eJ
ournal
uSa
26
eJ
ournal
uSa
27
F
.
W
. de Klerk we Nelson Mandela häzirki döwürde asudalyk nukdaý nazaryndan häkimiýetiň
bir elden başga ele geçişiniň iň kynçylyklaryna degerli täsirini ýetirdi. Aparteid Günorta
Afrikanyň prezidentligine dalaşgär bolanda, de Klerk şol wagt 71 ýaşyny dolduran, ömrüniň 30
ýylyny tussaglykda geçiren Mandelany azatlyga çykardy. Şonda geçirilen gepleşikler Günorta
Afrikanyň garaýagyzlarynda häkimiýet başyna azat we adalatly saýlawlaryň netijesinde
gelinjekdigine ynam, akýagyzlarynda bols, ha-da häkimiýet başyna ilatyň olar tarapyndan öň
kemsidilen wekilleri geçende-de, hukuk taýdan demokratik goraglaryň üpjün ediljekdigine bil
baglap boljakdygy barasynda arkaýynçylykdyr umyt döretdi.
Günorta Afrikanyň döwlet prezidenti Frederik Willem de Klerk (çepde) we Afrikanyň Milli Kongresiniň prezidentiniň orunbasary Nelson Mandela
1990-njy ýylyň maý aýynyň 2-sinde AMK bilen Günorta Afrikan hökümetiniň Keýp Taunda geçiriljek gepleşikleriniň öňüsyrasynda.
Halkyň islegini berjaý etmek
© AP
suratlary
Çehiýanyň dissidenti we dramaturgy Waslaw Hawel syýasy partiýalaryň we
oppozision toparlaryň gatnaşmagynda geçirilýän tegelek stoluň başynda täze
häkimiýeti döretmek barasyndaky söhbetdeşlikde söz sözläp duran pursatynda.
© AP
suratlary
1989
-njy ýylda Çehoslowakiýada bo-
lup geçen “mahmal rewolýusiýa”, ýagny
kommunist režimiň güýç ulanmazdan ag-
darylmagyna şol režime garşy öz neşirle-
rinden (samizdat) peýdalanyp, golýazma
pamfletlerini ýaýradan dissidentler topar-
lary ýolbaşçylyk etdi. Kommunistler tarapy-
ndan azatlykdan mahrum edilip, ömrüniň
ençeme ýylyny tussaglykda geçiren Was-
law Hawel uruşdan soň ýurtda ilkinji ge-
zek 1990-njy ýylda geçirilen saýlawlarda
Çehoslowakiýa Respublikasynyň prezi-
dentligine saýlanyldy. 1993-nji ýylda Çeho-
slowakiýanyň ikä, ýagny Çeh Respubli-
kasyna we Slowakiýa asudalykly bölün-
megi netijesinde bolsa ol Çeh Respubli-
kasynyň ilkinji prezidenti boldy.
“Günbatarly žurnalistler bize elmydama şeýle diýýärdiler: “Aslynda, siziň özüňiz biri- biriňiz bilen oňuşmaýan
adamlaryň bir topary bolup durýarsyňyz, işçiler siziň tarapdaryňyz däl we adamlaryň millionlarçasy sizi goldamaýar,
netijede siziň edýäniňiz kelläňizi daşa urup durmakdan başga zat däl.” Men bolsa öz jogabymda: “Totalitar gurluşda
hiç wagt aşakda nämeleriň bukulyp goýlandygyny bilmeris, çünki ony barlap, anyklap bolmaýar – diýerdim. –
Elbetde, bizde adamlar köpçüliginiň pikirini bilmek maksady bilen hiç hili sorag-jogap işleri geçirilmedi; bizde azat
metbugat hem ýok, ýöne adamlaryň aňynda bir zatlaryň böwsüp çykmaga taýýardygyny biz bilýärdik. Iru-giç böwediň
ýaryljakdygy barasynda mende dörän pikir maňa rahatlyk bermeýärdi, çünki ýagdaylaryň ömür-baky hut şeýle
dowam etmejekdigine mende uly ynam bardy, sebäbi ähli zadyň dolup-daşyp barýandygy mese-mälimdi. Hem-de
bir tötänleýin hadysanyň uly özgerişe alyp barjakdygy anykdy. Birje uçgun peýda boldugy, ody saklap bolmaz.”
– Waslaw Hawel Adam Miçni tarapyndan geçirilen söhbetdeşlikde ýurdunda bolup geçen mahmal
rewolýusiýa alyp baran şertler barasynda gürrüň berip duran pursatynda. Salon, 2008-nji ýyl.
Surat Witold Rozmyslowiç/epa/
Korbis rugsady bilen ulanyldy
R
aýat jemgyýeti has gujur-gaýratly bolup çykdy:
Gdansk şäheriniň Lenin adyndaky gämi gurluşyk
zawodynda elektrik wezipesinde işlän Leh Walesa
1980-nji ýylda sowet blogunyň çäginde ilkinji ga-
raşsyz “Raýdaşlyk” kärdeşler arkalaşygynyň egindeş
döredijisi boldy. Bu arkalaşygyň güýç-kuwwatynyň
we täsiriniň artmagy bilen Polşanyň general
Woýtseh Ýaruzelskiniň ýolbaşçylygyndaky harbylary
ýurtda harby ýagdaý yglan etdi. Muňa garamaz-
dan, Polşanyň ilatynyň beren goldawy “Raýdaşlyk”
kärdeşler arkalaşygyna zorlukdyr güýç ulanmaýan
bir jemgyýetçilik hereket hökmünde işini dowam
etmäge mümkinçilik döretdi. 1989-njy ýylda hereket
edýän režim tarapyndan ýarym azat saýlawlar geçi-
rildi. 1990-njy ýylda Walesa Polşanyň prezidenti edi-
lip saýlanyldy.
1981-nji ýylyň mart aýynyň 10-y. Warşawa, Mazowiçki
(Polşa): “Raýdaşlyk” hereketiniň baştutany Leh Walesa
(sagda) polşaly ministr Woýtseh Ýaruzelski bilen duşuşyk
mahalynda.
eJ
ournal
uSa
29
eJ
ournal
uSa
28
2006-njy ýylda Nepalyň Katmandu şäheriniň köçelerine 150000 adamy çykaran
demokratiýa hörpli ýöriş mahalynda Nepalyň raýatlarynyň şa Gýanendranyň
ýüzlenmesini okap duran pursaty.
©AP
suratlary / Manish Swarup
2006
-njy ýylda ilat köpçüliginiň gat-
naşmagynda umumy iş taşlaýyş amala
aşyrylyp, netijede, şa Gýanendra zu-
lumlykly ygtyýarlyklaryndan mahrum
edilip, demokratiýanyň tarapdary bolan
aktiwistleriň bolsa has tijenmegi neti-
jesinde, Nepal indi özüni öňki döwre
garanda has azat duýýar. Täze ka-
bul edilen konstitusiýa monarhiýanyň
ýatyrylyp, parlamentar respublikanyň
döremegine we 2008-nji ýylda her niçik-
si bolsa-da azat we adalatly saýlawlaryň
geçirilmegine ýol açdy. Ýüz beren bi-
düzgünçilikdir zulumlyklar saýlawlaryň
geçişine birneme päsgel ýetirendigine,
žurnalistleriň hem häzire çenli hüjümleriň
nyşanasy bolup durandygyna garamaz-
dan, kanunyň hemme zatdan ýokarda
goýulmagy nukdaý nazaryndan degerli
özgerişlikler bolup geçdi.
M
eksikanyň saýlawlar
boýunça Federal tribu-
naly 2006-njy ýylda aşa
çekeleşikli geçen pre-
zident
saýlawlarynyň
netijeleri boýunça kara-
ra gelmek maksady bi-
len mejlis geçirýär. Şol
saýlawlarda çekeleşikli
geçen bäsleşik ýurduň
Milli hereket partiýasynyň
(MHP) adyndan gat-
naşan dalaşgär Felipe Kalderon üçin şowsuz, Demokratik rerwolýusiýa partiýasy (DRP) tarapyndan
dalaşgär Manuel Lopez Obradoryň bolsa peýdasyna boldy. Kalderon şol saýlawlarda sesleriň ujypsyzja
aratapawudy bilen ýeňşe mynasyp boldy. Lopez Obrador netijelerden nägileligini bildirip, näsazlyklaryň
ýüz berendigine degişlilikde arz-şikaýat edip, sesleriň täzeden sanalmagyny talap etdi. Şol bir wagtyň
özünde ol şunuň bilen baglylykda Mehiko şäherinde tarapdarlarynyň asuda geçiren ýörüşine ýolbaşçylyk
etdi. Saýlaw meselelerine degişlilikde tribunal Meksikanyň iň ýokary derejeli kazyýeti bolup durýar. Ähli
seljerişleri geçirip bolandan soň, ol Kalderony goldap berlen sesleriň jemi 35,89 göterime (15000284
ses) Lopez Obradory goldap berlen sesleriň bolsa jemi 35,31 göterime (14756350 ses) barabar bo-
landygyny belläp, Kalderony ýeňiji diýip yglan etdi.
©
AP
suratlary /
Marco Ugarte
B
raziliýada internet raýat jemgyýetiniň
ähli gatlaklary üçin elýeterlidir. Ynha,
şu suratda ýerli Kaýapo tiresinden bo-
lan bir aktiwistiň 2009-njy ýylda geçiri-
len jemgyýetçilik diňleýişleri gidip du-
ran mahalynda, öz laptopyndan (elde
göterilýän kompýuterinden) peýdalanyp
duran pursaty. Amazon derýasynyň kena
ýakasyndaky tropik tokaýlarda ýaşaýan
ýerli tireler Braziliýanyň hökümeti tarapy-
ndan Şingu derýasynda bent gurmak ba-
rasynda gelnen karardan nägileliklerini
bildirýärler.
©
AP
suratlary / Eraldo Peres
©
AP
suratlary / Batsuh
Mongoliýada prezidentlige
dalaşgär Elbegdorj Tsakhiany
goldaýanlaryň 2009-njy ýylyň
aprel aýynda Ulan Batorda
ýygnanyşýan pursaty.
2008
-nji ýylda bidüzgünçiliklere alyp baran parlamentiň
gizlin ses berişliginde Elbegdorj Tsakhia sesleriň 51,24 gö-
terimine mynasyp bolup, sesleriň 47,44 göterimini gazanan
wezipedekä ýene-de bir möhlet şol wezipede galmak mak-
sady bilen Mongoliýanyň Halk Rewolýusion Partiýasyndan
dalaşgärleriň hataryna goşulan Nambaryn Enhbaýardan
üstün çykdy. Dalaşgärleriň gazanan sesleriniň sähelçe ara-
tapawut edendigine garamazdan, wezipede bolan dalaşgär
özüniň ýeňlendini ak ýürekden boýun aldy, netijede geçiri-
len saýlawlar hiç hili närazyçylyk döretmedi.
Öňki prezident Nambaryn Enhbaýar
(öňde duranlaryň sag tarapynda) we
Elbegdorj Tsakhia Mongoliýanyň Ulan
Bator şäherinde ýerleşýän mejlisiň
binasynda geçirilýän kasam ediş
dabarasynda elleşip duran pursatynda.
©
AP
suratlary / D. Rentsendorj