Njy ýylda geçirilen prezident saýlawy abş-nyň taryhynda iň çekeleşikli geçen saýlawlaryň biri boldy



Yüklə 1,35 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə16/18
tarix28.06.2018
ölçüsü1,35 Mb.
#52106
1   ...   10   11   12   13   14   15   16   17   18

eJ

ournal

 uSa  

34

eJ



ournal

 uSa  

35

Anna Husarska käri boýunça terjimeçi, žurnalist we ynsan-



perwerlik meseleler boýunça işgär. Ol “nýu ýork” žurnalynyň 

resmi işgäridi we dünýäniň esasy gapma-garşylykly, dawaly 

böleklerinden öňde baryjy gazetlere hem syýasy žurnallara, 

şol sanda “waşington post”, “nýuswiik”, “intenäşnl Herald 

tribýun”,  “wol  striit  jönl”,  “Gardian”  (U.K.)  we  “sleýt” 

ýaly gazetdir žurnallara reportažlaryny iberýärdi.

polşada 1989-njy ýylda geçirilen saýlawlaryň neneňsi 

edip ugruny demokratik häkimiýete tarap öwrendigi dog-

rusynda  ilkinji  çeşmeden  alnan  şu  maglumat  saýlawlaryň 

diňe  bölekleýin  azat  we  adalatly  boljakdygy  barasynda 

ylalaşylan  hem  bolsa,  tutanýerli  we  gujur-gaýratly  raýat 

jemgyýetiniň ýetiren aýgytly täsiri dogrusynda söz açýar. 

G

olliwudyň meşhurlyk gazanan artisti Gäri Kuperiň 



1952-nji  ýylda  çykan  “High  Noon”  (Süýr  günor-

tan) atly western filmindäki şekili 1989-njy ýylda 

Polşada geçirilen saýlawlarda giňden ulanyldy. Bu şekilde 

Kuperiň  penjeginiň  ýakasynda  “Raýdaşlyk”  diýen  ýazgy 

bardy.  Emma  şol  saýlawlarda  hakyky  gahryman  bolup 

hyzmat eden adam erbet adamlary öldürýän bir şäher şerifi 

bolman,  eýsem  ençeme  ýyllaryň  dowamynda  sabyrlylyk 

bilen  işini  amala  aşyryp,  onuň  netijesine  garaşýan  raýat 

jemgyýeti  guramalarydy.  Olaryň  işi  1975-nji  ýylda 

jemgyýetiň aňly-düşünjeli adamlary iş taşlaýyş geçirendigi 

sebäpli, türmelere dykylan işgärleriň goragyny üpjün etmek 

maksady  bilen  Işgärler  goragy  komitetini  (IGK)  döreden 

mahalynda başlandy.

IGK  polşaly  işgärler  üçin  ýörite  okuw  geçirip,  olary 

öz hak-hukuklary bilen tanyşdyrdy; 1980-nji ýylda Gdansk 

gämi  gurluşyk  zawodynda  iş  taşlaýyşlar  başlananda,  olar 

“Raýdaşlygyň”  üstünlikli  döredilmegine  goşantlaryny 

etdiler.  Öňki  sowet  birliginiň  çäginde  bu  ilkinji  kemala 

gelen  azat  kärdeşler  arkalaşygy  boldy.  Polşanyň  jemgyýet 

raýatynyň  beýleki  bölekleriniň  aglabasynyň  kommunis-

tik  režim  tarapyndan  elmydama  susty  basylyp  gelendi-

gi  sebäpli,  “Raýdaşlyk”  dörände,  bularyň  hemmesiniň 

howandary hökmünde bir ählumumy gurama bolup döredi. 

Režim öz ýanyndan “Raýdaşlygy” tegelek stoluň başyndaky 

söhbetdeşlige  çagyrmagyň  zerurdygyna  düşündi.  Şonda 

Bölekleýin azat geçen saýlawlar

Polşany nähili üýtgetdi?

Anna Husarska

Kommunistik Polşanyň ilkinji bölekleýin azat saýlawlarynda 

saýlawçylaryň “Raýdaşlygy” goldamaga höweslendiriji ündew-

surat (plakat). Onda Golliwudyň 1959-njy ýyldaky “Süýr günortan” 

atly filmiň baş gahrymany Gäri Kuperiň suraty şekillendirilen. 

Polýak dilindäki ýazgynyň “Süýr günortan: 1989-njy ýylyň iýun 

aýynyň 4-i” diýen manysy bar.

Merilend uniwersitetiniň rugsady bilen ulanyldy

bölekleýin  azat  saýlawlary  geçirmek  barasynda  ylalaşy-

ga  gelinse-de,  režimiň  özüne  parlamentiň  aşaky  öýünde 

orunlaryň 65 göterimini aýyrmak şerti goýuldy.

Megerem, hereketleriň adam başyna düşmegi boýunça 

“Raýdaşlyk” dünýä taryhynda iň meşhur hereketleriň biri-

ne  öwrülendir,  çünki  onuň  agzalygynda  10  million  adam 

bardy,  ýagny  Polşanyň  ilatynyň  üçden  bir  bölegi  çemesi 

bu  hereketiň  agzasydy.  Ýöne  şeýle-de  bolsa,  saýlawlaryň 

netijeleriniň nähili boljakdygy barasynda çürt-kesik aýtmak 

kyndy,  sebäbi  köpçüligiň  pikirini  bilmek  maksady  bilen 

geçirilýän ygtybarly sorag-jogap işleri ýola goýulmandy. 

Men şol wagtlar oppozisiýanyň, ýagny “Raýdaşlygyň” 

“Gazeta Wyborcza”, ýagny “Saýlaw gazeti” diýlip ýerlikli 

atlandyrylan gündelik gazetinde işleýärdim. 1989-njy ýylyň 

iýun aýynyň 4-i güni, ýagny saýlawlar gününde “Raýdaşlyk” 

ýeňşe mynasyp bolaryn diýip pikir hem etmeýärdi. Ýöne biz 

býulleten  oklanylýan  gutularyň  ýanynda  berk  gözegçiligi 

amala aşyrdyk.

Kommunistler  ençeme  onýyllyklaryň  dowamynda  öz 

halkyna  beren  wadalaryny  berjaý  etmän  geldiler,  hut  şu 

sebäpden hem şu gezekki saýlawlarda hem hut şeýle bolar 

diýlip  garaşylýardy.  Ençeme  onýyllyklaryň  dowamynda 

raýat jemgyýetiniň “Ganatly uniwersitet”, gizlin neşirýatlar, 

buthanalarda  çykyş  eden  teatr  ansambllary  ýaly  resmi  däl 

toparlary,  şeýle  hem  sosiologlaryň  we  ykdysadyýetçileriň 

tötänleýin döredilen toparlary agalyk edýän režime garşylyk 

bildirip  geldiler.  Şular  ýaly  toparlar  gizlin  tälim  bermek, 

neşir etmek we medeni çäreleri we durmuş taýdan gözlegleri 

amala aşyrmak arkaly we ykdysadyýeti dikeltmek barasyn-

da  eden  tekliplerininiň  kömegi  bilen  tutuş  bir  ugurdaş 

jemgyýeti taýýarlap ýetişdirmäge ýardam berdiler. Netijede, 

raýat jemgyýeti geçirilýän şol bölekleýin azat saýlawlaryň 

çäginde  peýda  boljak  kynçylyklara  taýýardy.  Sözüň  doly 

manysynda,  hökümete  dahyly  bolmadyk  guramalaryň 

ýoklugyna  garamazdan,  “Polşanyň  çäginde  hereket  edýän 

ýeke-täk  hökümete  dahyly  bolmadyk  gurama  kommunist 

ýolbaşçylardyr” diýen degişme şonda giňden ýaýrapdy.

Saýlaw  şygarlarynyň  ählisi  oňyn  manylydy,  çünki 

raýat  jemgyýeti  bir  tarapdan,  özüniň  edermendigini  subut 

etmeli  bolan  bolsa,  beýleki  tarapdan,  kommunistleriň 

ýigrenç oduny ölçermejek bolmalydy. Şol wagt topar-topar 

adamlaryň  gatnaşmagynda  geçirilen  ýörüşe  baýdakly  gat-

naşanlar  üçin  “Goý,  Polşa  Polşa  bolsun!”  (ýagny  sowet 

giňişligindäki döwletiň tersine) sözleri bolan aýdym hem-de 

ýatdan çykmajak “Raýdaşlyk” sözi bolan şekillerdir şygar-

lar uly meşhurlyk gazandy.

Raýat  jemgyýetiniň  döwlet  telewideniýesine 

elýeterliligi  çäklendirildi  we  režim  öz  dalaşgärine  däl-de, 

eýsem başga bir dalaşgäre ses bermäge ugrukdyryjy ýa-da 

düşünmezlik döredip biljek düşnüksiz bir alamatlary bolan 

“Raýdaşlygyň”  käbir  reklamalarynyň  daşyndan  aýrylman 

gözegçilik  edýärdi.  Biz  hut  şeýle  boljakdygyny  öňünden 

bildik,  şu  jähetden  hem  biz:  “Eger  siz  “Raýdaşlygyň” 

tarapynda bolsaňyz, şulardan başgalarynyň (şu ýerde bolsa 

biziň  öz  dalaşgärlerimiziň  atlary  gelýärdi)  üstüni  çyzyň” 

diýen  mazmunly  kiçeňräk  duýduryşlar  ýaýratdyk.  Režim 

biziň kandidatlarymyzyň şol bir familiýaly adamlardygyny 

anyklap,  olary  şol  bir  ýerlere  dalaş  edýän  kommunist 

dalaşgärleri edip bellände, biz gaty bir geň hem galmadyk. 

Biz kommunistler galplaşdyrma bilen meşgul bolarlar 

öýtdük  we  “Raýdaşlyk”  tarapyndan  gözegçi  hökmünde 

gatnaşanlara  ýanlary  bilen  elçyra  almaklaryny  maslahat 

berdik,  çünki  “kommunistler  çyralary  öçürmekden  hem 

gaýtmazlar”  diýip  pikir  etdik  hem-de  olaryň  ätiýaçdan  

artykmaç  ruçka  hem  alanlaryny  isledik,  sebäbi  resmi 

adamlaryň özlerinde ýok diýip, saýlawlara gatnaşyjylara ses 

bermäge mümkinçilik bermezlikleri gaty ähtimaldy.

Meniň  ähmiýetim  o  diýen  bir  uly  bolmasa-da,  netije 

berdi:  men  “gözegçiler  hajathana  gitmeli  bolanda,  olaryň 

ýerine durmalylaryň” hataryndadym. “Biz bir etrabyň saýlaw 

bölümçeleriniň hemmesine-de bardyk. Baran mahalymyzda 

biz  “Raýdaşlyk”  toparynyň  gözegçisine  hajathana  gidip 

gelmäge  mümkinçilik  döretdik.  Şeýle  etmek  bilen  biz 

gözegçiniň  gysga  wagtlyk  saýlaw  bölümçesiniň  çäginden 

daşlaşan  mahalynda,  häkimiýet  wekilleriniň  býulletenleri 

gutulara  desseläp  atmagynyň  öňüni  almagy  başardyk.  Bu 

bolsa,  elbetde,  kommunistleriň  bizi  ýene-de  bir  gezek 

aldamagynyň  öňüni  almakda  biz  tarapdan  edilen  uly  bol-

madyk goşant boldy. Men muňa örän buýsanýaryn.” 

“Raýdaşlyk”  ýeňiş  gazanandan  soň,  kommunistik 

partiýa  dargamak  bilen  boldy  we  demokratik  reforma-

lar  ýuwaş-ýuwaşdan  başlandy.  Içeri  işler  ministrliginiň 

çägindäki göreş bölümleri, ýagny: “ylymly-bilimli adamlara 

garşy  göreş”,  “buthana  garşy  göreş”,  “kärdeşler  arkalaşy-

klaryna garşy göreş”, “diýeniňi etmeýän daýhanlara garşy 

göreş”  adyny  göterýän  bölümleriň  hemmesi  ýatyryldy  we 

1990-njy  ýylyň  bahar  paslynda  geçirilen  ýerli  saýlawlar 

azat hem adalatly geçdi. Şol ýylyň aýagynda “Raýdaşlyk” 

guramasynyň  ýolbaşçysy,  ylymly-bilimli  adamlar  bilen 

hyzmatdaşlykda  bolan,  buthana  tarapyndan  goldanylan, 

kärdeşler  birleşiginiň  birine  ýolbaşçy  bolan  Leh  Walesa 

Polşanyň ilaty tarapyndan prezident saýlanyldy. 

Meniň  üçin  bolsa  1989-njy  ýylda  geçirilen  saýlawlar 

bir  öwrülişik  pursaty  bolmaklygyna  galdy.  Haçan-da 

“Raýdaşlyk” dalaş etmäge rugsat edilen orunlarynyň birin-

den başga ählisine eýe boldy” diýlip yglan edilende, men 

munuň  näme  sebäpdendigine  düşündim:  seredip  otursak, 

jemgyýet tutuşlygyna raýat jemgyýetine öwrülipdir. 

n

Şu makalada beýan edilen pikirler hökmany suratda Amerikanyň 



Birleşen Ştatlarynyň hökümetiniň garaýyşlaryny ýa-da alyp 

barýan syýasatlaryny beýan etmeýär.


Yüklə 1,35 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   10   11   12   13   14   15   16   17   18




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©genderi.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

    Ana səhifə