Njy ýylda geçirilen prezident saýlawy abş-nyň taryhynda iň çekeleşikli geçen saýlawlaryň biri boldy



Yüklə 1,35 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə1/18
tarix28.06.2018
ölçüsü1,35 Mb.
#52106
  1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   18



eJ

ournal

 uSa  

1

1960



-njy  ýylda  geçirilen  prezident  saýlawy  ABŞ-nyň 

taryhynda iň çekeleşikli geçen saýlawlaryň biri boldy. 

Bäsdeşleriň  gazanan  sesleriniň  san  taýdan  aratapawudynyň  şeýle 

az  bolandygy  sebäpli,  hatda  wise-prezident  Riçard  M.  Niksonyň 

tarapdarlary:  “Sesleriň  adalatly  sanalandygyna  şübhe  bildirmeli” 

diýen  talaby  öňe  sürdüler.  Nikson  bolsa  bu  pikiri  makullamady. 

Özüniň bu hereketine ol şeýle düşündiriş berdi: “Hatda netije biziň 

peýdamyza bolan bolsa-da, bu dünýä jemgyýetçiliginiň garaýşyna 

uly zarba bolardy we, sözüň giň manysynda, demokratiýa oňaýsyz 

täsirini ýetirerdi”.

Şeýlelikde,  Nikson  wise-prezident  hökmünde  işine  girişdi  we 

Jon  Kennediniň  saýlanandygy  barasyndaky  habary  resmi  taýdan 

Senata ýetirdi. Ol çykyşyny şeýle sözler bilen başlady:

“Bu  ýagdaý,  ýagny  prezidentlige  dalaşgärlerden 

biriniň,  özem  ýeňlişe  sezewar  bolan  biriniň  öz 

bäsdeşiniň  üstün  çykandygyny  yglan  etmegi 

ýaly  ýagdaý  100  ýylyň  dowamynda  birinji  gezek 

bolup  geçýär.  Meniň  pikirimçe,  biziň  konstitusiýa 

ulgamymyzyň durnuklylygyny, şeýle hem amerikan 

halkynyň  öz-özüni  dolandyryş  edaralaryny  döret-

mek,  sylamak  we  sarpa  goýmak  ýaly  buýsançly 

däp-dessuryny  beýan  edýän  şundan  ajaýyp  mysal 

bolup  bilmez.  Biziň  saýlaw  kampaniýalarymyzda 

çekeleşikleriň  neneňsi  dartgynly  geçýändigine  we 

bäsdeşleriň  gazanan  sesleriniň  sanynda  sähelçe 

tapawudyň  bardygyna  garamazdan,  ahyr  netije-

de  şowsuzlyga  sezewar  bolan  dalaşgär  çykarylan 

‘höküm’  bilen  ylalaşýar  hem  ýeňiş  gazananlara 

goldaw bermek bilen bolýar.” 

Niksonyň  tankytçylary  onuň  bu  sözlerinde  täze  saýlaw 

kampaniýasynyň açylyş kadryny gördüler. Şular ýaly ýagdaýda päk 

ýüreklilik bilen ylalaşmagyň olar tarapyndan syýasy nukdaý nazar-

dan öňden görüjilikli bir hereket diýlip hasaplanylyp bilinjekdiginiň 

sebäbi  “eJournal  USA”  žurnalynyň  şu  sanynyň  üns  merkezindäki 

mowzugy bolup durýar.

Bu  aýdaky  sanymyzda  biz  demokratik  jemgyýetlerde  neneňsi 

edip häkimiýetiň erkin we adalatly saýlawlar arkaly halkyň islegi-

ne laýyklykda bir elden başga bir ele geçýändigine göz aýlaýarys. 

Sowuk  uruş  tamamlanaly  bäri  geçen  iki  onýyllygyň  dowamynda 

dünýä  döwletleriniň  ençemesinde  saýlawlar  bolup  geçdi,  emma 

olaryň hemmesine hakyky demokratik saýlawlar diýip bolmaz. Kä 

halatlarda saýlawlar galplaşdyrylýar, saýlawlar mahalynda wezipede 

bolup, şol wezipä täzeden saýlanmak maksady bilen dalaşgärleriň 

hataryna  goşulanlar  ygtyýarlaryndaky  artykmaçlykdan  ada-

latsyzlykly peýdalanmagy özlerine dereje bilýärler ýa-da olar geçi-

rilen saýlawlaryň netijelerini harbylaryň kömegi bilen ýalana çykar-

makdan gaýtmaýarlar. Eýsem-de bolsa, sagdyn demokratiýanyň bar 

ýerinde, edil Niksonyň we onuň tankytçylarynyň pikir edişleri ýaly, 

raýatlar  saýlawlaryň  adalatly  geçirilmegine  umyt  besleýärler  we 

geçirilen saýlawlaryň netijelerine sarpa goýulmagyny talap edýärler, 

şeýdip hem häkimiýetiň bir ýolbaşçydan indiki ýolbaşça asudalyk 

ýagdaýda geçirilmegine ýol açýarlar.

Žurnalymyzyň  şu  sanyna  goşant  edenler  häkimiýetiň  bir 

elden  başga  bir  ele  parahatçylykly  geçmegini  janly  demokratiýa 

mahsus  bir  aýratynlyk  diýip  hasaplaýarlar.  Olaryň  pikiriçe, 

şular  ýaly  meýletin  raýat  we  jemgyýetçilik  guramalary  raýatlary 

gyzyklandyrýarlar  we  habarly  edýärler  hem-de  demokratiýanyň 

kanuny,  demokratik  bolmadyk  hereketiň  bolsa  kanuny  däldigi 

barasyndaky  umumy  düşünjäni  kemala  getirýärler.  Bu  ýerde  top-

lanan  makalalar  Amerikanyň  Birleşen  Ştatlarynda,  şeýle  hem 

özge  döwletlerde  häkimiýetiň  bir  elden  başga  ele  geçiş  ýollaryna 

ser  salýar.  Şeýle  hem  biz  XXI  asyrda  bolup  geçen  özgerişlere, 

ýagny täze köpçülikleýin habar beriş tilsimatlarynyň neneňsi edip 

raýat jemgyýetini güýçlendirip bilýändigine we şeýle etmek bilen 

demokratiýany goldap, has hem pugtalandyrýandygyna syn edýäris.

Žurnalymyzyň şu sanynda makalasyny ýerleşdirenleriň käbirleri: 

“Demokratik ýurtlarda ýagdaýyň durnuklylygynyň düýp sebäbiniň 

geçirilen  saýlawda  şowsuzlyga  duçar  bolanlaryň  hiç  bir  ýeňşiň 

hemişelik däldigine, ýeňijileriň geljekki bäsleşikleriň kada-düzgün-

lerini  üýtgedip  bilmejekdigine  we  häzir  ýeňlişe  duçar  bolanlaryň 

haçan-da bolsa bir gün üstün çykjakdygyna göz ýetirýändigindedir 

“diýip nygtaýarlar. 1968-nji ýylda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň 

37-nji prezidenti edilip saýlanylan Riçard M. Nikson hem hut şolar 

ýaly bäsdeşleriň biridi.



Žurnalyň şu sany barasynda 

Halkara maglumat maksatnamalary:

Utgaşdyryjy 

Däniel Sribni

Baş redaktor 

Jonatan Margolis

Döredijilik müdiri 

Maýkl Jeý Fridmen

Jogapkär redaktor 

Riçard W. Hakebi

Dolandyryjy redaktor /  

Önümçilik dolandyryjysy 

Li Törhýun

Internet görnüşini dörediji 

Jänin Pöri

Dizaýner 

Çlou D. Elis

Žurnalyň şu sanynyň redaktory 

Žan Holden

Surat redaktory 

Mägi Jonsen Slaýker

Žurnalyň daşynyň dizaýneri 

Min Ýao


Geňeşçi 

Anita Grin

Žurnalyň daşynda: AP suratlary/ Ýupiteriň suratlary

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet departamentiniň 

Halkara maglumat maksatnamalary edarasy “eJournalUSA” 

(i-Jornal-Ýu-Es-Eý) ady bilen bäş sany elektron žurnaly 

− “Ykdysadyýetiň geljegi,” “Global meseleler,” “Demo-

kratiýa degişli meseleler,” “Daşary syýasatyň gün tertibi”, 

 şeýle hem “Jemgyýet we gymmatlyklar” atly žurnallary 

neşir edýär. Bu žurnallar ABŞ-nyň we halkara jemgyýetçi-

liginiň öňünde durýan meseleleri, şonuň ýaly-da ameri-

kan jemgyýetini, gymmatlyklaryny, pikirlerini we edara 

gurluşyny giňişleýin beýan edýär.

Žurnal aýda bir gezek iňlis dilinde çapdan çykyp, soň 

fransuz, portugal, rus hem ispan dillerine terjime edilýär. 

Käbir saýlanan neşirler arap we hytaý dillerinde-de neşir 

edilýär. Her žurnal neşir edilip başlanandan bäri geçen ýyl 

sanyny we şu ýylda neşir edilen sanyny aňladýan görkeziji 

bilen bellenýär.

Bu žurnallarda beýan edilýän pikirler hökmany suratda 

ABŞ-nyň hökümetiniň garaýşyny ýa-da syýasatyny 

aňladýar diýlip düşünilmeli däldir. ABŞ-nyň Döwlet depar-

tamenti žurnallaryň salgylanýan internet saýtlarynyň maz-

muny ýa-da bu saýtlaryň yzygiderli elýeterli bolmagy üçin 

jogapkärçilik çekmeýär. Bu jogapkärçilik diňe şol saýtlary 

neşir edýänlere degişlidir. “Awtorlyk hukugy goralýar” 

diýlen bellik bolmadyk ýagdaýynda žurnallardaky maka-

lalar, suratlar we illýustrasiýalar ABŞ-dan başga ýurtlarda-

da ulanylyp ýa-da terjime edilip bilner. Ýöne şunuň ýaly 

bellik bar bolsa, žurnalda ady agzalan awtorlyk hukugyna 

eýe bolan adamlardan rugsat almak gerek.

Halkara maglumat maksatnamalary edarasy şu žurnallaryň 

geçen we häzirki sanlaryny birnäçe elektron görnüşinde

şeýle hem indiki çykjak sanlary barada maglumatlary şu 

salgyda ýerleşdirýär: http://www.america.gov/publications/

ejournalusa.html.

Bellikleriňizi ABŞ-nyň öz ýurduňyzdaky ilçihanasyna ýa-

da aşakdaky salgy boýunça redaksiýa iberip bilersiňiz:

Editor, eJournal USA

IIP/PUBJ

U.S. Department of State

2200 C Street, NW

Washington, DC 20522-0501

USA

E-poçta salgysy: eJournalUSA@state.gov 



ABŞ-nyň Döwlet DepArtAmenti / 2010-njy ýylyň ýAnwAr Aýy

15-nji Bölüm/1-nji sAn

  

http://www.america.gov/publications/ejournalusa.html

Prezidentlige saýlanylan Jon Kennedi (çepde) M. Niksony sähelçe 

ses tapawudy bilen ýeňen senesinden alty gün soň, ýagny 

1960-njy ýylyň noýabr aýynyň 14-ünde Florida ştatynyň Maýami 

şäherinde wise-prezident Riçard Nikson bilen bilelikde geçiren 

metbugat konferensiýasynyň yzysüre elleşip duran pursatynda.

© AP

 suratlary




Yüklə 1,35 Mb.

Dostları ilə paylaş:
  1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   18




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©genderi.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

    Ana səhifə