Njy ýylda geçirilen prezident saýlawy abş-nyň taryhynda iň çekeleşikli geçen saýlawlaryň biri boldy



Yüklə 1,35 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə7/18
tarix28.06.2018
ölçüsü1,35 Mb.
#52106
1   2   3   4   5   6   7   8   9   10   ...   18

eJ

ournal

 uSa  

12

eJ



ournal

 uSa  

13

•  Içerki  meseleler  babatynda,  hatda  döwlet  çökgünlik 



bilen ýüzbe-ýüz bolan hem bolsa, “online” ulgamynda 

raýat jemgyýetiniň oýunçylary gülläp ösdüler;

•  Zenanlar  bolsa  internet  giňişliginden  peýdalanyp, 

“hakyky” giňişlikde mümkin bolmaýan söhbetdeşlik-

lerine gümra bolýarlar.

Hut  şunuň  ýaly  syýasatdan  “öýjükli”  usulda  peýdala-

nylýar, hususan-da, tilsimatlardan başy çykýan şäherli ýaşlar 

toparlarynyň arasynda. Palestinalylardan greklere çenli, erme-

nilerden beýlekilere çenli internetden peýdalanýan ýaşlar öz 

diasporasynyň  medeniýetleri  we  syýasatlary  dogrusynda 

köp  zat  öwrenýärler.  Syýasy  aragatnaşygyň  şular  ýaly  täze 

görnüşleri  syýasy  kampaniýalaryň  aglaba  köpüsiniň  oňyn 

geçmegine  täsirini  ýetirdi.  Hatda  berk  ynançly  yslamçy 

partiýalar  hem  saýlawçylary  gyzyklandyrmak  we  höwes-

lendirmek  üçin  öz  garaýyşlaryny  gowşatmaly  boldular  we 

maglumat tilsimatlarynyň täze görnüşlerinden peýdalanmaly 

boldular.

Internetiň “Twitter”, “blog” ýa-da “You Tube” ýaly gu- 

rallary jemgyýetçilik bidüzgünçiligine alyp barmaýar. Emma 

şu günki günde, hatda, Eýran we Müsür ýaly ýurtlarda, şular 

ýaly gurallardan peýdalanman, bir üstünlikli jemgyýetçilik 

hereketi tarapyndan raýat birleşiginiň ýa ýygnagynyň gur-

nalmagyny  göz  öňüne  getirmek-de  kyndyr.  Bu  ýurtlaryň 

ilatynyň köpüsi üçin internet ýa-da öýjükli telefon elýeterli 

däl. Emma bulardan peýdalanýan ilat gatlagy, ýagny şäher 

ýaşaýjylary, ylymly-bilimli ýokary synp wekilleri we ýaşlar 

hut režimi üýtgedip biljek ýa-da saýlawlaryň netijesini gör-

netin goldap çykyş etjek adamlardyr. Hut şu adamlar awto-

ritar režimi goldajak ýa-da ondan daşlaşjak adamlardyr we 

hut şu adamlar täze aragatnaşyk tilsimatlary köpeleli bäri, 

öz  maşgalalaryna  we  dost-ýarlaryna  bolan  gatnaşyklaryny 

düýpli özgerden adamlar bolup durýar.

Saýlawlar  tamamlansa-da,  täze  metbugat  endikle-

ri  galýar.  Saýlawlar  talyplaryň  ýolbaşçylary,  žurnalistler 

we  raýat  jemgyýeti  toparlary  üçin  öýjükli  tilsimatlardan 

peýdalanmagyň  tolgundyryjy  pursatlaryna  öwrüldi.  Hatda 

olaryň  saýlanmagyny  islän  dalaşgärleri  ýeňmese-de,  şeýle 

tejribäniň  özi  uly  ähmiýete  eýedir,  çünki  öýjükli  metbugat 

serişdelerinden  peýdalanyp,  raýatlar,  köplenç,  döwletden 

garaşsyz bolan bir maglumat infrastrukturasyny döredýärler. 

Öýjükli  metbugat  raýat  jemgyýetinde  uzak  dowam  etjek, 

ýagny  saýlawlar  tamamlansa-da,  ýatdan  çykmajak  bir  täsir 

galdyrýar.  Mysal  üçin,  internet  ýaşlara  jemgyýetinde  ada-

latlylyk  bilen  azatlygyň  eriş-argaç  geçýän  ýurtlaryň  dur-

muşyny öwrenmäge mümkinçilik döredýär. Wagtyň geçmegi 

bilen barha köp adam internetden peýdalanmagy öwrenýär. 

Internetiň  “online”  ulgamynda  gözlemek  ukyplaryny 

kämilleşdirýär we maglumaty tapyp almak, oňa baha bermek 

we peýdalanmak boýunça has başarnykly bolýar. 

R

AÝAT

 

jEMGYÝETINI

 

puGTALANDYRMAK

Bilermenleriň:  “Internetden  terrorçylyk  ulgamlaryny 

goldamakda  hem  peýdalanýarlar”  diýip  bellemegi  dog-

rudyr. Olaryň belläp geçmegine görä, ýolbaşçy wezipedäki 

adamlaryň käbiri metbugat serişdeleriniň täze görnüşlerini 

barlaglara sezewar edip, jemgyýetçilik gözegçiliginiň berk 

serişdelerini döretmegi maksat edinýärler. Emma kä halat-

larda “e-jihad”, ýagny “internetde mukaddes uruş”, “online 

terrorçylyk”,  “cyber  war”,  ýagny  “internet  giňişligindäki 

uruş” we “digital fatwas”, ýagny “öýjükli fetwalar” atlary 

bilen  tanalýan  gürrüň  dogrusynda  has  köpräk  aýtmak 

bolýar.  “Wagtyň  geçmegi  bilen  raýat  jemgyýetini  pugta-

landyrmakda jemgyýetçilik metbugat serişdeleriniň wezipe-

si syýasy medeniýete iň uzak möhletleýin täsirini ýetirmek 

bolar” diýlen pikir bar. 

Saýlawlar ýa-da syýasy ýa harby çökgünlik ýaly syýasy 

nukdaý nazardan tolgundyryjy pursatlarda öýjükli telefonlar 

we internet ýaly gurallar syýasy aragatnaşygy üç ýol bilen 

artdyrýar:

•  Birinjiden,  çökgünlik  döwründe  tilsimatlardan 

peýdalanýanlar  özara  ynamyň  we  aragatnaşygyň 

adaty bolşundan has ýokary derejesini beýan edýärler. 

Olar  alan  suratlaryny  paýlaşmaga  bir-birlerine  maş-

galasy  we  dost-ýarlary  bilen  gatnaşykda  bolmaga, 

habarlaşyp  durmaga  kömek  bermäge,  şeýle  hem 

wakanyň daşynda bolup, gyzyklanma bildirýän adam-

lara dessine maglumat bermäge taýýardyr.

•  Ikinjiden,  raýat  jemgyýetiniň  toparlary  köplenç 

bir-birleriniň  öýjükli  kampaniýa  strategiýalarynyň 

nusgasyna  eýerýärler.  Munuň  sebäbi  demokra-

tik  aktiwistleriň  bir  ýurtdan  başga  ýurda  syýahat 

edip,  ýerli  toparlara  saýlawlar  döwründe  kömek 

berýändigindedir.  Ýöne  saýlawlar  hem  toparlar 

üçin  oý-pikirleri  jemgyýete  ýetirmekde  biri-biriniň 

strategiýalaryny öwrenmek nukdaý nazaryndan müm-

kinçilik döredýär.

•  Uçünjiden, saýlawlar dürli-dürli jemgyýetçilik mese-

leleri,  şol  sanda  täze  aragatnaşyk  tilsimatlarynyň 

tutýan  orny  barasyndaky  meseläni  ara  alyp  mas-

lahatlaşmaga  mümkinçilik  bolup  hyzmat  edýär. 

Tilsimatlaryň  ülňüleri  barasyndaky  soraglar,  ýagny 

jemgyýete  degişlilikde  berilmeli  mümkinçilikler, 

hökümet  tarapyndan  girizilýän  senzura,  şeýle  hem 

öýjükli maglumatyň elýeterliligi  barasyndaky sorag-

lar söhbetdeşligiň üns merkezine öwrülýär. Jemgyýet 

öz  ýanyndan  syýasy  dalaşgärlerden  tilsimatlardan 

peýdalanyşyny  kämilleşdirmek  boýunça  we  tilsi-

mat  serişdeleri  bolanlaryň  we  bolmadyklaryň  arasy-

ndaky  öýjükli  tapawudy  aradan  aýyrmak  boýunça 

meýilnamalaryny düşündirmeklerini talap edip biler.

Ýaňy-ýakynda  Malaýziýanyň  häkimiýetiniň  kanun 

çykaryjy pudagyndaky saýlawlara degişlilikde geçirilen sta-

tistik beýan ediji internet žurnalyndan peýdalanan aýgytly 

dalaşgärleriň  ondan  peýdalanmadyk,  öňki  wezipesine 

täzeden  saýlanmak  maksady  bilen  gatnaşan  dalaşgärlere 

garanda  has  öňe  gidendiklerini  we  olaryň  üstün  çykmak 

ähtimallygynyň  has  ýokary  bolandygyny  görkezýär.  Şu 

günki  günde  öýjükli  kampaniýanyň  strategiýasyndan 

peýdalanmaýan  syýasy  dalaşgäre  “döwrebap”  bolup 

görünäýmek aňsat däldir.

Maglumat  infrastrukturasy  bir  syýasatdyr.  Ýurtlaryň 

köpüsinde  bu  usul,  öňki  adaty  syýasy  medeniýet  bilen 

deňeşdirlende, has hem wekilçiliklidir. Netijede, täze tilsi-

matlara esaslanýan syýasat ilatyň ýokary gatlagy tarapyn-

dan  dolandyrylýan  öňki  işleri  demokratiýalaşdyrýar.  Her 

gezek,  haçan-da  raýat  öz  öýjükli  telefonynyň  kömegi 

bilen  adam  hukuklarynyň  ýoýulýan  ýagdaýyny  resmi-

leşdirende  ýa  döwlet  tarapyndan  döwlet  serişdeleriniň 

nämelere  sarp  edilişini  görkezýän  elektron  görnüşli  jed-

welini  beýleki  pikirdeşleri  bilen  paýlaşanda,  ýa-da  resmi 

parahorlyga degişli maglumaty toplamagy başaranda, onuň 

demokratiýa goşant etdigidir. Öýjükli metbugatyň iň uzak 

möhletleýin ýetirjek täsiri hem onuň raýatlary syýasy maz-

munly  maglumatdan  peýdalanmaga  hem  ony  döretmäge 

uýgunlaşdyrýandygydyr. 

n

Şu makalada beýan edilen pikirler hökmany suratda Amerikanyň 



Birleşen Ştatlarynyň hökümetiniň garaýyşlaryny ýa-da alyp 

barýan syýasatlaryny beýan etmeýär.


Yüklə 1,35 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   2   3   4   5   6   7   8   9   10   ...   18




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©genderi.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

    Ana səhifə