Dədə Qorqud ● 2014/I I 94
Goý, delfinler gürläp bilse, gürlesin/ Ýöne gürläp, dosta hile gurmasyn.
Jübiniň agramy manysyz bolsun/ Her kesyň päliniň wysaly gelsin/
Bagtyň paýlanşygy bolan wagtynda/ Artyk almaweri laýyk bagtyndan.
Öýüňizden myhman bary çykmasyn/ Gelinlerňiz gaşlaryny çytmasyn.
Azyrajyk bolsun çörek nobaty/ Köpüräjik bolsun kitap nobaty. Gözüňiz
jübt bolsun, ýüzüňiz ýeke/ Bize ýeke ýüzem ömürlik ýeter. Iň soňam
bähbide bolmanlar ýesir/ Penjire, gapysyz bir jaýa getir” (1, 63) (Dileg).
3. Hüwdüler (Laylalar):
“Eýýäm güneş batypdyr/ Aý-da agyl atypdyr. Garagolja Serdarym/
Süýji uka batypdyr. Günler aýlara bakar/ Aýlar ýyllara bakar. On sekizin
dolduryp/ Serdarym ata çykar. Jahyllygyň ýaşynda/ Yşk gaýnar döşünde/
Obamyzyň gyzlary/ Seni görer düýşünde. Ýaryň geler ýanyňa/ Eneň ge-
ler zaryňa. Sen maňa az bakarsyň/ Köp bakarsyň ýaryňa. Gyş ýaza sesin
goşar/ Bahar kösük ýetişer/ Gelin-gaýnyň käwagt/ Arasyna tow düşer.
Malyň göwni ýazlarda/ Lalyň göwni sözlerde. Meniň göwnüm sendedir/
Seniň göwnüň düzlerde. Jorama duşan ýerim/ Balam, seni öwerin: Gelniň
ýuwar köýnegňi/ Men dolagňy ýuwaryn. Daş oba düşse ýoluň/ Gyş bolsa
sagy-soluň/ Ilki eneň ýat eder. Onsoň ýatlar aýalyň. Miwe köp bolsa
eger/ Bag başyn aşak eger. Saňa zyňylan daşlar/ Eneň pahyra deger.
Epilýänçä bil, balam/ Bir dilegim, bil, balam/ Maňa köp zat gerek däl/
Köpüň ogly bol, balam. Kim serer kak-gurduny/ Kim söýer halk merdini/
Derdiňi men göterýän/ Sen göter il derdini. Aýdan akdyr ýüzleri/ Şirin-
şeker sözleri. Bu ukusyz gijäniň/ Ýellenipdyr gözleri. Bu dünýe ýogy-
barym/ Bar myradym, mydarym/ Kötel ýollaň külpetin/ Soň bilersiň,
Serdarym.” (1, 169) (Uzak Ýaýlada Enäniň Hüwdüsi).
4. Ýaňlytmaçlar (Yanıltmaclar):
“Birje çemçe sorja serçe çorbasy” (1, 99) (Çişlikçi).
5. Sanawaçlar (oyun yanıltmacları):
“Döwür geçdi «ös, saçym, ös saçlykdan»” (1, 239) (Ös saçym, ös/
Ösmeseň bes/ Atyma duşak/ Bilime guşak.), “«Ýedigenim ýedi ýyldyz.
/Ýedi göçer, ýedi gonar. / Bu asmanda näçe ýyldyz?/ Ony nädip sanap
bolar»” (4, 353) (Ýyldyz sanamaň) (Ýedigenim, ýedi ýyldyz/ Ýedi go-
nup, ýedi göçer/ Sanasaň sogaby bar.)
6. Matallar (Tapmacalar):
“Tylla ýalyn dor atyň, / Kümüş darak darady. / Eýerniň gaşy tylla, /
Eýesine ýarady. / Nal ýasady kümüşden, / Çüý ýasady gyzyldan/ Indi
Dədə Qorqud ● 2014/I I 95
görseň, dor aty/ Kem gaýdanok gözelden. / Mündi, dor aty mündi, / Eňdi
ak sähra bakan. / Aty çaman göründi, / On, sebäbi nämekän?/ Uzaklarda
bir ýerde/ Begendi muňa eşek. / Oň sebäbi nämekän?/ Kim bilmeşek?!/
Kim bilmeşek?!” (4, 304) (Kim bilmeşek )
“Kowaladym men güli, /Kowaladym gaty kän. / Aýdyň, aýdyň ol
güller/ Nädip uçup bilýärkän?!.” (3, 425) (Kebelek).
7. Ertekiler (Nağıllar):
Erteki We Hakykat (Nağıl və həqiqət)
Gyz diýenmiş: «Çyn bolsa seň söýýäniň, /Symrug getir - gözelligi
dünýäniň.»/ Ýigit gyzyn, buýrugyny bitiren, / Uzak ýurtdan symrug gu-
şun getiren. / Ýene biri gylyç dakyp biline, / Gidenmişin ajdarhanyň ili-
ne. / Kesip olaň kellesiniň baryny/ Tapanmyşyn anbar ysly bägüli. / Bä-
gül alyp ýar ýanyna gelenmiş, / Aýşy-aşret bilen meşgul bolanmyş. / Me-
nem öz ýarymy jandan söýýärin, / «Buýrsaň, symrug getireýin» diýýärin.
/ Seni söýýänligime düşünip aýan, / Ýaş başyňy iki ýana ýaýkaýaň. /
Saçymy sypaýaň. Ýylgyrýaň. Diýýäň:/«Ömür goýbermerin! Men seni
söýýän!»” (1, 211).
Bu nağılla yanaşı “Möjek We Towşan Hakynda Erteki (Qurd və
Dovşan nağılı)” (3, 441) adlı şeirdə bəhs etdiyi nağıl da vardır.
B) At
Türkmənlərin həyatında, bütün Türk xalqlarında olduğu kimi, atın
əhəmiyyətli bir yeri vardır. At, arvad, silah türkmənlərdə də igidin vaz
keçilməyən dəyərləridir. Bunu Əzizovun şeirlərində də oxumaq müm-
kündür.
Texnologiya qarşısında at müdafiə olunur
Seniň wasp etdigiň gözel bedewler/ Bu gün ýataklarda çekýärler
zary. / ...Oba hojalykda ähmiýeti ýok, / Nämemiş, garnynda ýokmuş
motory (1, 212) (Pikir Derýasynda Akyl Gämisi...).
…göni baksaň päk gözlere bakaňda, / demir gözleginden altyn
äkelseň, / ýow gününde bedew ata çykaňda, / diňe öňki hatarlarda
ýykylsaň (1, 1) (Poezıýa Dıýen Zat Nämekä?).
Qəhrəman, igid şəxsiyyətlər də atla ifadələndirilir; “atlı...”
Resul Gamzatowa, / Kaýsyn Kulyýewe, / Alym Kösekowa. / Agşa-
mara ýüzün tutup şemala, / Ýapynjasyn galgadyşyp üç atly, / Bir ýaýdan
goýberlen üç peýkam bolup, / Daga tarap atyldylar haýbatly. / Obalaryň,
mazarlaryň, ýaýlalaň/ Halyn sorap, aňry geçip barýarlar. / Ýok, üç atly
ýöne-möne baranok, / Olar ganat baglap uçup barýarlar. / Uzaklarda ger-
çeklerne guwanyp, / Ak telpegin bulaýardy Elbrus. / Olaň billerinde şa-
Dədə Qorqud ● 2014/I I 96
pak nuruna/ Hanjarlary nur goṣýardy - elhepus!/ Atalardan galan kesgir
hanjary/ Ýöne ýere göterenok gerçekler,-/ Ýamanlygy dogram-dogram
etjekler/ Ýagşylyga ýürekde ýer berjekler. / Ýanlarynda daglylaryň şera-
by, / Dodak bassaň damarda gan dyňzaýar. / Zemin sarsýar bedewleriň
gurbundan, / Atyň naly ýarym aýa meňzeýär. / Türkmeniň, atlaram şöh-
rata baýdyr, / Obalaram bardyr setirme setir, / Gylyjy diýjekmi! – Gynyn-
dan çykar, / Soň başyň ýaýka-da, sygyr-da otur. / Daglarmyzyň beýik-
ligne guwanýas, / Aglaýas gadymy mazarlarmyza. / Büzmeýin üzümniň
güýçli şerabyn/ Datsak, golaý gelmez azarlar bize. / Menem gylyjymy
dakyp bilime, / Atlanaryn ýollaň piri gyrata. / Soraryn perişde sypat goja-
dan:/ «Aýt, ýaşuly, ṣol üç atly nirede?»/ Salgy alyp üç atlynyň ugruny, /
Süpürip maňlaýdan syrygýan derim, / Obalaryň, dag-daṣlaryň, ýaýlalaň, /
Mazarlaň deňinden geçip giderin. / Rehimsiz hanjardan, gylyçdan ölen/
Men diýen gerçekleň namysyn-aryn/ Ruhuma siňdirip, bu ajap dünýäň/
Betlagamlaryndan alaryn aryn. / Bir gyzgyn sährada daljygyp atym, /
Ýanyn ýere berse, ýaş döküp gözden, / Ýeňim bilen gözýaşyny süpürip, /
Üç atly, delalat islärin sizden!/ «Ýigit, seň niýetiň oňat!» diýsinler, / Par-
hy ýok, üç atly, zaryndan zaryn, / Biziň kärimizde ýagşy niýetiň/ Ýarym
döwlet däldigine aglaryn. / Howlugýanmy? Gijä galýan?/ Bilemok, /
Jemlesem-de paýhas-aňymyň baryn, / Ýöne entek tabṣyrylan gyraty/ Siz
deý çapyp bilmeýänme aglaryn. / 1967 (Üç Atly) (1, 17).
Bu şeirlərdə atın nə dərəcədə həyatın içində olduğunu görmək
mümkündür:
Özümi gynadym/ Boldy bir çeni. / Äkit, eý, gyr atym, / Giň sähra
meni ( Sähram) (1, 254).
Bir zada düşünýän:/ şowhunly günler/ Al atymy çapyp ýören hala-
tym, / Öňümden çykana gül ýaşlygymy (Ýaşlyk) (1, 129).
Awara şemala meňzeş gyratyň, / Ýallaryn sypalap, sährama sürsem. /
Ýoklugymda boljak ähli hormatyň, / Dirilikde ýeke birini görsem (1, 199).
Şonda kyrk müň iner kerweni döräp, /Ileri tarapa öwürdi ýüzün. /
Kyrk müň gyr at uçgun kimin syçyrap, / Sarsdyrdy Turanyň al-elwan
düzün ( Magtymguly) (1, 205).
C) Çöl
Türkmənistanın böyük bir hissəsi çöldür. Bu tamamilə yararsız
qum demək də deyil. Özünəməxsus bitkiləri olan, taxıl, üzüm və pambı-
ğın da yetişdirildiyi bərəkətli bir sahədir. Bu çöl “Garagum-Qaraqum” ki-
mi tanınan səhradır. Beləliklə, səhra məfhumunu da ifadə edən çöl, digər
bir mənada quraqlıq ərazi, düzənlik, otlaq mənalarını da özündə ehtiva
edir.
Dostları ilə paylaş: |