Njy ýylda geçirilen prezident saýlawy abş-nyň taryhynda iň çekeleşikli geçen saýlawlaryň biri boldy



Yüklə 1,35 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə9/18
tarix28.06.2018
ölçüsü1,35 Mb.
#52106
1   ...   5   6   7   8   9   10   11   12   ...   18

eJ

ournal

 uSa  

16

eJ



ournal

 uSa  

17

Bu ýagdaý ähli zat gül ýaly gidende döreýär. 



Razylaşyk  çykyşynyň  dabaraly  wezipesi-de  çekeleşikli 

bäsleşigiň iki tarapynyň hem salan ýaradyr şikeslerini bejer-

mek  we  galdyran  yzlaryny  aradan  aýyrmak  bolup  durýar. 

Diňe ýeňlen dalaşgär şowsuzlyga duçar bolandygyny boýun 

alyp, ýeňen dalaşgäriň üstün çykandygyny jar edip we ilaty 

jebisleşmäge hem-de aýlarça saýlaw kampaniýasyny öz garşy-

syna  gönükdiren  bäsdeşini  watansöýüjilik  nukdaý  nazaryn- 

dan  goldamaga  çagyryp  bilýär.  Şahsy  umytdyr-tamanyň 

şeýle pida edilmegi milletiň jebisleşmegine, partiýanyň kada-

düzgüne eýermegine çagyrmak we geljekde ýeňşe mynasyp 

bolmaklyga uly mümkinçiligiň barlygy bilen delillendirilýär. 

2004-nji  ýylda  ýeňlişe  sezewar  bolan  Jon  Kerri  özüni  gol-

dap, çykyş eden saýlawçylaryna şeýle diýdi: ”Ýurdumyzda 

dagynyklygyň  salyp  biljek  howpunyň  öňüni  almaklyga  we 

jebislige, şeýle hem umumy ylalaşyga zerurlyga – uly zerurly- 

ga bolan talaby biz diňe bilelikde kanagatlandyryp bileris.

Şu günki gün bolsa biz bejergiden başlap bileris diýip 

umyt edýärin.

... Bizden häzir talap edilýän zat ýurdumyzyň 

abadançylygy  üçin  bilelikde  işlemekdir. 

Öňümizdäki ýyllarda biz bir umumy maksada 

eýermelidiris.  Biz  ökünmezden,  hiç  bir  öýke-

kine  etmezden,  gahar-gazaba  münmezden 

tagallalarymyzy  birleşdirmelidiris.  Amerika 

birleşige  gaty  mätäç  we  has  köp  rehim-şepa-

gata ymtylýar.”

Şondan  dört  ýyl  geçenden  soň,  MkKeýn  hut  şu  mow-

zuga  täzeden  dolanyp  geldi:  “Senator  Obama  bilen  men 

dürli garaýyşlaryň tarapdary bolandygymyz üçin çekeleşdik, 

netijede ol üstün çykdy... Men ähli amerikalylary özüm bilen 

birlikde diňe ony ýeňşi bilen gutlamaga däl-de, eýsem biziň 

indiki prezidentimizi öz gowy niýetimizi beýan etmegiň we 

jebisleşmegiň ýollaryny tapmak, zerur bolan ylalaşyga gel-

mek, şeýle hem aramyzdaky tapawutlary aýyrmak we aba-

danlygymyzy dikeltmek, howply dünýäde howpsuzlygymyzy 

goramak  we  çagalarymyza  hem  agtyklarymyza  özümize 

miras düşen ýurtdan has pugta we gowy ýurdy goýup gitmek 

ugrundaky işlerimize ak ýürekden çykýan tagallalaryny goş-

maga çagyrýaryn.” 

H

ÄKIMIÝETIŇ

 

ELDEN

 

ELE

 

ASYDALYKLY

 

GEÇIŞI

:  

HALKARA

 

DEREjESINDÄKI

 

MESELE

Ýeňlendigiňi ak ýürekden boýun almak bilen bir wagtda 

ilaty  jebislige  we  hyzmatdaşlyga  çagyrmaklyk Amerikanyň 

Birleşen  Ştatlarynda  ýörgünli  däp  bolmak  bilen  uzak 

ýyllardan  bäri  çekeleşikli  saýlawlara  mynasyp  aýratynlyk 

bolmagyny-da  dowam  etdirdýär.  Şeýle-de  bolsa,  hut  şuňa 

meňzeş  däp  demokratik  ýurtlaryň  beýlekilerinde  hem 

azda-kände  kemala  gelipdir.  Onuň  käbir  aýratynlyklary 

2005-nji  ýylda  Britan  Parlamentiniň  saýlawlarynda  hem 

mälim  bolupdy.  BBC  korporasiýasynyň  habar  bermegine 

görä,  ýurduň  Konserwatiw  partiýasynyň  ýolbaşçysy  Maýkl 

Howard  saýlawlaryň  ilkinji  geçen  tapgyrynda  ýeňlendigini 

boýun almak bilen şeýle diýdi: 

“Görnüşinden  jenap  Bleýer  işçi  (labour) 

partiýasy  üçin  üçünji  möhlete-de  saýlanyljak 

ýaly, men hem ony şol ýeňiş bilen gutlaýaryn. 

Meniň  pikirimçe,  bu  gezek  oňa  ýurduň  ilaty 

üçin  hakykatdan  hem  wajyp  meseleleri  üns 

merkezinde jemlemäge wagt ýetip geldi...

Ol hut şeýle etmegi başaranda, men hem ony 

goldaryn.”

2007-nji  ýylda  Fransiýanyň  prezident  saýlawlarynda 

Segolene  Roýalyň  razylyk  beýanatynda  hem  demokratik 

mowzuklar mese-mälim boldy: 

“Dostlar,  watandaşlar!  ...  Ählumumy  saýlaw 

hukugy  öz  işini  berjaý  etdi,  respublikanyň 

täze  prezidenti  öz  tabşyrygyny  berjaý  etmäge 

ukyply bolar diýen tamam bar we men 17 milli-

on ilata tüýs ýürekden “sag bolsun” aýdýaryn... 

Men elimde baryny etdim we şeýle-de dowam 

etdirerin...  Men  şu  göreşe  gatnaşan  hemme 

adamlara  minnetdarlygymy  bildiresim  gelýär 

we, geliň, şu hyjuwymyza we şatlygymyza gara 

getirmän saklalyň!... Saýlawlar demokratiýany 

täzeledi...  Bile  başlan  işimizi  bilelikde-de 

dowam ederis.”

Saýlawlardan soň edilýän razylaşma çykyşlary Günorta 

Afrikada, Aziýada, Ýewropada we Awstraliýada hem bolup 

geçýär, emma olaryň amerikan prezident saýlawlaryna mah-

sus  etiketine  uýmagyna  örän  seýrek  duş  gelinýär.  Beýle 

ýagdaý, hususan-da, birnäçe dürli-dürli partiýalary we agalyk 

edýän  köpçüligi  döredýän  partiýalar  koalisiýasy  bar  bolan 

parlamentar  gurluşly  ýurtlarda  ýüze  çykýar.  Häkimiýetiň 

we ygtyýaryň bir syýasy partiýadan başga birine tertip-düz-

günlikde geçmegini öz-özünden bolýan zat diýip düşünmeli 

däldir. Çünki ol hukuk binýadynyň we saýlawlaryň adalatly 

geçýändigi  barasynda  iş  ýüzündäki  tejribä  esaslanan  giň 

ýaýran ynamyň bolmagyny talap edýär. Täze dörän ýa-da indi 

bir kemala gelip barýan demokratik ýurtlarda, hususan-da uly 

medeni  bölünişigi  başyndan  geçirýän  demokratik  ýurtlarda 

tejribe  ýetmezçiligi  ýa-da  saýlawlaryň  geçirilişine  ýeterlik 

ynamyň  bolmazlygy  hökmany  suratda  kynçylyk  döredýär. 

Asudalykly  ýa-da  özge  ýollar  bilen  amala  aşyrylan  hökü-

met  agdarylyşygy  netijesinde  dörän  režimler  saýlawlarda 

ýeňlendigine  diňe  güýç  we  zorluk  bilen  garşylyk  bildir-

mek  üçin,  saýlawlaryň  demokratik  kada-düzgünlere  laýyk 

bolmagy  ugrunda  tagalla  edip  bilerler.  Beýle  ýagdaýlarda 

partiýa  ýolbaşçylary  ýeňlendiklerini  boýun  alman,  eýsem 

ses berişlikde galplaşdyrmalaryň, senzuranyň we zulumlykly 

gorkuzmalaryň bolmagyna nägileliklerini bildirip, netijeleriň 

ýatyrylmagyny  talap  edýärler.  Olaryň,  hatda,  öz  tarapdar-

laryny  garşylyk  görkezmäge,  göreşe  we  ölüme  itermegi-

de  mümkindir.  Demokratik  institutlary  kemala  getirip, 

olaryň  tagallalaryny  birleşdirmegi  maksat  edinýän  döwlet 

üçin  bäsleşýän  dalaşgärleriň  öňünde  durýan  kynçylyk  – 

ýeňlendigiňi  boýun  almak  bilen,  ony  öz  şahsy  şöhratpa-

razlygyndan  we  partiýanyň  bähbidinden  ýokarda  duran  bir 

köpri hasaplamakdyr.

Razylyk  sözleriniň  aýdylýan  we  ýeňşiň  beýan  edilýän 

resmi dabarasynyň şypa bermekden hem has ulurak ähmiýeti 

bardyr. Biri-biriniň hatyrasyny tutmak maksady bilen resmi 

taýdan  gezekli-gezegine  söz  sözlemeleri  dogduk  mekany 

ýatlap,  gaýgylanma  iterýär,  emma  gatnaşyjylar  klassyk 

syýasy dramaturgiýany täzeden janlandyrýar. Aşa çekeleşikli 

geçen bäsleşikden soň edilýän çykyşlar “demokratiýa here-

ketde” we “halkyň sesi” ýaly örän abstrakt düşünjeleriň adaty 

ýaňlanyşy  bolup  durýar.  Gujur-gaýratly  dalaşgärler  raýat 

edarasy hökmünde dikeldilýärler we gymmatlyklara hem aşa 

geçýän bäsleşige gezek gelende täzeden öz beren wadalaryny 

berjaý etmeklige girişýärler.

Ummasyz  uly  täsiri  bolan  köpçülikleýin  habar  beriş 

serişdeleriniň  giňden  gatnaşmagynda  ýeňlişiň  boýun  alnyp, 

ýeňşiň  bolsa  yglan  edilýän  bu  dabara  saýlawlaryň  netijesi-

ne  iň  soňky  nokady  goýmagyň  çäresine  öwrülýär.  Sesleriň 

resmi jogapkär adamlar tarapyndan sanalyp duran mahalyn-

da,  žurnalistler  öz  kompýuterlerinde  peýda  bolýan  sanlary 

berk  seljermelere  sezewar  edýärler  we  sabyrsyzlyk  bilen 

şeýle  pikirlerini  orta  atýarlar:  “Şowsuzlyga  duçar  boljak 

haçan  hakykatyň  hut  şeýledigini  boýun  alarka?  Aslynda, 

ol  saýlawlara  bagyşlanyp  geçiriljek  dabara  ýeňşe  mynasyp 

bolan  dalaşgär  tarapyndan  çagyrylanda,  ony  ret  edermikä? 

Ýeňlen  dalaşgär  ýitginiň  awusyny  we  göwnüçökgünligini 

bildirermikä  ýa-da  lapykeçligiň  we  umytsyzlygyň  ýetjek 

derejesine  baran  pursatynda  özüni  “sypaýy”  alyp  bararmy-

ka?” 

Ýeňlendigiňi boýun alyp, netijeler bilen ylalaşmak daba-



rasy  häkimiýetiň  bir  elden  başga  ele  simwolik  geçmegi-

dir.  Wagtyň  geçmegi  bilen  hem-de  aşa  güýçli  we  täsirli 

köpçülikleýin  habar  beriş  serişdeleriniň  many-mazmuny 

nukdaý  nazaryndan  seredilende,  şeýle  çykyşlar  milli 

özboluşlylygyň hukuk taýdan berkarar bolýandygy, simwolik 

nukdaý  nazardan  bolsa  pugtalanýandygy  dogrusynda  biziň 

düşünjämizi barha artdyrýan ýörgünli demokratik tejribedir. 

 n

Şu makalada beýan edilen pikirler hökmany suratda Birleşen 



Ştatlaryň hökümetiniň garaýyşlaryny ýa-da alyp barýan 

syýasatlaryny beýan etmeýär.


Yüklə 1,35 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   5   6   7   8   9   10   11   12   ...   18




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©genderi.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

    Ana səhifə