Njy ýylda geçirilen prezident saýlawy abş-nyň taryhynda iň çekeleşikli geçen saýlawlaryň biri boldy



Yüklə 1,35 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə11/18
tarix28.06.2018
ölçüsü1,35 Mb.
#52106
1   ...   7   8   9   10   11   12   13   14   ...   18

eJ

ournal

 uSa  

20

eJ



ournal

 uSa  

21

Demokratik  Frontunyň  (EHRDF)”  ilkinji  gezek  şeýle  az 



wekilçilikli  bolmagyna  alyp  bardy.  Saýlawlar  mahalynda 

“Fafen  Ösüş”  we  “Efiopiýanyň  Demokratiýa  üçin  vision 

kongresi”  ýaly  raýat  jemgyýeti  guramalary  raýatlar  üçin 

jemgyýetçilik dolandyryş meseleleri boýunça okuw geçirdi-

ler we saýlawlaryň geçýän ýerlerinde gözegçilerini goýdular.

Hereket edýän režim saýlawlaryň netijesini galplaşdy-

rmaga  synanyşdy.  Muňa  nägilelik  bildirip,  halk  paýtagt 

şäher Addis Abebada ýörüşe çykdy. Raýat jemgyýeti gura-

malary bir bitewi fronta birleşdiler we geçirilen saýlawlaryň 

netijeleriniň  2006-njy  ýylyň  maý  aýynda  ylalaşylan  pakta 

laýyklykda kabul edilmegini talap edip, režime gysyş gör-

kezdiler.  Raýat  jemgyýetiniň  tussag  edilen  ýolbaşçylary 

boşadyldy.

Şondan  bäri  raýat  jemgyýeti  guramalary  EHRDF-den 

oppozisiýa hormat goýmagyny we häkimiýetiň güýç we zor-

luk bilen däl-de, eýsem ylalaşyk esasynda dolandyrylmagyny 

talap  edip  gelýärler.  Netijede,  häkimiýeti  jogapkärçilikli 

dolandyrmak  işi  düýbünden  täze  bir  many-mazmuna  eýe 

boldy. Wagyz-nesihat işini alyp barýan toparlaryň bildirýän 

uly aladalarynyň netijesinde ýurduň öňki premýer-ministri 

we öňki goranmak ministri parahorlykda aýyplanyp, 2007-

nji ýylda azatlykdan mahrum edildi. Şol bir wagtyň özünde 

raýat  jemgyýeti  guramalarynyň  tagallalary  bilen  2008-nji 

ýylda  Efiopiýanyň  mejlisi  dürli  syýasy  partiýalaryň  we 

özge ynançlaryň wekillerini öz hataryna goşdy, şeýle hem 

metbugat  barada  täze  kanun  kabul  etdi.  Bu  kanun  hususy 

metbugatyň  hökümet  tarapyndan  barlanylmagyny,  senzura 

sezewar  edilmegini,  şeýle  hem  žurnalistleriň  tussag  asty-

na  alynmagyny  gadagan  edýär.  Şeýlelik  bilen,  bu  raýat 

jemgyýetiniň hem bäsleşikli saýlawlaryň neneňsi edip biri-

birini pygtalandyrýandygynyň gowy mysaly bolup hyzmat 

edýär. Akkrada sözlän sözünde prezident Obamanyň belläp 

geçişi ýaly: “Afrikanyň çäginde biz adamlaryň ykballaryny 

öz ellerine alşynyň we aşakdan ýokarlygyna üstünlikli özge-

rişleri durmuşa geçirişiniň gowy mysallaryny gördük.”

B

AŞGA

 

MYSALLAR

1998-2004 ýyllar aralygynda öňki kommunistik giňiş- 

likdäki  döwletleriň  bäşisi  –  Gruziýa,  Ukraina,  Slowakiýa, 

Horwatiýa  we  Serbiýa  –  “demokratik  rewolýusiýalaryň” 

üstünlikli  amala  aşyrylyşynyň  şaýady  boldy.  Bularyň 

hemmesinde-de raýat jemgyýeti birmeňzeş täsirini ýetirdi. 

Bu  ýurtlarda  hem  ilkinji  nobatda  saýlawlaryň  aç-açan  we 

adalatly geçmegine ýardam bolar diýen pikire eýerip, raýat 

jemgyýetleri  jemlenip,  jebisleşmegi  başardy.  Umuman, 

raýat  jemgyýetine  güýç-kuwwat  berýän  we  olary  anyk 

syýasy işe gönükdirýän “azat saýlawlar hereketlerine” bütin 

ýer  togalagy  derejesinde  halklaryň  demokratiýa  geçmek 

ugrunda  edýän  tagallalary  hökmünde  garalýar.  Filippinler, 

Gana, Eýran we Keniýa bu aýdylanlara täze mysallardyr.



S

AÝLAwLARDAN

 

SoŇ

 Azat  we  adalatly  saýlawlardan  soň,  raýat  jemgyýeti 

onuň ýaly dartgynly bolmadyk, telewizorlaryň ekranlaryna o 

diýen gelşip barmaýan, ýöne, gürrüňsiz, has uly ähmiýete eýe 

bolan gowy dolandyryşa ýüzlenýär. Raýat jemgyýeti repres-

siw kanunlary ýok etmek, korrupsiýany ýüze çykarmak we 

ähli toparlaryň adalat esasynda wekilleriniň bellenilmeginiň, 

olaryň bähbitleriniň we garaýyşlarynyň ünsden düşürilmän, 

kemsitmelere  sezewar  edilmän  goşulmagyny  üpjün  etmek 

ugrunda  tagalla  edýär.  Ol  häkimiýetiň  jogapkärçilikli  bol-

magyny ýola goýmak we ýolbaşçy wezipelerdäki adamlaryň 

oýny  kada  laýyklykda  dowam  etdirmeklerini  gazanmak 

ugrunda jan edýär. 2009-njy ýylda prezident Obama Kairde 

eden  çykyşynda:  “Siz  häkimiýeti  güýçdür  zorluga  esas-

lanyp däl-de, eýsem ylalaşyga esaslanyp dolandyrmagyňyzy 

dowam etmegi başarmalysyňyz; siz milli azlyklaryň hukuk-

laryna  sarpa  goýmalysyňyz  we  çydamlylyk  hem  ylalaşyk 

ruhunda  gatnaşmagy  başarmalysyňyz;  siz  öz  halkyňyzyň 

bähbidini  we  syýasy  hereketleriň  kanuny  kada-düzgünle-

rini  öz  partiýaňyzdan  ýokarda  goýmalysyňyz.  Şu  zatlara 

uýulmasa, saýlawlaryň ýeke-täk özi hakyky demokratiýany 

döredip bilmez” diýip nygtady.

Ýeýl uniwersitetiniň professory Suzan Roze-Äkermen 

özüniň  2005-nji  ýylda  baýraga  mynasyp  bolan  kitabyn-

da  syýasaty  döretmekde  jogapkärçilikli  çemeleşmäni 

üpjün  edip  biljek  faktorlaryň  birnäçesiniň  üstünde  durup 

geçýär.  Sözüniň  ahyrynda  ol:  “Demokratiýany  jebisleşdi-

rip  biljek  diňe  janly  raýat  jemgyýetidir”  diýip  nygtaýar. 

“Syýasaty döretmek işine aýry-aýry toparlaryň we şahslaryň 

jemgyýetçilikli  gatnaşygyny  utgaşdyryp  we  dolandyryp 

biljek  edaralary  kemala  getirmek  meselesi  öňki  sosialist 

döwletleriň  üýtgedip  gurmak  boýunça  we  bütin  dünýäde 

demokratiýalary jebisleşdirmek boýunça gün tertibiniň üns 

merkezinde goýulmalydyr” diýip, ol sözüni jemleýär. 



R

AÝAT

 

jEMGYÝETINIŇ

 

BoLMADYK

 

ÝAGDAÝYNDA

Soňky ýyllarda biz işjeň raýat jemgyýetiniň bolmadyk 

ýagdaýynda  saýlawlaryň  geçişiniň  mysallaryny  gördük. 

Saýlawlary doly bäsleşik esasynda geçirmeýän ýurtlary we 

häkimiýetiň has jogapkärçilikli çemeleşmegini talap etmegi 

başarjak,  doly  kemala  gelen  jemgyýet  raýaty  bolmadyk 

ýa-da  bar  bolsa-da,  örän  gowşak  bolan  döwletleri  surat-

landyrmak üçin, dilçiler “nalajedeýin demokratiýa”, “gözeg-

çilikli demokratiýa”, “bisowat demokratiýa” we “bäsleşikli 

awtoritarizm” ýaly adalgalar oýlap tapýarlar. Bu, hususan-

da, demokratik rewolýusiýalary şowsuzlyga uçran Belarus 

(2005 ý.) we Gyrgyzystan (2008 ý.) ýaly öňki kommunist 

döwletlere mahsusdyr. Bu ýurtlarda raýat jemgyýetleri köp-

lenç hemaýatçylara örän garaşly we uly şäherleriň çäginden 

daşda  gaty  az  hereket  edýärler.  Hut  şu  sebäpden  hem  bu 

ýurtlarda  raýat  jemgyýetiniň  işjeň  agzalary  “azat  saýlaw 

hereketlerini” amala aşyrmak maksady bilen aýaga galan-

larynda,  olary  goldan  adam  bolmady.  Malaýziýa,  Russiýa 

we Kamboja ýaly ýurtlar bolsa awtoritarlaryň öňden saklap 

goýan orunlaryny eýelemekde meçew bermekden başga işi 

başarmadyk  gowşak  raýat  jemgyýetiniň  başga  mysallary 

bolup hyzmat edýär. 

Mundan tapawutlylykda Wenesuelada raýat jemgyýeti 

1990-njy  ýylyň  aýagynda  peýda  bolan  berk,  janly  liberal 

demokratiýany elden gidermän saklamak tabşyrygyny berjaý 

eder ýaly derejede ösüp ýetişmändi. Wenesueladaky ýagdaý 

edil Zimbabwedäki ýagdaýy, ýagny kä halatlarda “aşakdan 

ýokara  tarap”  täsirini  ýetirip  biljek  güýçleriň  ýeterlikli 

däldigini  ýatladýar:  demokratiýany  gorap  saklamak  üçin 

halkara  derejesindäki  berk  talaplar,  kanuny  kazyýet  we 

saýlaw komissiýalary, şeýle hem syýasy elitalaryň çykaran 

kararlary  gerek  bolýar.  Ýagdaýlaryň  käbirlerinde  bolsa, 

elbetde,  hut  saýlawlar  göreşde  üstün  çykmagy  başarjak 

jemgyýetçilik hereketine görnetin itergi berýär.

Bähbitli  tarapy  syýasy  liberizasiýanyň  öz  hereketlen-

diriji güýjüniň barlygydyr. Raýat jemgyýetine itergi berilse 

ýetik,  ony  saklamak  başartmaýar.  Prezident  Obama  we 

ABŞ-nyň  Döwlet  sekretary  Klinton  raýat  jemgyýetiniň 

demokratiýany  pugtalandyrmakda  saýlawlar  gidip  durka 

we saýlawlardan soň wajyp ähmiýetiniň bardygy barasynda 

dogry  belläp  geçýär.  Olaryň  ikisi  hem  Birleşen  Ştatlaryň 

raýat jemgyýetini we demokratiýasyny pugtalandyrmaklygy 

maksat  edinýändigine  buýsanýarlar.  Prezident  Obama 

jemgyýetiň  guramaçysy  bolmak  bilen  “Biziň  halkymyzyň 

ýolbaşçysy  raýat  jemgyýeti  bilen  netijeli  demokratiýanyň 

arasyndaky  peýwent  gatnaşygyň  bardygyna  gaty  gowy 

düşünýär” diýlen düşünjäni janlandyrýar. 

 n

Şu makalada beýan edilen pikirler hökmany suratda Amerikanyň 



Birleşen Ştatlarynyň hökümetiniň garaýyşlaryny ýa-da alyp 

barýan syýasatlaryny beýan etmeýär.


Yüklə 1,35 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   7   8   9   10   11   12   13   14   ...   18




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©genderi.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

    Ana səhifə