Türkmenistanyň Kanuny Türkmenistanda maýa goýum işi hakynda



Yüklə 205,09 Kb.
Pdf görüntüsü
tarix01.09.2018
ölçüsü205,09 Kb.
#66345


TÜRKMENISTANYŇ

 

 K A N U N Y

 

 

 

Türkmenistanda maýa goýum işi hakynda

 

 

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary 1992 ý. № 5, 37- madda.)



 

 

 



(Türkmenistanyň 12.04.1993 ý. № 832-XII we 18.08.2015 ý. № 274-V 

Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)

 

 

 



Şu  Kanun  Türkmenistanyň  çäginde  alnyp  barylýan  maýa  goýum  işiniň 

hukuk,  ykdysady  we  durmuş  şertlerini  kesgitleýär.  Ol  eýeçiligiň  nähili 

formadadygyna  garamazdan,  maýa  goýum  işiniň  subýektleriniň  hukuklaryny, 

bähbitlerini  hem-de  emlägini  deň  derejede  goramagy  üpjün  etmäge 

gönükdirilendir.

 

 



 

I bap 

UMUMY DÜZGÜNLER

 

 



 

1-nji madda. Maýa goýumlar

 

 



 

Telekeçilik  işiniň  hem-de  başga  görnüşdäki  işleriň  obýektlerine  goýum 

edilip  goýulýaň,  şonuň  netijesinde  hem  peýda  (girdeji)  alynýan  ýa-da  durmuş 

netije gazanylýan emläk we intellektual (ruhy) gymmatlyklaryň hemme görnüşi 

maýa goýumlar hasaplanýar.

 

Şeýle gymmatlyklara aşakdakylar degişlidir:



 

pul  serişdeleri,  belli  maksat  üçin  niýetlenen  bank  goýumlary,  paýlar, 

paýnamalar we beýleki gymmatly kagyzlar;

 

gozgalýan  we  gozgalmaýan  emläk  (jaýlar,  desgalar,  enjamlar  hem-de 



beýleki maddy gymmatlyklar);

 

awtorlyk  hukugyndan  gelip  çykýan  emläk  hukugy,  «nou-hau»  tejribesi 



(guramaçylyk,  ylmy-tehniki,  tehnologiki,  täjirçilik  bilimleri)  hem-de  beýleki 

intellektual gymmatlyklar;

 

ýerden  hem-de  beýleki  tebigy  baýlyklardan  peýdalanmak  hukugy,  şeýle 



hem beýleki emläk hukuklary;

 

beýleki gymmatlyklar.



 

Esasy gaznalary artdyryp, täzeläp durmakda maýa goýumlar düýpli maýa 

goýumlary görnüşinde amala aşyrylyp bilner.

 

 



 

 

 


2-nji madda. Maýa goýum işi

 

 



 

1. Maýa goýum işi diýlende döwletiň, fiziki we ýuridiki taraplaryň  maýa 

goýumlary durmuşa geçirmek barada edýän praktiki hereketleriniň tutuş jemine 

düşünilýär.

 

2. Maýa goýum işi şu aşakdakylar esasynda amala aşyrylýar:



 

eýeçiligiň  haýsy  görnüsine  degişlidigine  garamazdan,  fiziki  taraplaryň, 

hojalyk  assosiasiýalarynyň,  jemgyýetleriň  we  şereketleriň,  şeýle  hem 

jemgyýetçilik  we  dini  guramalaryň,  gaýry  ýuridik  taraplaryň  amala  aşyrýan 

maýa goýmak işi esasynda;

 

Türkmenistanyň  häkimiýet  we  dolandyryş  edaralary,  ýerli  döwlet 



häkimiýet  edaralary  tarapyndan  býujet  serişdeleriniň,  býujete  degişli  däl 

gaznalaryň hem-de karz serişdeleriň hasabyna, şeýle hem döwlet kärhanalary we 

edaralary  tarapyndan  öz  serişdeleriniň  hem-de  karz  serişdeleriň  hasabyna 

döwletiň amala aşyrýan inwestirleme işi esasynda;

 

Daşary ýurt döwletleriniň, ýuridiki we fiziki taraplaryň şeýle hem raýatlygy 



bolmadyk adamlaryň amala aşyrýan maýa goýma işi esasynda;

 

Türkmenistanyň  we  daşary  ýurt  döwletleriniň,  ýuridiki  hem-de  fiziki 



taraplaryň, şeýle hem raýatlygy bolmadyk adamlaryň bileleşikli amala aşyrýan 

maýa goýmak işi esasynda.

 

 

 



3-nji madda. Maýa goýum işiniň obýektleri

 

 



 

Maýa  goýum  işiniň  obýektlerine  hojalyk  işiniň  ähli  pudaklarynda  we 

ugurlaryynda  täzeden  döredilýän  hem-de  döwrebaplaşdyrylýan  (täzelenýän) 

esasy  gaznalar  we  dolanyşyk  serişdeleri,  gymmatly  kagyzlar,  belli  maksada 

niýetlenen  pul  goýumlary,  ylmy-tehniki  önümler,  intellektual  gymmatlyklar, 

beýleki eýeçilik obýektleri, şeýle hem emläk hukuklary girýär.

 

Eger döredilýän we ulanylýan obýektler ýer titremesine (seýsmiki taýdan) 



çydamlyygy,  ýangyn  partlama  howpsuzlygy  baradaky  kadalara,  sanitariýa-

gigiýena,  ekologiýa  we  şäher  gurluşygy  baradaky  talaplara  laýyk  gelmeýän 

bolsa,  raýatlaryň,  ýuridik  taraplaryň  we  döwletiň  kanun  arkaly  goralýan 

hukuklaryna  we  bähbitlerine  zyýan  ýetirýän  bolsa,  şeýle  obýektleri  maýa 

goýmak gadagan edilýär.

 

 



 

4-nji madda. Maýa goýum işiniň subýektleri

 

 



 

1. Daşary ýurt döwletleriniň fiziki hem-de ýuridik taraplary, şeýle hem gös-

göni şol döwletleriň özleri maýa goýum işiniň subýektleri (maýa goýujylary we 

oňa gatnaşýanlar) bolup bilerler.

 

2. Hususy, karz alnan we çekilen emläk hem-de intellektual gymmatlyklary 



goýuma goýmak hakynda kararlary kabul edýän maýa goýum işiniň subýektleri 

‒maýa goýujylar bolup durýarlar. Maýa goýujylar goýumçylar, algydarlar, satyn 




alyjylar hökmünde çykyş edip, şeýle hem maýa goýum işine gatnaşýan her bir 

subýektiň wezipesini ýerine ýetirip bilerler.

 

3. Maýa goýumlaryň buýurmalary ýerine ýetirijiler hökmünde ýa-da maýa 



goýujyň  tabşyrmagy  esasynda  amala  aşyrylmagyny  üpjün  edýän 

Türkmenistanyň we beýleki döwletleriň fiziki we ýuridik taraplary maýa goýum 

işine gatnaşýanlar hasaplanýar.

 

 



 

5-nji madda. Türkmenistanyň maýa goýum işi hakyndaky kanunlary

 

 



 

Türkmenistanda  maýa  goýum  işi  amala  aşyrmak  bilen  baglanyşykly 

gatnaşyklar  şu  Kanun  bilen  hem-de  Türkmenistanyň  beýleki  kadalaşdyryjy 

hukuk namalary bilen düzgünleşdirilýär. 

 

Maýa goýum iş aşakdakylar bilen düzgünleşdirilýär:



 

Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki subýektleri - maýa goýum iş 

haýsy  döwletiň  çäginde  amala  aşyrylýan  bolsa,  şol  döwletiň  kanunlary  bilen, 

degişli  halkara  ylalaşyklary  we  döwletara  şertnamalary  bilen,  şeýle  hem 

Türkmenistanyň ýörite kanunlary bilen;

 

Daşary  ýurt  döwletleriniň  Türkmenistandaky  subýektleri  -  şu  Kanun  we 



Türkmenistanyň ýörite kanunlary bilen.

 

 



 

II BAP 

MAÝA GOÝUM IŞI AMALA AŞYRMAK

 

 



 

6-njy madda. Maýa goýujylaryň hukuklary

 

 



 

1.  Maýa  goýujylaryň  hemmesiniň  maýa  goýum  işini  amala  aşyrmakda 

hukuklary deňdir.

 

Maýa  goýujyň  şu  Kanunda  we  Türkmenistanyň  beýleki  kanunlarynda 



gadagan  edilmedik  obýektlere  maýa  goýum  işi  üçin  emläk  we  intellektual 

gymmatlyklaryny  ulanmagy  hiç  bir  hili  çäklendirilmedik  ýagdaýda  olaryň 

mizemez hukugy diýlip hasap edilýär hem-de kanun üsti bilen goralýar.

 

2. Maýa goýujy amala aşyrýan maýa goýumlarynyň möçberini, ugruny we 



netijeliligini  özbaşdak  kesgitleýär  hem-de  öz  islegine  görä,  maýa  goýumlary 

durmuşa  geçirmek  üçin  zerur  fiziki  we  ýuridik  taraplary  şertnama  esasynda 

çekýär. 

 

3.  Maýa  goýumlara  hem-de  olaryň  durmuşa  geçirilmegi  bilen  gazanylan 



netijelere eýelik etmek, olary ulanmak, olara erk etmek hukugy maýa goýujyň 

karary  esasynda  kanunda  bellenen  tertipde  beýleki  fiziki  we  ýuridiki  taraplara 

berlip  bilner.  Şeýle  hukuk  berlende  taraplaryň  özara  gatnaşyklary  şertnamalar 

esasynda düzgünleşdirilýär.

 

4.  Maýa  goýmak  üçin  karz  bermek,  kanunda  bellenen  tertipde  gymmatly 



kagyzlary  we  zaýomlary  çykarmak  görnüşindäki  maliýe  serişdeleri  çekilip 

bilner.


 


Maýa  goýujy  emlägini  özüniň  borçnamalaryny  berjaý  etmek  üçin  ulanyp 

biler.  Diňe  karz  alyjynyň  eýeçiliginde  bolan  ýa-da  hojalygy  doly  ýöretmek 

hukugy  esasynda  oňa  degişli  bolan  emläk,  eger  Türkmenistanyň  kanunçylyk 

aktlarynda başga hili göz öňünde tutulmadyk bolsa, girewe kabul edilýär. Girew 

goýlan  emläk  girew  borçnamalarynyň  bozulmagyna  ýol  berlende  kanunda 

bellenen tertipde satylyp bilner.

 

5. Türkmenistanyň çäginde Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda maýa 



goýujy maýa goýumlaryň, şol sanda hem ýaňadan goýlan maýa goýumlaryň we 

söwda  amallarynyň  obýektlerine  hem-de  netijelerine  eýelik  etmäge,  olary 

peýdalanmaga we olara erk etmäge haklydyr.

 

Türkmenistanyň  kanunlarynda  şeýle  obýektler  kesgitlenip,  ýagny  maýa 



goýum goýlanda özlerine eýeçilik etmek hukugyny edinmäge getirmeýän, ýöne 

geljekde  maýa  goýujyň,  eýelik  etmek,  operatiw  dolandyrmak  ýa-da  özlerini 

ulanmakdan  peýda  alynmagyna  gatnaşmak  mümkinçiligini  aradan  aýyrmaýan 

obýektler,  beýleki  döwletleriň  maýa  goýujylary  üçin  bolsa  Türkmenistanyň 

çäginden daşary äkitmek hukugy berilýän obýektler kesgitlenip bilner.

 

6. Maýa goýujylaryň fiziki we ýuridik taraplardan özüne gerek emlägi gös-



göni  ýa-da  araçy  dellallaryň  üsti  bilen  taraplaryň  ylalaşmagy  esasynda 

kesgitlenýän  nyrhlarda  we  şertlerde  hem-de  çäklendirilmedik  möçberde  we 

nomenklaturada satyn almaga (eger munuň özi kanunlara ters gelmeýän bolsa) 

haky bardyr.

 

 

 



7-nji  madda.  Maýa  goýum  işiniň  subýektleriniň  arasyndaky 

gatnaşyklar

 

 



 

Maýa  goýum  işiniň  subýektleriniň  arasyndaky  özara  gatnaşyklary 

düzgünleşdirýän esasy hukuk resminamasy şertnamadyr (ylalaşykdyr).

 

Şertnama  baglaşmak,  hyzmatdaşlary  saýlap  almak,  borçlary,  hojalyklaryň 



arasyndaky  gatnaşyklaryň  Türkmenistanyň  kanunlaryna  ters  gelmeýän  her  bir 

beýleki  şertlerini  kesgitlemek  işi  diňe  maýa  goýum  işiniň  subýektleriniň 

ygtyýaryna  girýär.  Maýa  goýum  işiniň  subýektleriniň  arasynda  şertnama 

gatnaşyklaryny  durmuşa  geçirmekde  döwlet  edaralarynyň  we  wezipeli 

adamlaryň gatnaşmagyna ýol berilmeýär, ýöne şu Kanunda göz öňünde tutulan 

halatlar muňa girmeýär.

 

Fiziki we ýuridik talaplary maýa goýum işini amala aşyrmaga çekmek üçin 



maýa  goýum  işiniň  subýektleriniň  bäsleşikler  («kim  ýokary»  söwdasyny) 

guramaga haky bardyr.

 

 

 



 

 


8-nji madda. Maýa goýum işiniň subýektleriniň borçlary

 

 



 

1.  Maýa  goýujy  Türkmenistanyň  kanunlarynda  bellenen  halatlarda  we 

tertipde şu aşakdakylara borçludyr:

 

Türkmenistanyň  Ministrler  kabineti  tarapyndan  ygtyýarly  edilen 



edaralaryna  özüniň  amala  aşyrýan  maýa  goýumlarynyň  möçberi  we  çeşmeleri 

hakyndaky deklarasiýany görkezmäge;

 

düýpli  gurluşyk  üçin  degişli  häkimiýet  edaralaryndan  we  ýörite 



gulluklardan zerur ygtyýary hem razylygy almaga;

 

ýer  titremesine  (seýsmiki  taýdan)  çydamlylygy,  ýangyn-partlama 



howpsuzlygy  baradaky  kadalaryň  we  düzgünleriň,  sanitariýa-gigiýena, 

ekologiýa we şäher gurluşygy baradaky talaplaryň, berjaý edilişi jähtinden maýa 

goýum taslamalar babatda döwlet ekopertizasyna gelen netijesini almaga;

 

2. Maýa goýum işiniň subýektleri şu aşakdakylara borçludyrlar:



 

ölçegleri  we  standartlary  berjaý  etmäge  (olary  bellemegiň  tertibi 

Türkmenistanyň kanunlary arkaly kesgitlenýär);

 

ynsapsyz  bäsdeşik  häsiýetlerine  ýüz  urmazlyga  we  monopoliýa  garşy 



gönükdirilen talaplary ýerine ýetirmäge;

 

döwlet edaralarynyň we wezipeli adamlaryň öz ygtyýarlarynyň çäklerinde 



bildirýän talaplaryny ýerine ýetirmäge;

 

bellenen tertipde buhgalterlik we statistiki hasabaty bermäge.



 

3.  Maýa  goýum  işine  gatnaşyp,  işleriň  ýörite  görnüşlerini,  ýagny  degişli 

hünär  synagyndan  geçmegi  talap  edýän  görnüşlerini  ýerine  ýetirýän  her  bir 

adamyň  (tarapyň)  işiň  şol  görnüşini  ýerine  ýetirmäge  hukuk  berýän 

ygtyýarnamasy  bolmalydyr.  Şeýle  işleriň  sanawy  hem-de  olary 

ygtyýarlandyrmagyň  tertibi  Türkmenistanyň  ygtyýarly  edaralary  tarapyndan 

bellenýär.

 

 



 

9-njy madda. Maýa goýum işini maliýeleşdirmegiň çeşmeleri

 

 



 

Maýa goýum işi aşakdaky serişdeleriň hasabyna amala aşyrylýar:

 

maýa  goýujyň  hut  özüniň  maliýe  resurslarynyň  (peýda,  amortizasion 



serişdeler, toplanan pul maýasy, raýatlaryň, ýuridik taraplaryň süýşürintgileri we 

başgalar) hasabyna;

 

maýa  goýujylaryň  karz  maliýe  serişdeleriniň  (obligasiýa  görnüşdäki 



karzlar, bank we býujet kreditleri) hasabyna;

 

maýa  goýujyň,  çeken  maliýe  serişdeleriniň,  (paýnamalary  satmakdan 



alynýan  serişdeler,  raýatlaryň  we  ýuridik  taraplaryň  paý  gatançlary  hem-de 

beren gaýry pullary) hasabyna;

 

býujetdäki maýa goýum serişdeler.



 

 

 



 

 


III bap 

MAÝA GOÝUM IŞINIŇ DÖWLET TARAPYNDAN 

DÜZGÜNLEŞDIRILMEGI WE DOLANDYRYLMAGY

 

 

 

10-njy  madda.  Maýa  goýum  işiniň  döwlet  tarapyndan 

düzgünleşdirilmeginiň maksady

 

 



 

Maýa goýum işiniň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmeginiň maksady 

Türkmenistanyň ykdysady, ylmy-tehniki we durmuş syýasatyny durmuşa 

geçirmekden ybaratdyr hem-de ol döwletiň ileri tutýan ugurlarynda maýa 

goýum işnii amala aşyrýan her bir maýa goýujy üçin ýeňillikli şertleriň 

döredilmegini göz öňünde tutmalydyr. Maýa goýujy üçin ýeňillikli şertler 

döredilýän şeýle ähmiýetli pudaklaryň sanawy Türkmenistanyň Ministrler 

kabineti tarapyndan tassyklanylýar hem-de sebitler boýunça aýry-aýry tertipde 

wagtal-wagtal täzeden seredilip durulýar.

 

 



 

11-nji madda. Maýa goýum işiniň döwlet tarapyndan 

düzgünleşdirilmeginiň formalary

 

 

 

1. Maýa goýum işiniň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegine maýa 



goýum işiniň şertlerini düzgünleşdirmek hem-de döwlet maýa goýumlaryny gös-

göni dolandyrmak işi girýär.

 

2. Maýa goýum işiniň şertleriniň döwlet tarapyndan düzgünleşdiriliş işini 



kanunlara laýyklykda Türkmenistanyň döwlet edaralary aşakdakylar arkaly 

amala aşyrýarlar:

 

salgyt hakyndaky kanunlarda göz öňünde tutulan salgyt ýeňillikleriniň 



ulgamy arkaly;

 

amortizasion syýasaty alyp barmak arkaly, şol sanda hem esasy gaznalary 



çalt amortizasiýalaşdyrmak  (könelişip sandan çykmagy) arkaly. Şunda 

amortizasiýa baradaky ýeňillikler ykdysadyýetiň aýry-aýry pudaklary we 

ugurlary, esasy gaznalary ň aýry-aýry elementleri, enjamlaryň aýry-aýry 

görnüşleri üçin aýratyn bellenilip bilner;

 

aýry-aýry sebitleri, pudaklary, önümçiligi ösdürmek dotasiýalar, 



subsidiýalar, subwensiýalar, býujet  ssudalary görnüşinde maliýe kömegini 

bermek arkaly;

 

karz syýasaty, döwlet ölçegleri we standartlary, monopoliýa garşy 



gönükdirilen çäreler; döwlet eýeçiligini, şol sanda hem gurlup gutarylmadyk 

gurluşygy başga eýeçilige geçirmek hem-de nyrh çykarmak syýasaty arkaly;

 

ýeden we beýleki tebigy baýlyklardan peýdalanmagyň şertleri arkaly, maýa 



goýum taslamalaryny bilermenden geçirmek arkaly.

 

Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenen tertipde 



döredilýän býujetden daşgary maýa goýum gaznalar, şonuň ýaly-da kiçi 


kärhanalary goldamak gaznalary hem maýa goýum işiniň döwlet tarapyndan 

düzgünleşdirilmeginiň ykdysady usullary hökmünde peýdalanylyp bilner.

 

Döwlet  fiziki  taraplaryň,  hojalyk  assosiasiýalarynyň,  jemgyýetleriniň  we 



şereketleriniň, şeýle hem jemgyýetçilik hem-de dini guramalaryň, gaýry ýuridik 

taraplaryň  Türkmenistan  üçin  ileri  tutulýan  ugurlarynda  alyp  barýan  maýa 

goýum işini güýçlendirmek üçin, şeýle hem olary döwlet maýa goýum işine, şol 

sanda  hem  belli  maksada  niýetlenen  kompleksleýin  döwlet  programmalaryny 

durmuşa geçirmek işine çekmek üçin aksýaýalary çykarmak we satmak, paýly 

wznoslary çekmek arkaly hem-de beýleki çäreler arkaly şert döredýär.

 

 

 



12-nji madda. Türkmenistanyň beýleki döwletler bilen amala aşyrýan 

bileleşikli hereketi

 

 



 

Türkmenistan  baglaşylan  döwletara  şertnamalaryna  laýyklykda  beýleki 

döwletler bilen maýa goýum işinde bileleşikli hereket edýär, munuň özi hojalyk 

kanunlaryny biri- birine ýakynlaşdyrmak hem-de maýa goýumlar baradaky belli 

maksat  üçin  niýetlenen  bilelikdäki  döwlet  ylmy-tehniki,  ykdysady,  durmuş, 

ekologiki  maksatnamalary  hem-de  umumy  bähbidi  bolan  beýleki 

maksatnamalary,  şeýle  hem  tebigy  betbagtçylyklaryň  hem-de  heläkçilikleriň 

netijelerini  ýok  etmek  programmalaryny  işläp  taýýarlamak  we  durmuşa 

geçirmek  barada  ýöredilýän  syýasaty  özara  ylalaşmak  arkaly,  regionlary 

ösdürmek we ilata durmuş taýdan goldaw bermek gaznalaryny döretmek hem-de 

ulanmak arkaly durmuşa geçirilýär.

 

Türkmenistan  öz  çäginde  maýa  goýumlary  amala  aşyrmagyň  tertibini 



belleýär hem-de maýa goýumlaryň goralmagyny üpjün edýär.

 

 



 

13-nji  madda.  Döwlet  maýa  goýumlary  baradaky  kararlary  kabul 

etmegiň tertibi

 

 

 

1.  Döwlet  maýa  goýumlary  baradaky  kararlar  Türkmenistanyň  ykdysady 



we  durmuş  ösüş  çaklamalary  hem-de  öndüriji  güýçleri  ösdürmek  we 

ýerleşdirmek   shemalary,  belli  maksat  üçin  niýetlenen  ylmy-tehniki  we 

toplumlaýyn  döwlet  maksatnamalary  esasynda  hem-de  şol  maýa  goýumlaryň 

maksada  laýykdygyny  kesgitleýän  tehniki-ykdysady  esaslandyrmalar  esasynda 

kabul edilýär.

 

2.  Belli  maksat  üçin  niýetlenen  döwlet  ähmiýetli  toplumlaýyn 



maksatnamalaryň  taslamalary  ýerli  ýerine  ýetiriji  häkimiýet  edaralarynyň, 

dahylly  döwlet  edaralarynyň  we  jemgyýetçilik  guramalarynyň  gatnaşmagynda 

hem-de  Türkmenistanyň  Ministrler  Kabineti  tarapyndan  kesgitlenilýän tertipde 

işlenip taýýarlanylýar.

 

3.  Döwlet  maýa  goýumlary  meýilnamalaşdyrylanda  Türkmenistanyň 



Ministrler Kabineti ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň gatnaşmagynda 

şol  maýa  goýumlaryň  belli  maksat  üçin  niýetlenen  döwlet  ähmiýetli 




toplumlaýyn  maksatnamalary  durmuşa  geçirmek  üçin  zerur  bolan  maýa 

goýumlaryň möçberine laýyk gelmegini üpjün edýär.

 

4.  Döwlet  býujetinden  serişdeler  diňe  döwlet  buýurmasynda  bellenen 



möhüm gurluşyklar  üçin, döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegi üçin 

goýberilýär.

 

 

 



14-nji  madda.  Düýpli  gurluşykda  döwlet  maýa  goýumlaryny 

bilermenler seljermesinden geçirmek we tassyklamak

 

 

 

1.  Döwlet  maýa  goýumlarynyň  hasabyna  durmuşa  geçirilýän,  döwlet, 



döwletara  we  sebitleýin  taslamalar,  belli  maksat  üçin  niýetlenen  toplumlaýyn 

maksatnamalar Döwlet bilermen seljermesinden hökman geçirilmelidir hem-de 

Türkmenistanyň  Ministrler  kabineti  tarapyndan  bellenýän  tertipde 

tassyklanmalydyr.

 

Bilermen  seljermesi geçirilýärkä her bir pmaksatnamany  ýa-da  taslamany 



ozal  kabul  edilen  maksatnamalar  we  taslamalar  bilen  baglanyşdyrmak  işiniň 

maýa goýumlar bilen üpjün edilişi hakyndaky netijenama berilmelidir.

 

2.  Obýektleri  gurmak  baradaky  taslamalar,  tehniki-ykdysady 



esaslandyrmalar  hem-de  tehniki-ykdysady  hasaplamalar  özleriniň  haýsy 

çeşmeden  maliýeleşdirilýändigine  garamazdan,  hökman  Döwlet  bilermen 

seljermesinden  geçirilmelidir,  ýagny  ýer  titremesine  (seýsmiki  taýdan) 

çydamlylyk,  ýangyn  we  partlama  howpsuzlygy,  sanitariýa-gigiýena,  ekologiýa 

kadalarynyň,  şäher  gurluşygy  talaplarynyň  berjaý  edilmegi  jähtinden  döwlet 

bilermen seljermesinden geçirilmelidir.

 

 

 



15-nji  madda.  Düýpli  gurluşyk  üçin  döwlet  buýurmalaryny 

ýerleşdirmegiň tertibi

 

 



 

1.  Döwlet  maýa  goýumlaryny  durmuşa  geçirmegiň  bir  görnüşleriniň  biri 

düýpli gurluşyk üçin döwlet buýurmalarydyr.

 

2. Düýpli gurluşyga döwlet buýurmalary möhüm önümçilik kuwwatlaryny 



döretmek  hem-de  ileri  tutulýan  pudaklaryň  we  ugurlaryň  önümçilige  degişli 

bolmadyk obýektlerini gurmak üçin berilýär, şunda olary işe girizmegiň möhleti 

görkezilýär.

 

3. Döwlet buýurmasy düzgün bolşy ýaly, konkurs esasynda ýerleşdirilýär. 



Bazar  gatnaşyklaryna  geçiş  döwründe  Türkmenistanyň  Ministrler  kabinetiniň 

döwlet  buýurmalarynyň,  kärhanalar  we  guramalar  üçin  ykdysady  taýdan 

peýdalylygyny  nazarda  tutup,  maýa  goýum  işine  gatnaşýan  ähli  döwlet 

kärhanalary  we  guramalary  üçin  hökmany  bolan  şol  buýurmalary  bellemäge 

haky bardyr.

 

Türkmenistanyň  Ministrler  kabineti  döwlet  buýurmasynyň  ileri  tutulyp 



ýerine  ýetirilmegi  baradaky  ýenillikleriň  we  artykmaçlyklaryň  şkalasyny 

tassyklaýar.

 



4. Obýektleri gurmak  üçin  niýetlenen döwlet buýurmasy  Türkmenistanyň 

kanunlarynda  bellenen  tertipde,  şol  obýektleri  ýerleşdirmek  işi  ýerli  ýerine 

ýetiriji häkimiýet edaralary bilen ylalaşylandan soň tassyklanýar.

 

5.  Maýa  goýum  işine  gatnaşýanlaryň  islendik  biri  düýpli  gurluşyk  üçin 



döwlet buýurmasyny almak ugrundaky konkursa gatnaşmaga haklydyr.

 

6.  Döwlet  buýurmasynyň  obýektleri  Türkmenistanyň  Ministrler  kabineti 



tarapyndan bellnen tertipde ulanmaga kabul edilýär.

 

7. Döwlet buýurmasynyň obýektleri baradaky potratçylar bilen gutarnykly 



hasaplaşyk Döwlet toparynyň namalary tassyklanandan soň geçirilýär.

 

 



 

16-njy  madda.  Döwlet  maýa  goýumlaryny  gymmatly  kagyzlara, 

depozitlere,  gozgalýan  we  gozgalmaýaň  emläge  hem-de  beýleki  gymmatly 

zatlara goýmagyň tertibi

 

 



 

1. Döwlet maýa goýumlaryny gymmatly kagyzlara, depozitlere, gozgalýan 

we gozgalmaýan emläge hem-de beýleki gymmatly zatlara goýmagyň möçberi 

Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan tassyklanýar.

 

2.  Ýokarda  görkezilen  ugurlar  baradaky  maýa  goýum  taslamalar 



Türkmenistanyň  Ministrler  kabineti  tarapyndan  bellenilýän  tertipde  döwlet 

ekspertizasyndan geçirilýär.

 

 

 



17-nji  madda.  Ýerine  ýetiriji  ýerli  häkimiýet  edaralarynyň  döwlet 

maýa goýumlaryny amala aşyryşy

 

 



 

Ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralary maýa goýmak işini şu Kanuna we 

Türkmenistanyň «Eýeçilik hakyndaky» Kanunyna laýyklykda amala aşyrýarlar.

 

 



 

18-nji madda. Maýa goýum işinde nyrh çykarmak

 

 



 

Maýa  goýum  işiniň  barşynda  önümleriň  (işleriň,  hyzmatlaryň)  gymmaty 

esasan  ylalaşylan  nyrhlar  boýunça,  şol  sanda  hem  bäsleşikde  («kim  ýokary» 

söwda)  geçirmegiň  netijeleri  boýunça  kestitlenýär,  Türkmenistanyň  döwlet 

býujetiniň  hasabyna  maliýelýeşdirilýän  gurluşyklar  barada  bolsa  soňra 

indeksirlemek şerti bilen çenlik bahalary boýunça kesgitlenýär.

 

Gurluşykdaky ylalaşylan nyrh dowam edip gelýän çenlik ölçeglerini hem-



de nyrhlaryny (goşmaça edilen harajatlaryň öwezini tölemek bilen) kabul etme 

hökmünde peýdalanmak arkaly kesgitlenýär.

 

 

 



 

 


IV bap 

HUKUKLARYŇ KEPILLENDIRILMEGI WE MAÝA 

GOÝUMLARY GORAMAK

 

 



 

19-njy  madda.  Maýa  goýum  işiniň  subýektleriniň  hukuklarynyň 

kepillendirilmegi

 

 



 

1. Türkmenistan maýa goýum işiniň subýektleriniň hukuklarynyň durnukly 

bolmagyny  kepillendirýär.  Eger  kadalaşdyryjy  hukuk  namalary  kabul  edilende 

olaryň düzgünleri maýa goýum işiniň subýektleriniň hukuklaryny çäklendirýän 

bolsa,  şeýle  halatda  şol  namalaryň  degişli  düzgünleri  olaryň  çap  edilen 

pursatyndan beýläk azyndan 10 ýyl geçýänçä güýje girizilip bilinmez.

 

2.  Döwlet  edaralary  maýa  goýujylaryň  we  maýa  goýum  işine 



gatnaşýanlaryň  hukuklarynyň  bozulmagyna  ýol  berýän  namalary  kabul  eden 

wagtynda,  şol  namalary  kabul  etmegiň  netijesinde  maýa  goýum  işiniň 

subýektlerine  ýetirilen  zyýanyň,  şol  sanda  hem  elden  giderilen  peýdanyň 

öwezini kazyýetiň karary esasynda şol organlar töleýär. Eger bu tölegi tölemek 

üçin  şol  döwlet  edaralarynyň  serişdeleri  ýeterlik  däl  bolsa,  onda  şol  zyýanyň 

öwezini degişli suratda Türkmenistanyň Ministrler kabineti töleýär.

 

Döwlet edaralarynyň we olaryň wezipeli adamlarynyň maýa goýum işiniň 



subýektleriniň işine gatyşmaga haky ýokdur, ýöne kanunda göz öňünde tutulan 

hem-de şol edaralaryň we wezipeli adamlaryň öz ygtyýarlarynyň çäklerinde şol 

işe gatyşmagyna ýol berilýän halatlary muňa girmeýär.

 

Türkmenistanyň  kanunlarynda  göz  öňünde  tutulan  halatlar  bolaýmasa, 



maýa  goýujyň  maýa  goýmak  obýektlerini  saýlap  almak  hukugyny 

çäklendirmäge hiç kimiň haky ýokdur.

 

3.  Maýa  goýum  işi  şu  aşakdakylaryň  karary  bilen  ýatyrylyp  ýa-da 



togtadylyp bilner:

 

maýa  goýujylaryň  karary  bilen,  şunda  maýa goýujylar  maýa  goýum  işine 



gatnaşýanlaryň çeken zyýanynyň öwezini töleýärler;

 

ygtyýarly edilen döwlet edaralarynyň karary bilen.



 

Döwlet organynyň maýa goýum işini ýatyrmak ýa-da togtatmak hakyndaky 

karary şu aşakdaky sebäplere görä kabul edilip bilner:

 

tölemäge  ukypsyzlygy  zerarly  maýa  goýujyň  kanunda  bellenen  tertipde 



batyp galan diýip yglan edilmegi sebäpli;

 

tebigy betbagtçylyklar, awariýalar we şolar ýaly beýleki ahwalatlar sebäpli;



 

adatdan daşary ýagdaýyň girizilmegi sebäpli;

 

eger  maýa  goýum  işiniň  barşynda  şol  işiň  dowam  etdirilmegi  kanunda 



bellenilen sanitariýa-gigiýena, ekologiýa kadalarynyň hem-de beýleki kadalaryň, 

raýatlaryň, ýuridik taraplaryň we döwletiň kanun arkaly goralýan hukuklarynyň 

hem-de bähbitleriniň bozulmagyna getirjekdigi belli bolsa. Şeýle halatda maýa 

goýum  işine  gatnaşýanlara  ýetirilen  zyýanyň  öwezini  tölemegiň  tertibi 

Türkmenistanyň kanunlary esasynda kesgitlenilýär.

 



 

 

20-nji madda. Maýa goýum işiniň subýektleriniň jogapkärçiligi

 

 

 



Maýa  goýum  işiniň  subýektleri  şertnamadaky  borçnamalaryny  berjaý 

etmedik  mahalynda  kanunlarda  hem-de  baglaşylan  şertnamalarda  göz  öňünde 

tutulan emläk jogapkärçiligini we başga jogapkärçiligi çekýärler.

 

Şertnamalaryň şertleriniň bozulanlygy  üçin jerimäniň we temmi töleginiň, 



şeýle hem ýetirilen zyýanyň, öweziniň tölenilmegi günäkär tarapy, eger kanunda 

ýa-da şertnamada başga hili göz öňünde tutulmadyk bolsa, borçnamalary ýerine 

ýetirmekden boşatmaýar.

 

 



 

21-nji  madda.  Döwletleriň  buýurmasyny  ýerine  ýetirmekdäki 

jogapkärçilik

 

 



 

1. Döwletiň buýurmasyny ýerine ýetirmek barada kabul edilen borçnamalar 

ýa-da  kanuny  esasda  öz  üstüne  ýüklenilen  borçlar  ýerine  ýetirilmedik  ýa-da 

talaba  laýyk  ýerine  ýetirilmedik  mahalynda  kärhanalar  we  guramalar  maýa 

goýum  işiniň  subýektleriniň  öňünde  öz  borçnamalary  boýunça  emläk 

jogapkärçiligini  çekýär.  Şunda  günäkär  wezipeli  adamlaryň,  dowam  edýän 

kanunlara laýyklykda hut özleri jogapkärçilik çekýärler.

 

2.  Döwlet  edaralary  döwlet  buýurmalaryny  ýerine   ýetirmek  bilen 



baglanyşykly  borçnamalary  ýerine  ýetirmändikleri  ýa-da  talaba  laýyk  ýerine 

ýetirmändikleri  üçin,  öz  gezeginde  emläk  jogapkärçiligini  çekýärler,  ýetirilen 

zyýanyň, şol sanda hem elden giderilen peýdanyň öwezini töleýärler.

 

3.  Maýa  goýum  işine  gatnaşýanlar  döwlet  zakazlaryny  ýerine  ýetirmek 



barada kanunlarda we baglaşylan şertnamalarda bellenen tertipde maýa goýujyň 

- Türkmemistanyň öňünde emläk jogalkärçiligini çekýärler.

 

 

 



22-nji madda. Maýa goýumlary goramak

 

 



 

1.  Türkmenistan  eýeçiligiň  haýsy  görnüşine  degişlidigine  we  döwlete 

degişlidigine garamazdan, maýa goýumlaryň goralmagyny kepillendirýär. Maýa 

goýumlar  Türkmenistanyň  kanunlary  bilen  goralýar.  Şunda  ähli  maýa 

goýujylara  deňhukukly  düzgün  üpjün  edilýär,  maýa  goýumlaryň 

dolandyrylmagyna,  ulanylmagyna  we  ýatyrylmagyna  päsgel  berip  biljek 

kemsidiji  häsiýetdäki  çäreleriň  ulanylmagyna  ýol  berilmeýär,  şeýle  hem 

toplanan  gymmatlyklary  hem-de  maýa  goýumlaryň  netijelerini  ýurtdan 

äkitmegiň şertleri we tertibi göz öňünde tutulýar.

 

2.  Maýa  goýumlar  öwezi  tölenilmän  millileşdirilip,  mejbur  edilip  alnyp 



(rekwizirlenip) bilinmez ýa-da olar üçin netijeleri boýunça deň çäreler ulanylyp 

bilinmez.  Şeýle  çäreler  diňe  Türkmenistanyň  kadalaşydyrjy  hukuk  namalary 

esasynda  ulanylyp  bilner,  özem  şunda  maýa  goýuja  maýa  goýum  işiniň  bes 

edilmegi sebäpli ýetirilen ýitgi doly möçberde tölenilýär. 

 



Maýa  goýujylaryň  belli  maksat  üçin  goýan  ýa-da  satyn  alan  bank 

goýumlary,  paýnamalary  we  beýleki  gymmatly  kagyzlary,  satyn  alnan  emläk 

üçin ýa-da kärende hukuklary üçin tölän tölegleri Türkmenistanyň kadalaşydyrjy 

hukuk  namalaryna  laýyklykda  olaryň  elinden  alnan  mahalynda  olaryň  öwezi 

maýa goýujylara tölenýär, ýöne maýa goýujylaryň hut özleriniň eden hereketleri 

ýa-da olaryň gatnaşmagy bilen edilen hereketler netijesinde peýdalanylan, harç 

edilen summalar muňa girmeýär.

 

3. Maýa goýum işiniň amala aşyrylmagy netijesinde ýüze çykan jedellere 



degişli kazyýetler garaýarlar.

 

4. Maýa goýum işine degişli bolan borçnamalaryň ýerine ýetirilmänligi ýa-



da  talaba  laýyk  ýerine  ýetirilmänligi  barada  Türkmenistan  bilen  daşary  ýurt 

döwletleriniň arasynda ýüze çykýan jedeller gepleşikler arkaly ýa-da döwletara 

şertnamalary (ylalaşyklary) bilen kesgitlenilýän kazyýetlerde çözülýär.

 

5.  Maýa  goýumlar  ätiýaçlandyrylyp  bilner,  kanunda  bellenen  halatlarda 



bolsa ätiýaçlandyrylmalydyr etdirilmelidir.

 

Şu Kanun onuň metbutatda çap edilen gününden güýje girýär.



 

 

 



 

 

Türkmenistanyň Prezidenti                                            S. NYÝAZOW



 

 

 

Aşgabat şäheri 



 

1992-nji ýyl, 19-njy maý



 

№ 698 - XII 



 

 

Document Outline

  • I bap UMUMY DÜZGÜNLER
    • 1-nji madda. Maýa goýumlar
    • 2-nji madda. Maýa goýum işi
    • 3-nji madda. Maýa goýum işiniň obýektleri
    • 4-nji madda. Maýa goýum işiniň subýektleri
    • 5-nji madda. Türkmenistanyň maýa goýum işi hakyndaky kanunlary
  • II BAP MAÝA GOÝUM IŞI AMALA AŞYRMAK
    • 6-njy madda. Maýa goýujylaryň hukuklary
    • 7-nji madda. Maýa goýum işiniň subýektleriniň arasyndaky gatnaşyklar
    • 8-nji madda. Maýa goýum işiniň subýektleriniň borçlary
    • 9-njy madda. Maýa goýum işini maliýeleşdirmegiň çeşmeleri
  • III bap MAÝA GOÝUM IŞINIŇ DÖWLET TARAPYNDAN DÜZGÜNLEŞDIRILMEGI WE DOLANDYRYLMAGY
    • 10-njy madda. Maýa goýum işiniň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmeginiň maksady
    • 11-nji madda. Maýa goýum işiniň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmeginiň formalary
    • 12-nji madda. Türkmenistanyň beýleki döwletler bilen amala aşyrýan bileleşikli hereketi
    • 13-nji madda. Döwlet maýa goýumlary baradaky kararlary kabul etmegiň tertibi
    • 14-nji madda. Düýpli gurluşykda döwlet maýa goýumlaryny bilermenler seljermesinden geçirmek we tassyklamak
    • 15-nji madda. Düýpli gurluşyk üçin döwlet buýurmalaryny ýerleşdirmegiň tertibi
    • 16-njy madda. Döwlet maýa goýumlaryny gymmatly kagyzlara, depozitlere, gozgalýan we gozgalmaýaň emläge hem-de beýleki gymmatly zatlara goýmagyň tertibi
    • 17-nji madda. Ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralarynyň döwlet maýa goýumlaryny amala aşyryşy
    • 18-nji madda. Maýa goýum işinde nyrh çykarmak
  • IV bap HUKUKLARYŇ KEPILLENDIRILMEGI WE MAÝA GOÝUMLARY GORAMAK
    • 19-njy madda. Maýa goýum işiniň subýektleriniň hukuklarynyň kepillendirilmegi
    • 20-nji madda. Maýa goýum işiniň subýektleriniň jogapkärçiligi
    • 21-nji madda. Döwletleriň buýurmasyny ýerine ýetirmekdäki jogapkärçilik
    • 22-nji madda. Maýa goýumlary goramak

Yüklə 205,09 Kb.

Dostları ilə paylaş:




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©genderi.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

    Ana səhifə