Njy ýylda geçirilen prezident saýlawy abş-nyň taryhynda iň çekeleşikli geçen saýlawlaryň biri boldy



Yüklə 1,35 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə17/18
tarix28.06.2018
ölçüsü1,35 Mb.
#52106
1   ...   10   11   12   13   14   15   16   17   18

eJ

ournal

 uSa  

36

eJ



ournal

 uSa  

37

prinston uniwersitetiniň syýasat, jemgyýetçilik we halkara 



meseleler bölüminiň dosenti Grigore pop-elehes Gündogar 

ýewropada  we  latyn  Amerikasynda  ykdysady  we  syýasy 

özgerişlikleriň  döwletiň  çäginde,  şeýle  hem  halkara  dere-

jede  ösüşini  öwrendi  we  gözleg  işlerini  amala  aşyrdy. 

Hut  şu  meseleler  onuň  “ykdysady  krizisden  özgerişlige: 

HpG-nyň  latyn  Amerikasynda  we  Gündogar  ýewropada 

amala  aşyrýan  maksatnamasy”  (prinston  uniwersitetiniň 

neşirýaty, 2009-njy ýyl.) kitabynyň üns merkezinde goýuldy.

Kommunistik  birligiň  öňki  iki  döwleti  demokratiýa 

tarap dürli ýollary saýlap aldy. Demokratik ýoldan üstün-

likli gitmegi başaran rumyniýa häzir ýewropa Bileleşiginiň 

agzasy bolup durýar. moldowada demokratik hereketler has 

kyn geçdi. Bu iki döwletde bolup geçen wakalaryň derňewi 

täze  saýlanylan  häkimiýet  baştutanlarynyň  wezipelerine 

asudalykda  geçmegine  raýat  jemgyýetiniň  we  demokratik 

edaralaryň goşan goşandyny mese-mälim edýär.

S

owet  Soýuzynda  we  onuň  Günorta  Ýewropadaky 



hemra  döwletlerinde  kommunizmiň  synmagy  bilen 

täze  dörän  garaşsyz  döwletlerde  demokratiýa  dürli 

tizlikde ýetildi we üstünligiň dürli-dürli derejeleri gazanyl-

dy. Beýle tapawudyň sebäplerini we demokratiýanyň döre-



Awtoritar režimler – Rumyniýa  

we Moldowa – Ýewropa Bileleşigine  

agza bolmaklyga dalaşgär

Grigore Pop-Elehes

2006-njy ýylyň dekabr aýynda Rumyniýanyň Buharest şäherinde ýerleşýän baýdak fabriginde bir zenanyň 

Rumyniýanyň 2007-nji ýylyň ýanwar aýynda Ýewropa Bileleşigine goşulmak üçin görýän taýýarlygynyň çäginde 

Ýewropa Bileleşiginiň we Rumyniýanyň baýdaklaryny tikip oturan pursaty.

© AP


 suratlary

megine oňaýly täsir edýän şertleri öwrenmegiň gurallarynyň 

biri-de  hakyky  demokratiýanyň  esasy  synaglarynyň  biri 

hökmünde garşydaş syýasy partiýalaryň we ýolbaşçylaryň 

arasynda häkimiýetiň asuda geçişine degişlilikde şol ýurt-

lary nä derejede deňeşdirip bolýandygyny anyklamak bolup 

durýar.  Iki  öňki  kommunist  döwleti  deňeşdirmek  beýle-

ki  demokratik  döwletler  bilen  has  ysnyşykly  gatnaşykda 

bolmagy  maksat  edinmek  esasynda  amala  aşyrylýan  we 

işjeň raýat jemgyýeti tarapyndan gözegçilikde saklanylýan 

demokratik reformalaryň ýurduň häkimiýeti bir elden başga 

ele asudalykly geçiş mümkinçiligini we demokratik usulda 

dolandyrylyşyny pugtalandyrýar.

S

AÝLAwLARY

 

HEREKETE

 

GETIRÝÄN

 

GÜÝÇLER

Ähmiýetli  deňeşdirmeleriň  biri  Moldowanyň  we 

Rumyniýanyň  1989-njy  ýyldan  başlap,  tä  soňky  saýlaw-

larynyň  aglabasyna  esaslanyp,  saýlawlaryň  herekete  get-

iriji güýçlerini deňeşdirip görmek bolup durýar. Deňeşdirme 

olaryň umumy medeniýeti we taryhy, şeýle hem bu ýurtlaryň 

kommunistik  düzgünden  soňky  geçişiň  öňüsyrasynda 

deňeşdirip  bolýan  durmuş-ykdysady  ösüş  derejesi  bilen 

delillendirilýär.  Onuň  üstesine-de  öten  asyryň  90-njy 

ýyllarynyň başlarynda daş keşbini üýtgeden öňki kommu-

nistler tarapyndan agalyk edilen, soňra-da ilki Rumyniýada 

(1996-njy ýyl), onuň yzy bilen bolsa Moldowada (1998-nji 

ýyl) giň gerime eýe bolan sagçy koalisiýadan ýeňlen bu iki 

ýurduň  (iň  bolmanda,  ýüzleý)  deňeşdirer  ýaly  geçen  ýol-

lary  bardy.  Döwletleriň  hersiniň  demokratik  ösüşinde  şu 

ýeňlişler uly ähmiýetli waka bolsa-da, munuň bilen bagly 

heşelle uzaga çekmedi, çünki agyr ykdysady çökgünlik we 

syýasy  nukdaý  nazaryndan  häli-şindi  ýüz  berýän  syýasy 

dawa-jenjeller sagçy koalisiýany haldan düşürýärdi. 2000-

2001-nji ýyllar aralygynda bularyň ikisi-de aýgytly ýeňlişe 

sezewar boldy.

Şeýle-de bolsa, hut şu ýerde meňzeşlikler tamamlanýar. 

Rumyniýada daş keşbini üýtgeden öňki kommunistik par-

tiýa  ykdysady  we  syýasy  özgerişliklerini  dowam  etdirdi, 

Ýewropa  bilen  birleşmek  ugrunda  köp  öňe  gidişlikler 

gazandy  we  Ýewropa  Bileleşiginiň  agzalygyna  mynasyp 

boldy. Daş keşbini-de üýtgetmedik kommunistleri demokra-

tik  saýlawlar  arkaly  häkimiýet  başyna  dolap  getirme-

kde  Moldowa  ilkinji  ýewropa  döwleti  boldy.  Moldowaly 

kommunistleriň bazara, imperialistlere garşy göreş nukdaý 

nazaryndan başda tutanýerli bolandygyna garamazdan, sekiz 

ýylyň dowamynda häkimiýet başynda bolmagy demokratik 

azatlyklara  zyýan  ýetirmän  durmady.  Mundan  tapawutly-

lykda, halkara derejede edilen umytdyr tamalar we ýurduň 

içindäki raýat jemgyýeti toparlary tarapyndan beýan edilýän 

talaplar  Rumyniýanyň  saýlawlardan  soň  gowy  häkimiýet 

dolandyrylyşyna  geçmegini  has  çaltlaşdyrmagyna  goşant 

goşdy.


H

ÄKIMIÝETIŇ

 

BIR

 

ELDEN

 

BAŞGA

 

ELE

 

GEÇMEGI

2009-njy ýylda şeýle tapawudyň netijesi döwletleriň her 

birisiniň aşa gyzgalaňly we sähelçe ses tapawudy bilen örän 

bäsleşikli geçýän saýlawlara neneňsi garaýandygynda mese-

mälim  bolýar.  Ýagdaýlaryň  ikisinde-de  –  2009-njy  ýyyň 

aprel  aýynda  Moldowada  geçen  parlament  saýlawlarynda-

da,  2009-njy  ýylyň  noýabr-dekabr  aýlarynda  Rumyniýada 

geçirilen prezident saýlawlarynda-da ýeňlişe sezewar bolan 

tarap “galplaşdyrmalar boldy” diýip nygtady, ýöne netijeleri 

welin biri beýlekisinden örän tapawutlydy.

Moldowada hem “galplaşdyrmalar boldy” diýlen gürrüň 

peýda boldy we bu fakt daşary ýurtly gözegçiler tarapyndan, 

dolulygyna  bolmasa-d,  delillendirildi.  Munuň  netijesinde 

köpler  syýasy  nägilelik  bildirdi,  bu  bolsa,  öz  gezeginde 

paýtagt şäher Çizinauda bidüzgünçiliklere sebäp boldy, ahyr 

netijesinde bolsa parlament binasyna we prezident köşgüne 

zeper  ýetirilmegine  alyp  bardy.  Moldowanyň  esasy  syýasy 

partiýalarynyň  we  köpçülikleýin  habar  beriş  serişdeleriniň 

muňa  bildiren  jogap  hereketi  Moldowanyň  syýasaty  bilen 

jemgyýetiň arasyndaky uly bölünişigi şekillendirýär. Prezident 

Wladimir Woronin we döwlet tarapyndan maliýeleşdirilýän 

metbugat serişdeleriniň aglabasy oppozision partiýalary hem 

Rumyniýanyň hökümetini bidüzgünçilikleriň sebäpkäri bolan 

“jenaýatkär  toparlara”  goldaw  berendiklerinde  aýyplady. 

Moldowanyň  oppozisiýasy,  raýat  jemgyýetiniň  wekilleriniň 

aglaba  köpüsi  we  hususy  metbugatyň  aýry-aýry  bölümleri 

bilelikde  munuň  beýle  däldigini  nygtap,  şol  protestleriň 

antikommunistleriň,  Günbatara  tarap  ymtylýan  ýaşlaryň, 

hususan-da,  talyplaryň  gorkusynyň  tötänleýin  beýan  edilişi 

diýip  belledi.  Munuň  üstesine,  režimiň  tarapynda  duran 

meçew  berijileriň  protestleri  bikanun  etmek  maksady  bilen 

bidüzgünçilikleriň  başlanmagyny,  şeýdip  hem  täzeden 

dikeldilen  diktatorçylyga  ýol  açyp  bermegi  talap  etdiler. 

Munuň netijesinde peýda bolan eli gamçyly resmi repressiýa 

müňlerçe  adamy  tussag  astyna  aldy  we  polisiýa  zulumçy-

lygy  möwç  alyp  ýaýrady.  Şonda  häkimiýet  täze  saýlaw-

lary  geçirmäge  razy  bolsa-da,  ol  sähelçe  ses  tapawut  bilen 

oppozisiýanyň ýeňmegine alyp bardy. Kommunistik partiýa 

gerek goldawyny tapyp, entek hem geljekde häkimiýetiň bir 

elden başga ele asudalykly geçişini üpjün edip biljek ykdy-

sady we syýasy azatlyga päsgel bermegi başarýardy. 

Mundan tapawutlylykda Rumyniýada boş býulletenler 

täzeden  hasaplanandan  soň,  saýlawlara  degişli  mesele-

ler asudalykly çözüldi. Ýeňlen Mirsea Jeoana ýeňlendigini 

boýun  aldy  hem  prezidentlik  saýlawynyň  adalatly  geçen-

digine  şübhe  bildirse-de,  parlament  derejesinde  barlag 

geçirjek diýip wada berendigine garamazdan, öz bäsdeşini 

ýeňiş  bilen  gutlady.  Rumyniýanyň  syýasy  elitasynyň  öz 

bähbitlerini  hut  demokratik  (elbetde,  kämillik  derejesine 

ýetmedik)  edaralaryň  çäginde  goramaga  isleg  bildirmegi 

bolsa  saýlawlardan  soň  nägilelikleriň  az  beýan  edilip, 



Yüklə 1,35 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   10   11   12   13   14   15   16   17   18




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©genderi.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

    Ana səhifə