Njy ýylda geçirilen prezident saýlawy abş-nyň taryhynda iň çekeleşikli geçen saýlawlaryň biri boldy



Yüklə 1,35 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə10/18
tarix28.06.2018
ölçüsü1,35 Mb.
#52106
1   ...   6   7   8   9   10   11   12   13   ...   18

eJ

ournal

 uSa  

18

eJ



ournal

 uSa  

19

Brýus  jilleý,  Oregon  ştatynyň  portlend  şäheriniň  portlend 



döwlet  uniwersitetiniň  Hätfild  kollejiniň  syýasy  ylymlar 

boýunça  dosenti.  Onuň  gyzyklanma  bildirýän  mowzuklary 

demokratiýa,  kanunylyk  we  global  syýasat,  hususan-da 

Aziýada. Onuň ýazan kitaplarynyň arasynda “Dolandyrmak 

hukugy:  Döwletler  neneňsi  edip  kanunylyga  mynasyp 

bolýarlar  we  ony  elden  gidirýärler?”  (2009-njy  ýyl)  we 

“Hytaýyň demokratik geljegi” (2004-nji ýyl). Ol Demokratiýa 

žurnalynyň redaktorlar geňeşiniň agzasydyr. 

Güýçli  raýat  jemgyýetleri  saýlawlaryň  netijesin-

de  häkimiýet  başyna  gelen  resmi  adamlaryň  häkimiýet 

dolandyrylyşyny gowy alyp barmaklyga we demokratiýanyň 

gülläp  ösmegine  gerek  syýasy  şertleriň  doredilmegine 

jogapkärli garamagyny talap edýärler.

S

oňky  ýyllaryň  mysalynda  saýlawlaryň  diňe  bir 



özüniň  demokratik  düzgün-tertibi  üpjün  etmegi 

başarmaýandygy  mese-mälim  boldy.  Saýlawlary 

adalatly  geçirip,  ýeňşe  mynasyp  bolanlardan  häkimiýeti 

anyk ülňülere laýyklykda dolandyrmagy talap edýän döw-

letler  esasy  artykmaçlyga,  ýagny  berk  raýat  edaralary-

na  eýe  bolýarlar.  Häzirki  döwürde  bar  bolan  we  boljak 

demokratiýalara  degişlilikde  geçirilen  gözlegler  esasynda 

“Raýat  jemgyýeti  bilen  demokratiýa  biri-birini  berkidýär” 

diýen netijä gelindi.

I

NDoNEzIÝA

Uzak wagtlap agalyk eden awtoritar hökümetiň baştu-

tany  1998-nji  ýylda  agdarylaly  bäri,  Indoneziýa  geçirilen 

saýlawlaryň  netijesinde  eýýäm  dört  gezek  –  1999-unjy, 

2001-nji, 2004-nji we 2009-njy ýyllarda – häkimiýetiň asu-

dalykly ýagdaýda bir elden başga bir ele geçişiniň şaýady 

boldy.  Şu  wagt  aralygynda  onuň  demokratiýa  ugrunda 

ýeten  sepgitleri  haýran  galdyryjydyr.  Bu  ýurt  Azatlyk 

öýüniň (Freedom House) syýasy we raýat azatlyklary ölçe-

gine görä 1997-nji ýylda 6-njy derejede bolandygyndan (iň 



Raýat jemgyýeti, demokratiýa we saýlawlar

Brýus Jilley

Ýöriş azatlygy: indoneziýaly talyplar öňki prezident Suhartonyň gülkünç we aýylganç şekilini otlamak 

bilen onuň parahorlykda aýyplanýandygyna göz ýumulmagyna nägilelik bildirýärler.

© AP

 suratlary 



erbedi 7-nji dereje) 2009-njy ýylda 2,5 utukly bolmak bilen 

dünýäniň  aram  liberal  demokratik  döwletleriniň  hataryna 

goşuldy.

Gapma-garşylyklaryň  we  syýasy  dagynyklygyň  bol-

magy mümkin diýlen uludan-uly howatyrlanmalara garamaz-

dan, işjeň we tertip-düzgünli raýat jemgyýeti Indoneziýany 

demokratik özgerişlere we kada-düzgünlere uýmaga ýardam 

edýän köp tejribe bilen üpjün etdi. “Demokratiýa forumy”, 

“Uniwersitet  Prezidentleriniň  forumy”  ýaly  toparlar  we 

azat hem adalatly saýlawlar üçin uniwersitetiň aragatnaşyk 

ulgamy  saýlawlaryň  adalatly  geçmegine  ýardam  berdi. 

Şeýle  hem  Indoneziýanyň  raýat  jemgyýeti  edaralarynyň 

oýny  kadasyna  laýyk  oýnamaklaryny,  wadalarynda  tapyl-

maklaryny we saýlawlaryň arasyndaky wagtyň dowamyn-

da  saýlawçylara  jogapkärçilikli  bolmaklaryny  dowam 

etdirmeklerini  syýasatçylardan  talap  edendikleri  hem  uly 

ähmiýete  eýedir.  2001-nji  ýylda  Jakartada  ýerleşýän  stra-

tegik we halkara bilimler merkeziniň ýerine ýetiriji müdiri 

doktor Hadi Soesastronyň Birleşen Ştatlaryň diňleýjileriniň 

bir  toparyna:  “Ýurdumyzyň  juwan  demokratiýasy  entek 

hem  gaty  ejiz,  şonuň  üçin-de  döwlet  dolandyrylyşygynyň 

yza gaýtmagyny görmegimiz ähtimal” diýip nygtady. Onuň 

aýtmagyna  görä,  Indoneziýanyň  raýat  jemgyýeti  bolup 

biläýjek yza gaýdyşyň öňüni almagy özüniň esasy wezipesi 

hasaplaýar, çünki ol: “Bu biziň üçin birinji nobatda duran 

meseledir” diýip aýtdy. 

Bu  gün,  ýagny  şondan  dokuz  ýyl  geçenden  soň, 

Indoneziýanyň raýat jemgyýeti bu aýratyn tabşyrygy berjaý 

edendigini  aýdyp  biler.  2009-njy  ýylyň  fewral  aýynda 

Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillari Klinton Jakartada 

ýurduň  raýat  jemgyýetiniň  ýolbaşçylaryny  şeýle  çydamly, 

demokratik  we  adam  hukuklaryna  sarpa  goýýan  ýurdy 

döretmekde aýgytly orun tutandyklary bilen gutlady. Şonda 

ol: “Geljekki ýyllarda dünýä ýurtlaryna syýahat edenimde, 

men  adamlara:”  Eger  siz  yslam  dininiň,  demokratiýanyň, 

döwrebaplygyň  we  zenan  hukuklarynyň  egin-egne  berip 

oňuşýandygyny  görmek  isleseňiz,  Indoneziýa  baryň 

diýerin” diýdi. Sagdyn demokratiýa ýetmek üçin, diňe bir 

saýlawlaryň  ýeterlikli  däldigine  köpler  düşündi.  Hut  şu 

jähetden  demokratiýany  kämilleşdirmek  we  oňa  ýardam 

bermek  ýaly  çäreleriň  üns  merkezinde  diňe  saýlawlar 

däl-de,  eýsem  raýat  jemgyýetini  goldamaklykdan  başlap, 

netijeli kanunçylyk hereketlerini pugtalandyrmaklyga çenli 

meseleler  goýulýar.  Ýöne  demokratiýanyň  saýlaw  bilen 

bagly  ýa-da  bagly  bolmadyk  aspektleri  özara  garaşlydyr: 

biri – beýlekisinden aýry bolup bilmeýär we olar biri biriniň 

yzyndan  tirkeşikde  döreýär.  Janly  raýat  jemgyýeti  azat 

metbugat  we  garaşsyz  edaralaryň  beýlekileri  tarapyndan 

goldaw tapanda, diňe saýlawlaryň adalatly geçmegini, kanu-

na, kada-düzgüne laýyklygy üpjün etmek bilen çäklenmän, 

eýsem  saýlawlaryň  netijelerine  hem  saýlawlardan  soňky 

döwürde hökümetiň beren wadalarynda durmagyny, aç-açan 

bolmagyny we kada-düzgüne uýmagyny talap etmek arkaly 

ýardam berýär. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň preziden-

ti  Barak  Obama  2009-njy  ýylda  Moskwada  we  Akkrada 

sözlän sözünde demokratik özgerişiň “aşakdan ýokary” geç-

meginde raýat jemgyýetiniň tutýan orny barasynda aýratyn 

durup  geçdi.  Ol  Akkrada  eden  çykyşynda:  “Demokratiýa 

diňe  saýlawlary  geçirmek  bilen  çäklenmeýär.  Onuň  bir 

saýlawdan indiki saýlawa çenli aralykda hem bolup geçýän 

zatlara dahyly bardyr” diýip nygtady. 

E

fIopIÝA

Efiopiýa  hem  şol  demokratik  jebislendirmäniň  “aşak-

dan ýokary” prosesleriniň nusgasy bolup durýar. Bu döwlet 

2005-nji ýylda ilkinji gezek hakyky bäsleşikli saýlawlaryny 

geçirmegi  başardy.  Şeýle  netijelere  ýetmekde  ýurduň 

çäginde  öň  ýardam  we  ösüş  ugrundaky  tagallalary  bilen 

tanalýan  Efiopiýanyň  raýat  jemgyýeti  guramalary  goldaw 

berdiler.  Oppozision  partiýalar  ýurduň  jemi  547  orunlyk 

kanun çykaryjy edarasynda öň öz paýyna düşen orunlaryň 

sanyny 9-dan 173-e çenli artdyryp, ençeme ýylyň dowamy-

nda  agalyk  edip  gelýän  “Efiopiýanyň  Halk  Rewolýusion 

2008-nji ýyldaky ýerli we parlament saýlawlarynda, efiýopiýalylar 

saýlaw prosesi amala aşyrmak boýunça okuw geçýärler.

© 

AP



 suratlary / 

Anita Powell




Yüklə 1,35 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   6   7   8   9   10   11   12   13   ...   18




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©genderi.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

    Ana səhifə