Njy ýylda geçirilen prezident saýlawy abş-nyň taryhynda iň çekeleşikli geçen saýlawlaryň biri boldy



Yüklə 1,35 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə13/18
tarix28.06.2018
ölçüsü1,35 Mb.
#52106
1   ...   10   11   12   13   14   15   16   17   18

eJ

ournal

 uSa  

24

eJ



ournal

 uSa  

25

käbirleri  oňa  jogap  bolup  biler”  diýip  nygtady.  Adatdan 



daşary  ýagdaýa  degişli  meýilnamalar  Buşuň  hökümetiniň 

möhleti tamamlanyp barýarka taýýar bolandygy üçin, Joşua 

Bolten: “Häkimiýeti dolandyrmak möhletiniň tamamlanyp 

barýandygy...  ,  hakykatdan  hem,  gitmezimizden  öň,  bu 

zatlaryň  hem  ýerbe-ýer  edilip  goýulmagyny  üpjün  etmek 

meselesini  üns  merkezinde  goýmaga  ýardam  etdi”  diýip 

düşündirdi.

p

REzIDENTLIK

 

wEzIpESINE

 

GEÇMELI

  

B

ARAK

 o

BAMANYŇ

 

HÄKIMIÝETIŇ

 

BIR

 

ELDEN

 

BAŞGA

  

ELE

 

GEÇIŞINE

 

TAÝÝARLANYŞY

Häkimiýetiň bir elden başga ele geçiş işini taýýarlamagy 

Barak Obama Waşingtonyň tejribeli bilermeni Jon Podesta 

ynandy. Podesta Klintonyň administrasiýasynda Ak Tamyň 

başlygy wezipesini eýeleýärdi. Obamany gaty gowy tanasa-

da, Podesta Obama bile şahsy nukdaý nazardan ýakyn gat-

naşykda  däldi  we  Obamanyň  administrasiýasynda  wezipe 

berilmegini  islemeýärdi.  Muny  bilmegiň  aýratyn  ähmiýeti 

bar,  çünki  Podestanyň  ol  ýerde  özüne  wezipe  almak  üçin 

wagtyny  geçirmeýändigi  her  kime  mälimdi.  Obamanyň 

häkimiýet  başyna  geçiş  işini  ýerine  ýetiren  Kris  Lu  onuň 

häkimiýet  başyna  geçişini  alyp  baran  resmi  işgärleri 

indiki  geljek  administrasiýanyň  çäginde  tabşyryklaryny 

diňe  iş  berler  diýen  pikir  bilen  berjaý  etmeýän  adamla-

ra  ynanmagyň  gerekdigine  has  dykgatly  garandyklaryny 

belläp  geçdi.  “Elbetde,  siz  olaryň  geljekde 

iş  beriljekdigini  tama  edip  gözboýagçylyk 

bilen meşgullanmagyny islemersiňiz,” diýip, 

Lu nygtap  aýtdy.  – Bu öňem häkimiýeti bir 

elden başga ele geçirenleriň, şeýle hem öňki 

administrasiýalarda  işlänleriň  tejribesinden 

alnan sapakdy.

Podesta  maglumaty  gözden  geçiriji 

toparlaryň neneňsi edip täze administrasiýanyň 

resmi  adamlary  üçin  düşünmesi  aňsat  hem 

peýdaly  bolan  maglumaty  taýýarlap,  üpjün 

edişi boýunça öz anyk pikirlerini şeýle beýan 

etdi:  “Siz,  diýeli,  bir  programmany,  eda-

rany,  býujeti  alýarsyňyz  we:  “Ynha,  şeýle 

kynçylyklar  bar-da”  diýýärsiňiz.  Onda 

siz  neneňsi  edip  öňe  tarap  gidip,  Obama 

tarapyndan  kampaniýa  mahalynda,  soňra-

da  geçişde  we  häkimiýet  dolandyrylyşynyň 

ilkinji  ýyllarynda  beren  wadalaryndan 

ugur  alyp,  netije  berjeksiňiz?”.  Kabinetiň 

ministrleriniň  we  Ak  Tamyň  işgärleriniň 

paýyna “siňdirilmesi aňsadrak bolan strategik 

önüm düşüpdir” diýip, Podesta sözüni dowam 

etdi.  “Wezipelerine  indi  başlajak  ministrler 

bilen gürrüňdeş bolanymda, olar has höwesli 

görünýärdiler, çünki olaryň eline düşjek köne döwürde däp 

bolup  galan  5000  sahypalyk  ulanylman  ýatan  nama  däl-

de, eýsem 30 sahypadan ybarat, meseläni üns merkezinde 

goýýan, gowy ýazylan, gözden geçirilen memorandumlaryň 

3-nji  taslamasydy”.  Häkimiýetde  wezipelerine  girişenden 

soň,  indi  belleniljek  resmi  adamlar,  ynha,  hut  şular  ýaly 

maglumata we seljerişe mätäçdirler.

11-

NjI

 

SENTÝABRDAN

 

SoŇ

 

HÄKIMIÝETIŇ

 

BIR

  

ELDEN

 

BAŞGA

 

ELE

 

GEÇIŞINE

 

GARAŞYLYŞY

Milli  howpsuzlyga  gerek  bolan  asudalykly  geçiş 

barasynda köpçülikleýin ylalaşyga gelmek 2008-2009 ýyllar 

aralygynda häkimiýetiň bir elden başga ele geçişini belli bir 

şekile getirýän üçünji faktor bolup hyzmat etdi. Häkimiýet 

Amerikanyň  Birleşen  Ştatlaryna  terrorçylykly  hüjümler 

boýunça Döwlet komissiýasynyň (9-11 komissiýasy) teklip-

lerini kabul etdi. Munuň maksady gizlin maglumata dahyly 

bolan wezipelere işgär almak tertip-düzgüni kämilleşdirmek 

we şular ýaly ýagdaý ýüze çykaýan mahalynda, täze işine 

başlan  administrasiýa  dessine  oňa  degerli  çäre  görmäge 

ukyply bolar ýaly, howpsuzlyga abanjak howp dogrusynda 

maglumaty toplamak bolup durýar. Köpleriň pikiriçe, gizlin 

maglumata  dahyly  bolan  wezipä  işgär  almak  düzgüniniň 

haýallyga ýol bermegi öňki administrasiýanyň wezipä bel-

lenilen adamlarynyň işe başlamagyny gijikdirdi.

Köpçülikleýin gyryş ýaraglarynyň (KGÝ) ýaýramagynyň we terrorçylygyň öňüni 

almak meseleleri boýunça Komissiýanyň egindeş başlyklary ABŞ-nyň Florida 

ştatynyň öňki senatory Bob Grähäm (çepde) we Missuri ştatynyň öňki senatory Jim 

Tälent (sagda) täze saýlanylan wise-prezident Jou Baýden we milli howpsuzlyk 

ministri wezipesine bellenilen Jänet Napolitano 2008-nji ýylyň dekabr aýynyň 3-ünde 

Waşington Kolumbiýa okrugyndaky prezident häkimiýetiniň bir elden başga ele 

geçişiniň amala aşyrylýan baş karargähinde maslahatlaşyp oturan pursatynda.

© 

AP



 suratlary / Scott 

Applewhite

Häkimiýetiň ýerine ýetiriji bölüminiň işgärleriniň bel-

lenilen  wezipede  işe  başlamagyny  tizleşdirmek  maksady 

bilen Kongres işe almak prosesine has irräk girişmegi üpjün 

etdi, Buşuň topary hem öz ýanyndan häkimiýetiň geçişinde 

esasy orun tutjak işgärleriň işe alynmagynda döwlet dere-

jesinde talap edilýän barlaglary irräk geçirmeklige ýardam 

berdi. Obamanyň wezipesine dabaraly ýagdaýda bellenil-

meginden  bir  hepde  öň,  2009-njy  ýylyň  ýanwar  aýynyň 

13-ünde,  prezident  Buş  öz  işgärleri  bilen  bilelikde  Ak 

Tamyň  meýdanynyň  çäginde  heläkçilikli  ýagdaýyň  öňüni 

almak boýunça ýörite okuw geçirdi. Bu okuwyň maksady 

prezidentlige täze saýlanan Obamany soňa goýman, dessi-

ne ýüz beräýjek şular ýaly ýagdaýlara tizden-tiz taýýarlyk 

görüp başlamaklyga ugrukdyrmak bolup durýar. Bu okuw 

bolup  biläýjek  şular  ýaly  adatdan  daşary  ýagdaýlarda 

wezipä täze bellenilenler üçin wezipelerini tabşyrýanlaryň 

hut özleri bilen nähili jogap çärelerini ulanyp boljakdygyny 

ara alyp maslahatlaşmaklary üçin gymmatly bir mümkin-

çilikdir.

N

ETIjE

2008-2009 ýyllar aralygynda bolup geçen häkimiýetiň 

bir elden başga ele geçişi prezident tarapyndan bu babatda 

taýýarlyk  görmegiň,  onda-da  ykjam  taýýarlyk  görmegiň 

wagtyndan  hem  öňräk  tabşyrylmagynyň  bähbitlidigini 

görkezýär.  Prezident  Buşuň  görkezmesi  bilen Ak  Tamyň 

işgärleriniň  başlygy  Joşua  Bolten  täze  administrasiýanyň 

talaplaryny  ilki  anyklamak,  soňra-da  berjaý  etmek  üçin, 

häkimiýet  derejesinde  edilen  ähli  tagallalara  ýolbaşçylyk 

etdi. Barak Obama hem ýetip gelýän geçişi kesgitlemek we 

soňra amala aşyrmak üçin, gijikmän ýörite mehanizm döret-

di  we  soňra-da  şol  geçişi  berjaý  etjek  topara  düýbünden 

gyzyklanma  bildirmeýän  bir  adamy  başlyk  belläp,  şu  işe 

özboluşly  goşant  goşdy.  Sentýabr  aýynyň  11-inden  soň 

göz  öňünde  tutulan  howpsuzlyk  çäreleriniň  ählisi  olara 

gatnaşanlaryň  hemmesiniň  üns  merkezinde  häkimiýetiň 

düzgün-tertibe  laýyklykda  we  netijeli  geçişini  goýdy.  Şu 

günki  günüň  amerikan  prezidentleri  taýýarlyk  işlerini 

saýlawlar  geçýänçä  goýmaklygy  dogry  hasaplamaýarlar. 

Kongres,  prezident  Buş  we  bölümleriň  hem  edaralaryň 

syýasy  resmileri  kanunlar  arkaly,  ýerine  ýetiriji  görkez-

meler  we  aýry-aýry  adamlaryň  tagallalary  bilen  wezipä 

geçjek  indiki  prezidenti  we  onuň  toparyny  häkimiýet 

dolandyrylyşyna jogapkär bolmaklyga taýýarlamakda köp 

iş etdi. 

 n

Şu makalada beýan edilen pikirler hökmany suratda Amerikanyň 



Birleşen Ştatlarynyň hökümetiniň garaýyşlaryny ýa-da alyp 

barýan syýasatlaryny beýan etmeýär.


Yüklə 1,35 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   10   11   12   13   14   15   16   17   18




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©genderi.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

    Ana səhifə