Njy ýylda geçirilen prezident saýlawy abş-nyň taryhynda iň çekeleşikli geçen saýlawlaryň biri boldy



Yüklə 1,35 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə4/18
tarix28.06.2018
ölçüsü1,35 Mb.
#52106
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   18

eJ

ournal

 uSa  

6

eJ



ournal

 uSa  

7

aşyrmaga ýol açýar, şeýdip hem olar hökümetiň has aç-açan 



we jogäpkärçilikli bolmagyny gazanýarlar. Elektron žurnallar, 

tekst  görnüşli  maglumatlar,  göni  elýeterliligi  üpjün  edýän 

awtomatik režimli aragatnaşyk ulgamy we internet sahypasy-

na  esaslanan  şular  ýaly  serişdeler  raýatlyk  jemgyýetlerine 

auditoriýasyny  barha  ulaltmaga,  agzalarynyň  sanyny  barha 

köpeltmäge, şeýle hem ýurt we halkara derejesinde alyp barýan 

işleriniň  dünýä  ýurtlary  tarapyndan  goldanylmagyna  müm-

kinçilik berýär. Mysal üçin, Eýranda geçirilen saýlawlardan 

soň  nägilelikler  peýda  bolanda,  awtomatik  režimli  ara-

gatnaşyk  ulgamyň  (online)  “Twitter” 

mikroblogging  guralynyň  kömegi  bilen 

eýranlylara  saýlaw  netijeleriniň  şübhe-

lidigi  barada  we  ýurduň  içinde  barha 

mese-mälim bolup barýan syýasy waka-

lar  dogrusyndaky  maglumaty  bütin 

dünýa ýaýratmak mümkin boldy.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary 

hanym Klinton bu guramalaryň we inter-

net ulgamlaryň hökümetiň jogapkärçilikli 

we  aç-açan  bolmagyna  ähmiýetli  täsir 

edýändigini belläp geçdi. Ol: “Raýatlyk 

jemgyýet syýasy edaralardan öz hyzmat 

edýän  halky  babatynda  çakgan  here-

ket  etmegi  we  olaryň  zerurlyklaryny 

haýal  etmezden  kanagatlandyrmagy 

talap  edýär”  diýip  belledi.  (Marokko, 

2009-njy ýylyň 3-nji noýabry). Raýatlyk 

jemgyýetçilik guramalary raýatlara hökü-

meti jogapkärçilikli we aç-açan bolmakl-

yga  çagyrmagyň,  hökümetleriň  demok-

ratik  kada-düzgünlere  we  ýörelgelere 

uýmagyny höweslendirmegiň täze usul-

laryny işläp düzmäge kömek edýärler.

S

AÝLAwA

 

SARpA

 

GoÝMAK

 

wE

 

oNDAN

-

DA

 

ÖŇE

 

GITMEK

Demokratiýa  jemgyýetde  belli-belli  tamalary,  düşün-

jeleri  döredýär,  şol  sanda  kanunyň  hemme  zatdan  öňde 

durjakdygyna  we  geçirilen  saýlawlaryň  netijelerine  sarpa 

goýuljakdygyna degişlilikde umyt döredýär. Ol saýlawlardan 

hem  başga  onuň  çäklerinden  daşdaky  gymmatlyklara  hem 

sarpa  goýulmagyny  talap  edýär.  Kairde  söz  sözlände,  pre-

zident  Obama  şu  fundamental  hakykatlary  üns  merkezinde 

goýdy:

“Niredeligine  garamazdan  halk  tarapyndan 



dolandyrylýan  halk  häkimýeti  ,  onuň  başyna 

geljek  hemmeler  üçin  ýeke-täk  bir  standarty 

goýýar: häkimiýeti güýçdür zorlugyň üsti bilen 

däl-de,  eýsem  razylygyň  üsti  bilen  dolandy-

rmaly;  millet  azlyklaryň  hak-hukuklaryny 

goramaly we çydamlylyk hem ylalaşyk ruhun-

da  hereket  etmeli;  halkyňyzyň  bähbitlerini 

we  syýasy  prosesiň  kanuny  bolmagyny  öz 

partiýaňyzyň  bähbidinden  ýokarda  tutmaly. 

Şular bolmazdan saýlawlaryň diňe özi hakyky 

demokratiýany  döredip  bilmez.”  (Kair  uni-

wersiteti,  Kair,  Müsür,  2009-njy  ýylyň  iýun 

aýynyň 4-i).

Kanunyň hemme zatdan öňde bolmagyna sarpa goýmak 

kämil syýasy edaralar bilen berk aýak üstünde durýan raýat 

jemgyýeti bilen bilelikde syýasy taýdan häkimiýetiň bir elden 

başga bir ele geçmeginiň asuda bolmak ähtimallygyna degişli 

tamalary  barha  artdyrýar.  Dürli-dürli  bähbitleriň  tarapdary 

bolup çykyş edýän edaralary bar bolan, jemgyýetiň isleglerini 

beýan  edýän,  syýasy  söhbetdeşligiň  geçirilmegine  ýardam 

edýän, şeýle hem kanunlary netijeli we adalatly berjaý edýän 

döwletler,  megerem,  hormat-sarpa  mynasyp  döwletlerdir. 

Şular ýaly döwletlerde özgerişleriň asuda ýollar bilen amala 

aşyrylmagyna bolan mümkinçilik geçirilen saýlawlaryň neti-

jelerine  degişlilikde  konstitusiýa  laýyk  gelmeýän  hereket-

lere ýol bermeýär we, umuman, saýlawlaryň has giňişleýin 

demokratik  dolandyryşa  ýetmegiň  ilkinji  basgançagy  bolup 

hyzmat etjekdigine kepil geçýär. 

 n

Şu makalada beýan edilen pikirler Birleşen Ştatlaryň hökümetiniň 

garaýyşlaryny ýa-da syýasatyny hökmany suratda beýan etmeýär. 

bilen  üpjün  edýärler.  Ýeňlen  dalaşgärler  ýa-da  garşydaş 

toparlar  nägileliklerini  we  saýlawlaryň  netijesiniň  ýa-da 

umuman  saýlawlaryň  barşynyň  adalatlylygyna  degişli  şüb-

helerini köçelere çykyp ýaýratman, eýsem saýlaw toparynyň 

şikaýat  komissiýalary  ýa-da  kazyýet  ýaly  kanuny  edaralar 

arkaly ýetirip bilerler. Bu guramalaryň ýüze çykan çekeleşik-

leri  adyl  çözjekdigine  bolan  ynam  saýlawlaryň  netijelerine 

nägilelik bildirmegiň giň meýdany hökmünde parahatçylykly 

we  demokratik  geçiş  ähtimalyny  artdyrýar  we  saýlawlaryň 

netijelerine  nägilelik  bildirmegiň  giň  meýdany  hökmünde 

dawanyň ýüze çykmak mümkinçiligini azaldýar.

Kämil we netijeli işleýän saýlaw edaralary saýlawlaryň 

adalatly  geçişine  bolan  ynamy  artdyrmak  bilen  bir  hatarda 

jemgyýetiň olaryň netijesine hormat goýulmagy babatyndaky 

tamasyny-da  pugtalandyrýarlar.  Bu  guramalar  şowsuzlyga 

uçran  dalaşgärlerde  ýeňiş  gazananlaryň  wezipede  bolmaly 

möhletiniň çäklidigine we olaryň saýlawlara täzeden gatnaş-

maga mümkünçiliginiň boljakdygyna ynam döredýärler. 

Hökümetiň häkimiýetini çäklendirýän ýa barlaýan syýasy 

edaralar-da durnuklylyga goşant goşýarlar. Bu täze we ösüp 

barýan demokratik ýurtlarda aýratyn ähmiýete eýedir, çünki 

bu  ýurtlarda  saýlawlaryň  netijesi  näbelli  syýasy  gurşawy 

ýa  krizis  pursatlaryny  döredip  biler.  Syýasy  ýolbaşçynyň 

saýlawyň  netijesi  bilen  ylalaşmakdan  ýüz  öwren  halatynda 

şeýle  kesirlige  garşy  durmagy  başarjak  güýçli,  garaşsyz 

kazyýetiň  tutjak  orny  wajypdyr.  Öňki  wezipesinde  gal-

mak  maksady  bilen  dalaşgärleriň  hataryna  goşulan  şahsyň 

saýlawda ýeňlen mahalynda hökümet býurokratiýasy syýasy 

ýolbaşçylaryň hossarlygyna ýa onuň agzalarynyň gazanjyna 

bil baglamasa, şonça-da peýdaly bolýar. Şeýlelikde, döwlet 

işgäriniň  demokratik  usulda  geçen  saýlawlaryň  netijelerini 

ýoga çykarmak ugrunda tagalla edýän ýeňlen dalaşgäri gol-

damak höwesi ýatýar. Abraýly syýasy eda-

ralar  gapma-garşylykly  garaýyşlar  bilen 

iş salyşýarlar we döwlet ýolbaşçylarynda, 

kanun  çykaryjylarda,  şonuň  ýaly-

da  býurokratlarda  demokratik  usulda 

dolandyrmagy  saýlap  almaklyga  höwes 

döredýärler.

Hökümeti  netijeli  dolandyrmak,  şol 

sanda  jemgyýetiň  jogapkärçilikli,  aç-açan 

we  netijeli  bolmagy  demokratiýanyň 

syýasy  kanunylygyny  döretmäge  ýardam 

berýär.  Prezident  Barak  Obamanyň  Gana 

mejlisine nygtap aýdyşy ýaly: “XXI asyrda 

ukyply, ynama mynasyp we aç-açan edara-

lar – kuwwatly mejlisler, dogruçyl polisiýa 

güýçleri, garaşsyz kazylar, žurnalistler, aýak 

üstünde  berk  durmagy  başarýan  hususy 

pudak hem raýat jemgyýetçiligi üstünligiň 

açary  bolup  durýandyr.”  (Akkra,  Gana, 

2009-njy ýylyň iýul aýynyň 11-i)

R

AÝAT

 

jEMGYÝETI

Edil  syýasy  edaralardyr  institutlar  we  kanunçylyk 

ýaly,  azat  metbugat  tarapyndan  goldanylýan  güýçli  raýat 

jemgyýeti-de  iş  ýüzünde  demokratiýanyň  kanunylygyny 

berkidýär we geçirilen saýlawlaryň ýeňijileri hem ýeňlenleri 

tarapyndan  “oýnuň  kadasyna”  sarpa  goýuljakdygy  babaty-

ndaky tamalary has hem güýçlendirýärler. Raýatlyk jemgyýet 

guramalary hökümetiň häkimiýetden peýdalanyşyny barlap, 

şeýle  hem  demokratik  esasda  geçirilen  saýlawlaryň  netije-

sine  päsgel  berjek  bolýan  ýeňlen  dalaşgärlere  ýol  bermän 

biler.  Hakyky  garaşsyz  hem  köp  wekilçilikli  hökümete 

degişli  bolmadyk  guramalar  we  başga  raýatlyk  jemgyýet 

guramalary dalaşgärleriň we saýlanan şahslaryň saýlawlaryň 

netijesine hormat goýmagyna ýol açýarlar. Olar raýatlar bilen 

hökümet arasynda wajyp gepleşikleriň amala aşyrylmagyna, 

şeýle  hem  wekilçilikli,  demokratik  hökümetiň  gerek  bolan 

maglumat  bilen  üpjün  edilmegine  ýardam  berýärler.  Raýat 

hukuklaryny goraýjy guramalar jemgyýetiň meselelerini we 

aladalaryny üns merkezinde goýmak bilen aç-açançylyga we 

jogapkärçiliklige goşant edýärler. Şeýle hem olar hökümetiň 

saýlaw  kampaniýalary  döwründe  beren  wadalaryna  laýyk 

hereket etmegini talap edip, onuň has köp jogapkärçiligi öz 

boýnuna almagyna sebäp bolýarlar. Raýatlyk jemgyýet gura-

malary hökümetiň özüni alyp barşyna täsirini ýetirip bilýär 

we  onuň  neneňsi  işlejekdigi  barasynda  halkyň  tamasyny 

kesgitlemäge kömek edýär.

Häzirki  wagtda  internet  we  köpçülikleýin  habar  beriş 

tilsimatlary jemgyýetçilik guramalaryny täze mümkinçilikler 

bilen  üpjün  edýärler;  öz  gezeginde  şeýle  mümkinçilikler 

maglumaty toplap, seljerip, ygtybarly alyş-çalşygyny amala 

Ruandanyň Milli saýlaw komissiýasynyň agzasy 2003-nji ýylyň awgust aýynda Kigalidäki 

saýlaw bölümçesinde ertirki gün geçiriljek saýlawa taýýarlyk görlüp durlan pursatynda

2000-nji ýylyň oktýabr aýynyň 24-ünde Belgradda Serbiýanyň täze döredilen wagtlaýyn 

hökümetiniň ministrleri mejlisiň ýygnagynda kasam okap duran pursatynda. Täze 

saýlanan prezident Wojislaw Kostiniçanyň tarapdarlary şol ýylyň dekabr aýynda täze 

saýlawlar geçirilýänçä, häkimiýeti Slobodan Miloşewiçiň Sosialist partiýasy bilen bilelikde 

dolandyrmaga razy boldular.

© 

AP



 suratlary / Karel Prinsloo

© 

AP



 suratlary / Srdjan Ilic


Yüklə 1,35 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   18




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©genderi.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

    Ana səhifə