eJ
ournal
uSa
30
eJ
ournal
uSa
31
Donald A. riçi, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň senatynyň
taryhçysy we birnäçe kitabyň, şol sanda 2007-nji ýylda çapdan
çykan “FDr
1
: “1932-nji ýylyň “täze ugur” kampaniýasy”
we 2005-nji ýylda çapdan çykan “waşingtondan habar berip:
waşington žurnalistler korpusynyň taryhy” atly kitaplaryň
awtory.
Häkimiýetiň respublikan Gerbert Huwerden demokrat
Franklin D. ruzwelte ýurtda uly ykdysady we syýasy çök-
günlik agalyk süren mahalynda geçendigine garamazdan,
ol asudalykly amala aşyryldy we şol döwürde alnan sapak-
lar Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda häkimiýetiň bir elden
başga ele geçişiniň şondan soňkularyna täsirini ýetirdi.
U
ly çökgünligiň demokratiýanyň başyna getiren uly
we hemme taraplaýyn synagy ýaly synagy salan
hadysadyr wakalaryň sany az-azdyr. Demokratik
ýurtlaryň käbirleri bular ýaly kynçylyga döz gelmegi başar-
mady. Germaniýada, mysal üçin, halanmadyk Waýmar
respublikasy faşist zuluma boýun boldy. Şondan iki aý
geçip-geçmänkä, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda prezi-
dentlik wezipesi Gerbert Huwerden Franklin D. Ruzwelte
geçdi. Amerikanyň taryhynda prezident häkimiýetiniň bir
elden başga ele beýle aýylganç geçişi hiç bir şertlerde bolan
däldir. Şular ýaly tejribäni başyndan geçiren amerikan
demokratiýasy has hem pugtalandy.
2003
-nji ýylyň awgust aýy: Peruwyň
Hakykat we Ylalaşyk komissiýasynyň
prezident Alehandro Toleda hasabatyny
tabşyryp duran pursaty. Bu komissiýa
“Ýalkymly ýol” (Shining Path) we “Tu-
pak Amary” rewolýusion hereketleriň
gozgalaňçy toparlaryny we Peruwyň
harbylaryny adamlaryň zulumlykly öl-
dürilmegi, ýok edilmegi we beýleki
adam hukuklarynyň ýoýulmagy üçin
jogapkärçilige çekmek maksady bilen
raýat jemgyýetiniň ýolbaşçylaryny, aka-
demikleri, žurnalistleri we beýlekileri je-
bisleşdirdi.
© AP suratlary / Martin Mejia, File
2009
-njy ýylda Ganada geçirilen mejlis we prezidentlik saýlawlary netijesinde häkimiýetiň bir elden
başga ele asudalykly geçişi amala aşyryldy. Beýik Britaniýadan garaşsyzlygyny alanyndan soň, tä 1996-
njy ýylda geçirilen saýlawlara çenli, Gananyň syýasatynda birnäçe gezek hökümet agdarylyşygy we galp-
laşdyrylan saýlawlar bolup geçdi. Şondan bäri wagtal-wagtal bidüzgünçilikler we saýlawyň geçirilişinde
käbir näsazlyklar bolaýmasa, umuman, saýlawlar azat we adalatly geçdi. Ganada raýat hukuklarynyň
esasylaryna, şol sanda söz azatlygyna, dini ynançlara, ýygnaklara we beýleki azatlyklara sarpa goýulýar.
Bir suratşynas
tarapyndan Gananyň iň
soňky prezidentleriniň
3-üsiniň şekillendirilişi
(çepden saga) häzirki
prezident Jon Atta Millz,
Jerri Rollingz (1993-
2001) we Jon Kýufur
(2001-2009).
© Kwaku Sakyi-Addo/Reuters/Corbis
Häkimiýetiň Gerbert Huwerden
Franklin D. Ruzwelte geçişi: geçişiň
çökgünlik wagtynda amala aşyrylyşy
Donald Riçi
1933-nji ýylyň mart aýynyň 4-i: Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň prezidenti Gerbert Huwer bilen prezidentlik
wezipesine täze saýlanan Ruzweltiň Ak Tamyň öňünde salamlaşyp duran pursaty. Iki aý şondan öň konsti-
tusiýa girizilen düzediş esasynda prezidentlige kabul edişlik dabarasy ýanwar aýynyň 20-sine geçirilipdi.
© AP
suratlary
1
Franklin Delano Ruzwelt – terjimeçiniň belligi.
eJ
ournal
uSa
32
eJ
ournal
uSa
33
1929-njy ýylda fond biržasy batandan soň, Uly çök-
günlige duçar bolan Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň
ykdysadyýeti 1932-nji ýyldaky prezident saýlawynyň
kampaniýasy geçip duran mahalynda we onuň yzysüre has
beter ýagdaýa düşdi. Şol saýlawlardan soň gelen gyşyň
dowamynda müňlerçe bank batdy, kärhanalar ýapyldy
we ýurduň işçi güýjüniň dörtden bir bölegi işsiz galdy.
Saýlawçylar öz ykballarynyň şeýle keç bolmagynda prezi-
dent Huweri günäkärläp, onuň garşydaşyndan haraý göz-
lediler. Konstitusiýa heniz doly girizilmedik düzediş soň
möhlet iki esse azaldylýan hem bolsa, şol wagt güýçde
bolan ulgama laýyklykda täze prezidentiň kanun esasynda
wezipä geçmegi üçin dört aý garaşmaly boldy.
Uzaga çeken garaşmaly wagtyň içinde prezident Huwer
alada döredýän ykdysady ýagdaýlary ara alyp maslahatlaş-
mak maksady bilen özünden soň prezidentlik wezipesini
eýelejek adamy Ak Tama çagyrýar. Ruzwelt çakylygy kabul
edip, özüniň prezidentlik wezipesine dabaraly kabul ediş-
ligine çenli Huwer bilen üç gezek duşuşýar. Ýöne dörän
ykdysady çökgünlik barasynda bu iki adamyň pikiri düýpli
tapawutlanýardy. Çökgünlige jogap hökmünde Huwer döre-
dijilikli programmalaryň birnäçesine hemaýatçy bolup çykyş
etdi, emma işsizlere gönüden-göni hökümet tarapyndan
ýardam bermeklige gezek gelende, ol çürt-kesik garşy boldy.
FDR Amerikan halky üçin “Täze ugur”, ýagny tejribe usuly-
nda çemeleşmeden peýdalanyp, ykdysady çökgünlik mese-
lesine çözgüt tapjakdygyna we has howpsuz jemgyýet döret-
jekdigine söz berdi. Huwer saýlawçylara kampaniýanyň iki
adamyň arasynda däl-de, eýsem häkimiýetiň iki pelsepesiniň
arasynda bolandygyny nygtap aýtdy we “Ruzweltiň hökümet
kararlaryna ynanmagy durmuşda özgerişlere alyp barmaz”
diýip duýduryş etdi.
Bu ikisi duşuşan mahalynda, Huwer Ruzweltiň ünsü-
ni işini tabşyryp barýan administrasiýasynyň ykdysady
syýasatyna gönükdirmekçi boldy. Eýsem-de bolsa, Ruzwelt
hut şu syýasata garşy çykmak bilen ýap-ýaňyja saýlawda ýeňiş
gazanypdy. Ruzwelt özüniň aýry-aýry syýasatlar boýunça
ylalaşyga gelmek üçin däl-de, eýsem öwrenmäge gelendigini
düşündirdi. Elbetde, entek resmi taýdan wezipä geçmezden
öň, hökümetiň adyndan jogap bermäge ygtyýarlylygynyň
ýetmeýändigini ol bilýärdi. Banklaryň synmak ýagdaýy has
hem beterleşip barşyna, bu iki adam Huweriň wezipesiniň iň
soňky gününde ýene-de duşuşdy. Şonda Ruzwelt Huweriň
ABŞ-nyň ähli banklaryny ýapmak barasynda bilelikdäki jar-
nama gol çekmek babatynda eden teklibini inkär etdi. Huwer
şol jarnamany öz adyndan hem çykaryp bilerdi, emma syýasy
nukdaý nazardan ýeňlişe sezewar bolandygy we şahsy taýdan
meşhur bolmandygy sebäpli, ol beýle etmedi. FDR ertesi gün
prezident bolýança garaşanyny gowy gördi. Ruzwelt üçin
Huweriň bilelikde hereket etmäge ony yrmakçy bolşy täze
administrasiýanyň işini neneňsi üýtgeşik alyp barmakçydygyny
görkezmekde bir şowsuzlyga eltmegi mümkindi.
Emma şol bir wagtyň özünde Ruzwelt täze administrasiýa
üçin adatdan daşary ýagdaýlara degişlilikde banklar boýunça
kanunyň taslamasyny ýazmak maksady bilen işde gal-
magy barasynda Huweriň Gazna bölüminiň ýokary derejeli
işgärleriniň haýyşyny kabul etdi. Şol meýilnama laýyklykda
Ruzwelt bank kanikullaryny yglan etdi, banklaryň ählisini
ýapdy we soňra olaryň hasaplary hökümet tarapyndan berk
barlanylyp, tölemäge ukyplydyklaryna göz ýetirilenden soň,
olar täzeden açyldy. Huweriň ýaýdanjaňlyk etmegi onuň
wezipesini eýelejek adama edil prezidentlik wezipesine
başlamagynyň öňüsyrasy uly ýeňiş getirdi. Ruzweltiň “Täze
ugur” meýilnamasynyň tarapdarlary bank kanikullaryny
çökgünligiň bir aýgytly öwrüliş nokady diýip hasaplady-
lar. Banklaryň gowy ýagdaýda täzeden açylmagy bolsa
jemgyýetiň olara bolan ynamynyň artmagyna goşant boldy.
Huwer bilen Ruzweltiň arasyndaky geçiş asudaly bolsa-
da gaty bir netijeli bolmady. Bilermenler muny bularyň iki-
sinden hem gördüler: çünki Huwer Ruzweltden etmelisinden
has köp etmegini haýyş etdi; Ruzwelt bolsa hyzmatdaşlyga
gaty bir ymtylmady. Şu tejribeden alnan sapaklar nähili-de
bolsa, soňky prezidentleriň hemmesiniň, şol sanda 2009-
njy ýylda Jorj W. Buş bilen Barak Obamanyň arasyndaky
geçişine-de täsirini ýetirdi. Wezipesini tabşyrýan prezident-
ler indi elinde baryny edip, tekliplerini berip, häkimiýetiň
öz ornuna gelýän adama geçmegine ýardam berýärler we
olaryň geljekde etmeli işlerine oňaýsyz täsirini ýetirmejek
bolup jan edýärler.
n
Şu makalada beýan edilen pikirler hökmany suratda Amerikanyň
Birleşen Ştatlarynyň hökümetiniň garaýyşlaryny ýa-da alyp
barýan syýasatlaryny beýan etmeýär.
Size mälimdimi?
“Orkut” jemgyýetçilik aragatnaşyk ulgamyndan peýdalanýanlaryň sany: 100000000-dan geçýär.
“Orkutyň” ulag hereketiniň aglabasyna jogap berýän döwletler: (1) Braziliýa; (2) Hindistan.
Nelson Mandela azatlykdan mahrum edilende – 44, tussaglykdan boşadylanda – 71, Günorta Afrikanyň
prezidentligine dalaşgär bolan wagtynda bolsa – 75 ýaşyndady.
ABŞ-nyň prezidentlik wezipesiniň ikinji möhletine saýlanmak üçin dalaşgär bolup, ýeňlişe sezewar bolan ilkinji
prezidenti Jon Ädämzdir (1800).
Ädämziň tarapdarlarynyň onuň garşydaşy Tomas Jeffersony meňzeden zalym Rim imperatorlary şulardyr: Tiberus,
Nero, Kaligula.
ABŞ-nyň prezidentiniň işgär bilen üpjün etmeli iş ýerleriniň sany: takmynan 7000.
Winston Çerçilliň saýlawda ýeňlen güni bilen onuň premýer-ministriň rezidensiýasyny boşadan gününiň arasyndaky
günleriň sany: 1.
ABŞ-nyň prezidenti Gerbert Huweriň saýlawda ýeňlen güni bilen Fränklin D. Ruzweltiň resmi kasam edip,
prezidentlik wezipesine geçeninden soň, Ak Tamy boşadan gününiň arasyndaky günleriň sany: 116.