Njy ýylda geçirilen prezident saýlawy abş-nyň taryhynda iň çekeleşikli geçen saýlawlaryň biri boldy



Yüklə 1,35 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə12/18
tarix28.06.2018
ölçüsü1,35 Mb.
#52106
1   ...   8   9   10   11   12   13   14   15   ...   18

eJ

ournal

 uSa  

22

eJ



ournal

 uSa  

23

marta  joýnt  Kumar  merilend  ştatynyň  tawson  şäherinde 



ýerleşýän  tawson  uniwersitetiniň  syýasy  ylymlar  boýunça 

mugallymy, Amerikanyň prezidentligi boýunça bilermendir. 

Onuň 2007-nji ýylda neşir edilen “managing the president’s 

message:  the  white  House  Communications  Operation” 

kitaby 2008-nji ýylda riçard e. nýustadt sylagyna mynasyp 

boldy.  Onuň  neşir  edilen  eserleriniň  arasynda  1981-nji 

ýylda  çapdan  çykan  “prezidenti  teswirläp:  Ak  tam  we 

köpçülikleýin  habar  beriş  serişdeleri”atly  kitap-da  bar. 

Häzirki  wagtda  ol  Ak  tamyň  geçiş  döwri  boýunça  hiç 

partiýanyň  tarapdary  bolup  çykyş  etmeýän  taslamasynyň 

ýolbaşçysy.

Dolandyryş  edarasynyň  bir  elden  başga  bir  ele  geç-

megine uzak wagtlap görlen taýýarlyk häkimiýetiň jorj w. 

Buşdan Barak Obama geçişini Birleşen Ştatlaryň prezident-

lik geçişleriniň iň bökdençsizleriniň hatarynda goýdy. 

1952


-nji ýyldan bäri wezipede bolan Amerikanyň 

Birleşen  Ştatlarynyň  prezidentleri  öz  miras-

düşerleri  üçin  ýerine  ýetiriji  häkimiýet  dogrusynda  mag-

lumat  toplap  taýýar  edipdirler.  Beýle  tejribe  tötänleýin 

başlanmady.  Amerikanyň  Birleşen  Ştatlarynyň  gurluşyna 

laýyklykda her bir saýlanan prezidentiň wezipesine kanun 

taýdan  geçmezinden  öň,  ähmiýetli  kararlaryň  birgidenini 

kabul edýändigi, şol sanda hökümet wezipelerine bellenil-

jeklere degişlilikde hem anyk çözgütlere gelýändigi munuň 

düýp  sebäbi  bolup  durýar.  2008-2009  ýyllar  aralygynda 



2008-2009-njy ýyllarda ABŞ-da prezidentlik 

wezipesiniň bir adamdan beýleki adama 

geçişi: üstünlikli hyzmatdaşlyk 

Marta Joýnt Kumar

2008-nji ýylda geçirilen saýlawdan soň bir hepde çemesi wagt geçip-geçmänkä, saýlawda ýeňiş gazanyp, ýöne 

entek prezidentlik wezipesine geçmedik Barak Obama bilen heniz prezidentlik wezipesini tabşyrmadyk Jorj Buş Süýri 

otagda (Oval Office) ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçiriljek ýygnaga barýan putsatynda.

© 

AP



 suratlary / Evan V

ucci


häkimiýetiň Jorj Buşdan Barak Obama geçişi häkimiýetiň 

bir  elden  başga  ele  geçişleriniň  arasynda  iň  asuda  amala 

aşanlarynyň biridir. Hatda saýlawlardan hem öň, taraplaryň 

ikisi-de  häkimiýetiň  bir  elden  başga  ele  geçişiniň  netijeli 

bolmagynyň aladasyny etdi. Obamanyň prezidentlige geçen 

ilkinji  günlerinde  maksatlarynyň  birnäçesine  ýetmekligi 

başarandygy geçişiň netijeliliginiň bir ölçegi bolup hyzmat 

edýär.


Ol  prezident  saýlanmagy  we  prezidentlige  resmi 

taýdan  dabaraly  kabul  edişliginiň  arasyndaky  takmynan 

75  günüň  dowamynda  täze  prezident  syýasatynda  arty-

kmaçlyk  berýän  meseleleri  aýyl-saýyl  etmegi  başarýar. 

Meýilleşdiren başlangyçlarynyň üstünde işlemezden öň, oňa 

aşakdakylaryň ýerbe-ýer bolmagy gerek bolýar:

•   Ähli zada göz ýetirip, karar kabul etmek üçin gerek 

bolan maglumatlar;

•   Ak Tamyň uly işgärleri we olara berlen tabşyryklar;

•   Ak Tamyň işgärlerinden we ýerine ýetiriji häkimiýetiň 

15 bölüminde işleýän iň ýokary wezipeli adamlardan 

başarnyklaryna görä saýlap almagyň meýilnamasy.

Şularyň  hemmesi  ýerbe-ýer  edilenden  soň, 

prezidentliginiň  ilkinji  10  gününiň  dowamynda  Barak 

Obama ýerine ýetirilmeli buýruklaryň dokuzyna we birgi-

den meseläni öz içine alýan prezident memorandumlarynyň 

dokuzyna  gol  çekdi.  Munuň  yzysüre  şol  bir  işde  işleýän 

zenanlara  we  erkeklere  deň  aýlyk  tölemeklige,  çagalaryň 

saglyk  ätiýaçlygyna,  ykdysadyýeti  galkyndyrmaklyga 

degişli  kanunlara  gol  çekdi  we  şeýlelik  bilen  häkimiýeti 

dolandyrmak  işiniň  ilkinji  günlerinden  başlap,  saýlaw 

kampaniýasynda  halkyň  öňünde  beren  wadalaryny  berjaý 

etmek ugrunda tagalla etdi. 

Bolup  geçen  hadysalaryň  üçüsi  prezident  Barak 

Obamanyň  işe  çalt  girişmegine  itergi  boldy.  Birinjiden, 

saýlawlardan  soň  häkimiýetiň  bir  elden  başga  ele  şeýle 

üstünlikli  geçişine  prezident  Buşuň  hut  özi  dessine 

goşandyny etdi. Baryp 2007-nji ýylyň aýagynda, saýlawlar 

başlanmazdan has öň, Buş Ak Tamyň işgärleriniň başlygy 

Joşua  Boltena  häkimiýetiň  bir  elden  başga  ele  geçişiniň 

netijeli  bolmagyny  üpjün  etmegi  tabşyrypdyr.  Ikinjiden, 

2008-nji  ýylyň  başynda,  ýene-de  saýlawlar  başlanmazdan 

has  öň,  dalaşgär  Barak  Obama  tejribeli  we  degerli  bilim-

li  adamlara  häkimiýetiň  çalyşmagyna  taýýarlyk  görme-

gi  we  ony  meýilleşdirmegi  tabşyrdy.  Bulardan  başga-da 

2001-nji  ýylyň  sentýabr  aýynyň  11-inde  bolup  geçen  ter-

rorçylykly hüjümlerden soň federal häkimiýetiň ähli bölüm-

leri häkimiýet tarapyndan amala aşyrylýan işlere degişlilik-

de  salynaýjak  howp  babatynda  hüşgärliklerini  artdyrdylar 

we  ýerine  ýetiriji  häkimiýetiň  çalşyrylmagyny  asudalykly 

amala  aşyrmaga  taýýarlyk  görüp  başladylar.  Prezident 

Buşuň teklibi esasynda Kongres geljekki prezidentiň milli 

howpsuzlyk maglumat ulgamynyň talaplaryna degişli kanun 

kabul etdi.



B

uŞuŇ

 

ADMINISTRASIÝASYNYŇ

 

RESMI

 

IŞGÄRLERI

 

TARApYNDAN

 

HÄKIMIÝETIŇ

 

BIR

 

ELDEN

 

BAŞGA

  

ELE

 

GEÇIŞINI

 

wAGTYNDAN

 

ÖŇ

 

MEÝILLEŞDIRILIŞI

Wezipedäki  prezidentleriň  aglabasy  häkimiýetiň 

bir  elden  başga  ele  geçişine  gulluk  möhleti  tamamlanyp 

barýarka taýýarlyk görüp başlaýan bolsa, Jorj Buş oňa pre-

zidentlik möhletiniň tamamlanmagyna bir ýyl galanda baş-

lady. Joşua Bolten 2007-nji ýylda prezident Buşuň özüne: 

“Häkimiýetiň  bir  elden  başga  ele  geçişiniň,  hususan-da 

milli  howpsuzlyk  ulgamy  babatynda,  mümkin  boldugyça 

netijeli  bolmagyny  üpjün  etmek  üçin,  eliňde  baryny  et” 

diýip görkezme berşini ýatlaýar. Bu işiň şeýle ir başlanmagy 

administrasiýa  bilen  prezidentlik  saýlawlarynyň  wekille-

rine  partiýalaryň  her  biri  tarapyndan  saýlawlara  gatnaşjak 

dalaşgärleri saýlap almak maksady bilen öňünden geçirilen 

saýlawlardan soň we saýlawlaryň başlanmazyndan has öň 

habarlaşmaga mümkinçilik döretdi.

15 bölümiň çägindäki takmynan 7000 çemesi wezipäni, 

şol  sanda  Senat  tarapyndan  makullanmagy  talap  edilýän 

has ähmiýetli 1200 wezipäni doldurmak üçin, täze saýlanan 

prezidente  berjaý  edilmeli  işler  barasynda,  ýerine  ýetiriji 

häkimiýetiň  aýry-aýry  bölümleriniň  işleýşi  we  aýratyn 

syýasy  başlangyçlaryň  hukuk  ýagdaýy  dogrusynda 

ummasyz  maglumat  gerekdir.  Baryp  2008-nji  ýylyň  orta-

larynda Buş ýeňiş gazanandan soň, onuň administrasiýasy 

indiki  saýlanjak  prezidente  gerek  bolan  şular  ýaly  maglu-

maty toplamak we seljermek işlerini geçirip başlady. 

Utgaşdyrma işi häkimiýetiň bir elden başga ele üstün-

likli geçişini üpjün etmekde ýerine ýetiriji häkimiýetiň aýry-

aýry  edaralarynyň  we  resmi  işgärleriniň  arasynda  esasy 

bir  bölegi  hasaplanýar.  Prezidentiň  Dolandyryş  şurasynyň 

(PDŞ)  bahar  paslynda  esasy  edaralaryň  22-siniň  gatnaş-

magynda geçiren mejlisinde PDŞ-nyň başlygy geçiş mesele-

sini şol edaralaryň wekilleri bilen ara alyp maslahatlaşdylar. 

Edaralar öz etmeli işinde umumy artykmaçlyklaryny kesgit-

lemek we iş nusgalaryny döretmek ugrunda bilelikde tagalla 

etdiler. Şonda Jonson edaranyň işgärlerine artykmaçlyklary 

kesgitlemek  barasynda  beren  görkezmelerinde:  “Köp  ünsi 

çekýän,  hemmäni  geň  galdyrjak  meselelere  üns  bermän, 

täze ýolbaşçy toparyň iş salyşmaly, ähmiýet taýdan ýokary 

derejeli  meseleleri,  ugry  ýa-da  aýratyn  ylalaşyklary  üns 

merkezinde goýuň ...” diýip nygtady. 

Milli howpsuzlyk pudagyna gezek gelende, indiki bol-

jak prezidentde we onuň toparynda aýratyn meseleler hem 

dünýäde  bolup  geçýän  wajyp  ýagdaýlar  barasynda  gowy 

düşünje  döretmäge  kömek  bolsun  diýip,  prezident  Buşuň 

hut özi Milli Howpsuzlyk meseleleri boýunça maslahatçysy 

Stefen  Hädliniň  ýolbaşçylygynda  taýýarlanan  40  memo-

randumy gözden geçirdi. Mundan başga-da Hädli adatdan 

daşary  ýagdaý  barada  17  sany  meýilnama  taýýarlady  we: 

“Iň  kynçylykly  ýagdaý  ýüz  beren  mahalynda,  şularyň 



Yüklə 1,35 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   8   9   10   11   12   13   14   15   ...   18




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©genderi.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

    Ana səhifə