyna fytranyň delalat edişi:

Şek-şübhesiz her bir ýaradylan zat öwredilmesizden we pikirlendirmesizden, öz Ýaradanyna imanly (ynanýan) edilip tebigatyna goýulandyr. Bu fytranyň talap edýän zadyndan (ýagny, Allasyny kabul etmekden), diňe kalbyna azaşdyryjy (şübhe) girenden başga kişi, ýüz öwürmeýär. Bu barada Pygamber -sallallahu aleýhi wesellem- şeýle aýtdy: «Her bir dogulan «fytratda» (ýagny, dogulanda Allany ybadatda birleýän bolup) dogulýandyr. Soňra onuň ene-atasy, ony ýahudy (jöhit), haçparaz (hristian), ýa-da otparaz edip ýetişdirýändir» (Buhary).


  1. Allanyň bardygyna akylyň delalat etmegi:

Bu mahluklaryň (ýaradylanlaryň) hökmany suratda öňde-soňda, olaryň ýaradyjysy bolmaýmalydyr. Ol mahluk öz-özüni ýaratmagy, ýa-da onuň birden döremegi hem, mümkin däldir. Hiç bir zat öz-özüni ýaratmagy mümkin däldir. Sebäbi, ol özüni ýaratmaýar. Çünki ol, öň asla ýokdy, onsoň ol nähili özüni ýokdan bar edýän bolsun?!

Indi bu mahlukarlar öz-özlerini ýaratmadyk bolsa we tötänden hem döremedik bolsa, onda onuň bir Ýaradyjysynyň bardygy belli bolýar. Ol hem, älemleriň Rebbi bolan Alladyr!

Alla tagala bu akly delili we çürt-kesik subutnamany «Tur» süresinde ýatlap geçdi. Alla tagala aýtdy: “Belki, olar hiç närseden (ýagny, Ýaradyjysyz) ýaradylandyrlar?! Ýa-da olaryň özleri ýaradyjymykalar?!» (Tur:35). Ýagny, olar hiç bir ýaradyjysyz döremediler we olar özlerini hem ýaratmadylar. Diýmek olaryň Halygy (Ýaradyjysynyň) Alla tagaladygy belli bolýar.

Şu sebäpden hem, haçanda Jübeýr ibn Mut'ym -Alla ondan razy bolsun- entäk müşrik wagty, Pygamber -sallallahu aleýhi wesellemiň- «Tur» süresiniň şu aýatlaryny: «Belki, olar hiç närseden (ýagny, Ýaradyjysyz) ýaradylandyrlar?! Ýa-da olaryň özleri ýaradyjymykalar?! Ýa-da asmanlary we ýeri hem, olar ýaradandyrlar?! Ýok, olar (muňa anyk) ynanmazlar! Ýa-da olaryň huzurynda Perwerdigäriňiziň hazynalary bardyr?! Ýa-da olaryň özleri ähli zada eýemi?!». (Tur:35-37), aýatlaryny okap oturanyny eşidipdi we şeýle diýdi: «Kalbym ýarylara geldi, şonda meniň kalbyma iman ilkinji gezek oturypdy» (Buhary).

Geliň has düşnükli bolar ýaly, muňa mysal getireliň: Eger bir adam saňa, daşy bag-bakjaly, içinde derýalar akyp duran, halylardan we düşeklerden içi doly gymmat bahaly zatlardan gurlan, köşk barada habar berse, soňra hem: «Bu köşk we ondaky ajap zatlar öz-özüni ýaratdy» ýa-da «Birden özbaşyna peýda boldy» diýse, sen ony dessine inkär etmäge we ýalançy saýmaga howlugarsyň we onuň sözüni bir akmaklyk saýarsyň. Indi nähili şu uly barlyklar, ýeri, asmany, ýyldyzlary bilen we hal-ahwallary, ajaýyp düzgün-nyzamlary bilen, özüni ýaradyp biler. Ýa-da ýaradyjysyz, tötänlikden, öz-özünden peýda bolup biler?!


  1. Allanyň bardygyna şerigatyň (diniň) delalat etmegi:

Asmandan inen kitaplaryň ählisi, bu babatda nygtap geçýändir. Şeýle-de, ähli barlyklaryň peýdasyny öz içine alyp gelen hökümler hem, öz ýaradan zatlarynyň, näme-de peýdasynyň bardygyny bilýän, «Alim» (biliji) we Hakim (hikmet eýesi) bolan, Perwerdigärdendigine delildir. Şeýle-de, häzirki wagtda subut edilen, älem barlyklaryň habarlary hem, habar beren zadyny, ýaratmagy başarýan, Alladandygyna delildir (subutnamadyr).

  1. Alla tagalanyň bardygyna duýgynyň delalat etmeginiň iki görnüşi bardyr:

Birinjisi: Biz doga-dileg edýänleriň, üstüne betbagtçylyk düşenleriň ahy-nalasyna, jogap berilýändigini görýäris we eşidýäris. Çünki bu Allanyň bardygyna çürt-kesik delalat edýändir.

Bu barada Alla tagala şeýle aýtdy: «(Eý, Muhammet! Ybraýym we Lutdan öň), doga-dileg eden Nuhy (ýatla!). Biz onuň dogasyny kabul edip, özüni we ähli tabynlaryny hem, uly gamdan gutardyk» (Enbiýa:76).

Ýene-de başga bir aýatda Alla tagala şeýle diýdi: «Şol wagt («Bedr» jeňinde) Perwerdigäriňizden ýardam diläniňizde, Ol siziň dilegleriňizi kabul edip: «Men yzly-yzyna geljek, müň perişde bilen, dadyňyza ýetişerin!» diýdi» (Enfäl:9).

Sünnetden delil bolsa, Buharynyň sahyh kitabynda, Enes ibn Mälik -Alla ondan razy bolsun- rowaýat eden hadysynda şeýle aýtdy: «Bir çarwa arap juma güni, Pygamber -sallallahu aleýhi wesellem- hutba edip durka geldide: «Eý Allanyň resuly! Emläkler heläk boldy we çaga-çugalarymyz aç galdy. Biz üçin, Alla tagala doga-dileg et! (Bizden bu gurakçylygy gidirsin)» diýdi. Pygamber -sallallahu aleýhi wesellem- dessine ellerini galdyryp, doga-dileg etdi. Şonda haýal etmän, bulutlar daglar deýin joşup başlady. Ol entäk minberden düşmänkä, ýagyş damjalary, onuň sakalyna damyp başlanyny görüpdim.

Soňra indiki juma gününde, şol çarwa arap ýa-da başga biri ýerinden turdy-da: «Eý Allanyň resuly! Öýler ýumruldy we emläkler suwa gark boldy. Biz üçin, Alla tagala doga-dileg et! (Bu ýagşy bizden kessin!)» diýdi. Şonda Pygamber -sallallahu aleýhi we sellem- ellerini galdyryp, şeýle doga etdi: «Eý, Allahym! Üstümize ýagdyrma! Daş-töweregimize ýagdyr!» diýip, eli bilen, buluda tarap yşarat edende, bulut daş töwerege ýaýrap gitdi».

Alla tagala doga-dileg etmekde, dogruçyl bolup (ýagny, Ondan başgany çagyrman) we dogasyna jogap beriler ýaly, onuň ähli şertlerini bitirene we häli-şindi doga-dileg edýänlere, jogap berilýändigi, görlüp durlan zatdyr.



Ikinjisi: Adamlaryň görýän ýa-da eşidýän, pygamberleriň «Mugjyza» diýlip atlandyrylýan gudratlary, olary ibereniň -Alla tagalanyň- bardygyna delildir. Sebäbi, ol zatlar, adamyň başarjaňlyk çyzygynyň daşyndadyr. Bu mugjyzalary Alla tagala, Öz resullaryny goldamak we ýardam bermek üçin edýändir.

Muňa mysal, Musa -aleýhissalamyň- (Alla tarapyndan berlen) gudratydyr. Haçanda Alla tagala oňa: “Hasaňy deňze ur!” diýip buýranda, ol urýar we deňizde on iki sany gury ýol açylýar. Suw bolsa, olaryň arasynda dag kimin bolýar.

Bu babatda Alla tagala şeýle aýtdy: «Biz Musa: «Hasaň bilen deňzi urgyn!» diýip, wahyý iberdik. Bes, (deňiz, ysraýyl ogullarynyň, kowmunyň sany ýaly, on iki bölege) bölünip, her bir bölek (suw) belent dag ýaly boldy. (Soň Musa we onuň kowumy deňziň ortasyndan, açylan ýola düşdüler)» (Şugara:63).

Ikinji mysal: Isa pygamber -aleýhis-salama- (Alla tarapyn berlen) gudratdyr. Ol Allanyň izni bilen, ölüleri direlderdi we olary gabyrlaryndan çykarardy. Alla tagala (Isanyň sözüni getirip, Kuranda) şeýle aýtdy: «We Allanyň izni bilen, ölüleri direldýärin...» (Äli-Imran:49). We ýene-de Alla tagala aýtdy: «...we Meniň izin-ygtyýarym bilen ölüleri (direldip, gabyrlaryndan) çykaranyňy ýatla!» (Mäide:110).

Üçünji mysal: Muhammet -sallallahu aleýhi weselleme- degişlidir. Haçanda ondan Kureýş tiresi, bir gudrat soranlarynda, ol aýa tarap yşarat edende, aý ikä bölündi we adamlar hem, ony görendirler.

Bu babatda Alla tagala aýtdy: “(Kyýamat) sagady ýakynlaşdy we Aý hem, (ikä) bölündi (soň ýene birleşdi). Eger olar (Kureýş kapyrlary Muhammet alaýhys-salamyň hak pygamberdigine delalat edýän), bir aýat-mugjyza görseler (pygambere iman getirmäge derek), ýüz döndererler we: «Bu hemişeki ýaly, jadydyr!» diýerler» (Kamar:1-2).

Alla tagalanyň Öz resullaryny goldamak we ýardam bermek üçin eden gudratlary, Onuň barlygyna, çürt-kesik subutnamadygyna, delalat edýändir.

- Ikinji: Onuň (Allanyň) Rebdigine iman etmek

(Ýagny, onuň şäriginiň we ýardamçysynyň ýokdugyna we onuň ýeketäk Rebdigine, iman etmek).

Reb: «Ýaratmaklyga, mülke patyşalyk etmeklige we emir etmeklige eýedir». Alladan başga ýaradýan we mülke patyşalyk edýän-de ýokdur, Ondan başga emir edýän hem, ýokdur.

Bu barada Alla tagala şeýle aýtdy: “Habardar boluň ki, ýaratmak we (ýaradan zatlaryna) emir etmek hem, diňe Onuňkydyr» (Agraf:54).

Ýene-de Alla tagala şeýle aýtdy: «Ana, şu Alla, siziň Perwerdigäriňizdir. (Ähli älemleriň) mülki (patyşalygy), ýalňyz Onuňkydyr. Siziň, Ondan başga, dileg edip çagyrýanlaryňyz, (şänigiň) gaby ýalyjak zadyň hem, eýesi däldir» (Fatyr:13).

Ýaradylan zatlardan Alla -subhana we tagalanyň- Rebligini inkär edeniň bardygy, hiç bilinmedi. Diňe ulumsylyk edip, öz aýdýan zadyna hem ynamy bolmadyk, Fyrgawn (Faraon) ýalylar inkär edipdi. (Onuň sözüni Alla tagala Kuranda getirip), şeýle aýtdy: «Men siziň, Beýik bolan Rebbiňizdirin» diýdi. Ýene-de «Fyrgawn: «Eý, adamlar! Men siz üçin, özümden başga bir ilähiň (Perwerdigäriň) bardygyny, bilýän däldirin» diýdi» (Kysas:38).

Emma bu sözler onuň ynanjyndan däldi. Çünki Alla tagala aýtdy: «Köňülleri bu aýatlara doly kanagatlanan hem bolsa, zalymlyklary we ulumsylyklary sebäpli, olary inkär etdiler» (Neml:14).

We Alla tagala Musa pygamberiň Fyrgawna aýdan gepini, hekaýat edip, aýtdy: «(Musa): «Kasam bolsun! (Eý, Fyrgawn! Sen) bu (mugjyzalary), äşgär delil edip, diňe asmanlaryň we ýeriň Perwerdigäriniň, hasyl edendigini anyk bilýärsiň. Hiç şek-şübhe ýok ki, eý, Fyrgawn! Men seniň, heläk ediljekdigiňe gözüm ýetýändir» diýdi» (Isra:102).

Şunuň üçin hem, (Mekke) müşrikleri Alla tagalanyň Rebligini ykrar edýärdiler. Emma Oňa ybadat etmekde şirk edýärdiler (şärik goşýardylar. Ýagny, başga zatlara hem doga-dileg we ybadat edýärdiler).

Bu barada Alla tagala şeýle aýtdy: «(Eý, Muhammet! Sen olara): «Eger bilýän bolsaňyz, (hany aýdyň), bu ýer we ondaky ähli zat kimiňkidir?» diý. Olar: «Allanyňkydyr!» diýerler. Şonda sen: «Bes, (mundan) ybrat-görelde almaýarsyňyzmy?!» diýip aýt. (Sen ýene olara): «Ýedi asmanyň Rebbi we belent Arşyň Rebbi kimdir?!» diý. Olar: «Alladyr!» diýerler. Şonda sen: «(Bu halda, Ondan başgasyna ybadat edýärsiňiz, heý Onuň azabyndan) gorkmaýarsyňyzmy?» diýip aýt. (Ýene sen olara): «Eger bilýän bolsaňyz (aýdyň bakaly), ähli zadyň patyşalygy kimiň elinde? Özi (ähli kişä) hossarlyk edýän we Oňa bolsa, hiç zat hossarlyk edip bilmeýän kimdir?!» diýip aýt. Olar: «(Beýle patyşalyk we hossarlyk ýalňyz) Allanyňkydyr» diýerler. Şonda sen: «Bes, onda siz näme üçin, jadylanan ýaly aldanýarsyňyz?!» diýip aýt» (Mu'minun:84-89).

«(Eý, Muhammet!) Kasam ki, eger sen olardan (müşriklerden): «Asmanlary we Ýeri kim ýaratdy?» diýip, sorasaň, elbetde: «Olary, ähli zada güýji ýetýän we ähli zady bilýän (Alla) ýaradandyr» diýerler» (Zuhruf:9).

«(Eý, Muhammet!) Kasam ki, eger-de olardan, özlerini kimiň ýaradandygyny sorasaň, elbetde: «Alla» diýerler. (Eýsem) onda näme üçin, (ýalňyz Alla ybadat etmekden) ýüz öwürýärsiňiz?!» (Zuhruf:87).

Alla tagalanyň dolandyrmagy we höküm etmegi, dünýewi we dini işleri öz içine alýandyr. Ol ähli barlyklary dolandyrýandyr we olaryň üstünden öz hikmetine görä, isleýşi ýaly höküm edýändir. Edil şonuň ýaly hem, Ol ybadatlary etmekligi buýurmakda we aragatnaşyk işlerini alyp barmakda, öz hikmedine görä, isleýşi ýaly hökümdarlyk edýändir.

Kimde-kim Alla tagalanyň ýany bilen, ýene ybadat etmekligi buýurýan, başga birini tutunsa, ýa-da aragatnaşyk işlerini alyp barmakda, höküm edýän başga birini tutunsa, ol kişi Alla tagala ybadatda şirk etdigi hasaplanýandyr we Imanyň borçlaryny ýerine ýetiren däldir.


Yüklə 3,73 Mb.

Dostları ilə paylaş:
  1   2   3   4




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©genderi.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

    Ana səhifə